Amyderýanyň ýakasyndaky sebitlerde suw akabalaryny çuňaldyş işlerine girişilýär

Gyş paslynda Amyderýanyň suwunyň çekilýän wagtynda, derýanyň türkmen kenaryndaky iri kanallarda çuňaldyş işleri alnyp barylýar. Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.

Şu günler Türkmenistanyň obasenagat toplumynda möwsümleýin oba hojalyk işleri, şol sanda ekerançylyk meýdanlaryny öňümizdäki ýylyň ekiş möwsümine taýýarlamak çäreleri dowam edýär. Ýurduň gündogar sebitlerinde Amyderýadan gözbaş alýan suw akabalaryny çuňaldyş we arassalaýyş işleri alnyp barylýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary Amyderýanyň ýakasynda ýerleşýän gündogar sebitlerde bäş sany iri suw akabasynyň baş sakasynyň petiklenilip, olaryň çuňaldylýandygyny habar berýärler.

Gazuw işlerine Lebap welaýatynyň suw hojalyk edaralarynyň tehnikalary çekilýär.

Geçen ýylyň degişli döwründe habarçylarymyz Amyderýadan gözbaş alýan suw akabalary gazylanda köne tehnikalardan, ekskawatorlardan peýdalanylýandygyny habar beripdiler. Ýöne bu ýyl suw akabalaryny, şol sanda Çärjew etrabyna barýan suw kanallary çuňaldylanda täze ekskawatorlardan peýdalanylýar.

Degişli maglumat Koştepa kanalynyň böwsülmegi netijesinde, suw köp ýeri basdy

“Lebap welaýatynyň suw hojalyk edaralary häzirki wagtda sebitdäki bäş iri kanalda çuňaldyş işlerini alyp barýar. Amyderýanyň sakasyndaky suw bentleri ýapylýar, soňra gazuw işlerine girişilýär. Bu ýyl, öňki ýyllar bilen deňeşdirilende, Çärjew etrabynyň ekerançylyk meýdanlaryna barýan suw akabalary gazylanda täze ekskawatorlardan peýdalanylýar” diýip, bir ýerli hünärmen Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy geçen ýyl gündogar sebitdäki suw kanallarynyň gazylmagynda bar bolan problemalar, köne tehnikalaryň ýol açýan oňaýsyzlyklary, hatda heläkçilik hadysalary barada habar berenden soňra, türkmen metbugatyna görä, şu ýylyň tomus aýlarynda Lebap welaýatynyň suw hojalyk edaralaryna 30-dan gowrak täze ekskawatorlar we gum itekleýji tehnikalar paýlanyp berildi.

Amyderýanyň ýakasynda ýerleşýän sebitleriň ýaşaýjylary gyş aýlarynda Amyderýanyň suwunyň çekilýändigini, şu günler derýanyň suwunyň derejesiniň gyş paslyna mahsus ýagdaýda bolandygyny aýdýarlar.

Türkmenistanda suw akabalaryny çuňaltmak we arassalamak işlerine güýz aýlarynyň ahyrky günlerinde, hasyl möwsüminiň tamamlanmagynyň yz ýany girişilýär. Ekiş möwsümine taýýarlyk işleri bahar paslyna çenli dowam edýär.

Soňky ýyllarda türkmen daýhanlary ýygy-ýygydan ekerançylyk suwlarynyň ýetmezçiligini başdan geçirdi. Üstesine, ýurduň suw serişdeleriniň 95 göterimden gowragyny üpjün edýän Amyderýanyň suwunyň soňky onýyllyklarda ep-esli çekilmegi ýurduň ekerançylyk pudagyna agram saldy. Şol bir wagtda, sebitde suw serişdelerinden rejeli peýdalanylmagy has köp üns merkezine çekilip başlandy.

Bu aralykda, “Talyban” ýolbaşçylygyndaky owgan hökümeti 2022-nji ýylyň martynda Amyderýadan gözbaş alýan Koştepa kanalynyň gurluşygyna girişdi. Umumy uzynlygy 285 kilometre barabar boljak kanalyň doly işe girizilmegi bilen, Türkmenistanyň we Özbegistanyň suw üpjünçiliginiň kemelmeginden gorkulýar. “Talyban” şu ýylyň oktýabr aýynda bu kanalyň birinji tapgyrynyň tamamlanandygyny yglan etdi.

Kanalyň birinji böleginiň işe girizilmeginden bary-ýogy iki aý töweregi soň, Halkara “Serhetsiz derýalar” ekologiýa koalisiýasynyň hünärmenleri 10-njy dekabrda satellit suratlaryna salgylanyp, Koştepa kanalynda suwuň öz kenaryny böwsendigini habar berdiler.

Bu habaryň metbugatda çap edilmeginiň yz ýany, Özbegistanyň “Uzbekkosmos” agentligi Koştepa kanalynyň böwsülmegi baradaky habarlary ret edip, kanalyň kenaryndaky sebitlerde suwuň peýda bolmagynyň ýerasty suwlaryň ýokary göterilmegi bilen bagly bolandygyny aýtdy.

Degişli maglumat Amyderýadan gözbaş alýan akabalara suw az çykýar, Çärjewiň ekin meýdanlary suwsuzlykdan kösenýär

Türkmen häkimiýetleri Owganystanda gurulýan Koştepa kanaly boýunça beýanat bermeýärler.

Ýöne türkmenistanly suw hünärmenleri Amyderýanyň suwunyň soňky ýyllarda ep-esli çekilmegine alada bildirip gelýärler.

2022-nji ýylyň oktýabr aýynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan bir lebaply hünärmen Amyderýanyň suwunyň ep-esli çekilmegini “ekologiki betbagtçylyk” atlandyrdy.

“1960-1990-njy ýyllar aralygy bilen deňeşdirilende Amyderýanyň suwy 8-10 esse azaldy. 1985-nji ýylyň tomsunda dagy derýanyň suwy bir gijede kenarlardaky topragy opurdy. Häzir derýanyň ortasy gurady, suw ikä bölünip akýar” diýip, hünärmen şonda gürrüň beripdi.

Ýöne aradan geçen wagtyň dowamynda, Koştepa kanalynyň hem gurluşygyna bat berilmegi bilen, Amyderýanyň töweregindäki aladalar artdy.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary häzirki wagtda Amyderýanyň türkmen kenaryndaky sebitlerde derýadan gözbaş alýan suw akabalaryny çuňaldyş işleriniň “gyzgalaňly” alnyp barylýandygyny habar berýärler.

Gazuw işleri bilen baglylykda sebitdäki ekerançylyk meýdanlaryna niýetlenen iri kanallaryň ählisiniň suwy kesilipdir, diňe Türkmenabatdaky suw arassalaýyş desgalar toplumyna barýan suw akabasynyň bendi açyk saklanýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.