Belarusyň sudy blogçylara, aktiwistlere we oppozisiýa lideriniň adamsyna garşy höküm çykardy

Belarusda dekabr aýynda sud edilýän syýasy bendiler, 2021

14-nji dekabrda Belarusyň sudy blogerlere, oppozisiýa aktiwistlerine we sürgün edilen oppozisiýa lideri Swýatlana Tsihanouskaýanyň adamsyna garşy alnyp barylýan sud işleriniň biri boýunça höküm çykarar.

Adam hukuklaryny goraýan toparlar günorta-gündogardaky Homel şäherinde ýapyk gapylaryň aňyrsynda sud edilýänleriň altysyny geçen ýyl jedelli prezident saýlawynyň öňüsyrasynda tussag edilen syýasy bendiler hasaplaýarlar.

173 güne çeken sud işi Belarusyň taryhynda iň uzak wagtlyk sud işleriniň biri boldy.

Günbatar tarapyndan ykrar edilmeýän belarus hökümdary Alýaksandr Lukaşenkanyň 2020-nji ýylyň awgust aýynda gaýtadan saýlanmagyndan soň başlanan köpçülikleýin protestleriň yzýany Belarusda demokratiýa tarapdar herekete garşy we oppozisiýa garşy basyşlar hasam güýçlendi.

Sud edilýänleriň arasynda meşhur wideo bloger Sýarheý Tsihanouski bar, ol saýlawlarda Lukaşenka garşy bäsdeş bolmak isledi we saýlawdan öň tussag edildi. Onuň aýaly Swýatlana Tsihanouskaýa saýlawçylary jebisleşdirdi we oppozisiýanyň aýdyşy ýaly 2020-nji ýylyň awgust aýynda geçirilen saýlawda ýeňiş gazandy. Tsihanouskaýa ses berişlikden soň Litwa gaçdy.

Şeýle hem, sud edilýänleriň ýene biri blogçy we Azatlyk Radiosynyň geňeşçisi Ihar Losik saýlawdan öň tussag edilipdi we jemgyýetçilik tertibini bozmak üçin meşhur Telegram kanalyny ulanmakda aýyplanypdy.

Sud edilýänleriň arasynda prezidentlige öňki kandidat Mikalaý Statkewiç, oppozisiýa aktiwistleri Uladzimer Tsyhanowiç, Artsyom Sakau we Dzmitriý Papou bar.