Aşgabatda Halkara zähmet guramasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Türkmen mediasy pagtaçylar üçin ähli mümkinçiligiň döredilendigini tekrarlamagy gowy görýär.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa 20-nji fewralda Halkara zähmet guramasynyň (HZG) baş direktorynyň kömekçisi, sebit boýunça direktory Beata Andresiň ýolbaşçylygynda Aşgabada gelen wekiliýet bilen duşuşdy diýip, türkmen metbugaty habar berýär.

Habarda aýdylmagyna görä, “2023-nji ýyl üçin bilelikdäki çäreleriň Ýol kartasyna” laýyklykda, taraplar ozal geçirilen çäreleriň netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar, türkmen hökümeti bilen HZG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň şu ýyldaky esasy ugurlaryny, hyzmatdaşlygyň anyk ädimlerini kesgitlediler.

“...HZG-niň Sebitleýin direktory B.Andres türkmen tarapynyň Guramanyň çäklerinde öz üstüne alan borçnamalaryny hemmetaraplaýyn ýerine ýetirmäge ygrarlylygyny goldady” diýip, döwlet eýeçiligindäki metbugat hiç bir jikme-jikligi açmazdan ýazýar.

Türkmenistan halkara hukuk toparlary, ýerli hukuk goraýjylar tarapyndan mejbury zähmeti giňden ulanmakda, işleýän adamlaryň kanunda kepillendirilen zähmet hukuklarynyň berjaý edilmegine ýeterlik esewan etmezlikde tankyt edilýär.