Daşoguzda mal ýataklary, garažlar ýumrulyp, prezidentiň gelmegine 'berk taýýarlyk görülýär'

Daşoguz, Köneürgenç etraby.

Türkmenistanyň demirgazyk welaýatyndaprezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň sapara gelmegine berk taýýarlyk görülýär diýip, Daşoguzdaky çeşme habar berýär.

Azatlyk döwlet baştutanynyň Daşogza planlaşdyrýan iş sapary, şeýle-de onuň goňşy Özbegistanyň Horezm oblastynda özbek kärdeşi Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşyp, TOPH gurluşygyna goldaw almaga çalyşjagy barada iki gün öň, hökümetdäki çeşmä salgylanyp habar berdi.

“S.Nyýazow adyndaky etrabyň çäginde, hususan-da Daşoguz aeroporty bilen aralykdaky ýoluň ugrunda ýerleşýän hojalyklaryň betgelşik hasaplanan mal ýataklaryny, maşyn garažlaryny ýumurdylar” diýip, Azatlygyň çeşmesi aýdýar.

Onuň sözlerine görä, welaýat merkeziniň golaýynda ýerleşýän etraplaryň orta mekdeplerinde ençeme gün bäri idili sapak geçilmeýär, “sebäbi mekdeplerde sanlyja mugallym galdy, okuwçylary iki-üç sagat saklap, köçede göze-başa düşüp ýörmezligi tabşyryp, öýlerine goýberýärler” diýip, Azatlygyň habarçysy bilen anonim şertde söhbetdeş bolan magaryf işgäri hem bu maglumaty tassyk etdi.

Tejribeden belli bolşuna görä, prezidentiň regionlara edýän iş saparlarynyň öňünden onuň barjak ýerleri, geçjek ýollarynyň gyralaryna çenli, ýerli ýolbaşçylara gep gelmez ýaly, mümkin boldugyça arassalanmaga çalşylýar. Bu iş üçin şäheriň jemagat hojalygynyň işgärleri, mekdep mugallymlary we beýleki býujet edaralarynyň işgärleri, kähalatda ýokary klas okuwçylary hem ulanylýar.

Soňky gelip gowşan maglumata görä, häzir Daşoguzda mugallymlar we beýleki býujet edaralarynyň işgärleri onlarça ýyllap arassalanmadyk zeýkeşleriň, ýaplaryň içlerini arassalaýarlar, “bu gezek beýle işlere ýaramajak adamlara ýerine adam tutmaga hem rugsat bermediler” diýip, çeşme habar berýär.

Türkmenistanda pagta ýygymyna ýa beýleki mejbury çärelere iberilýän býujet işgärleri, ýagdaýlary bolsa, pul berip, öz ýerlerine işsiz adamlary hakyna tutýarlar. Ýeriňe başga adam ibermeklige girizlen gadaganlyk, howpsuzlyk gullugyndaky çeşmäniň Azatlygyň habarçysyna aýtmagyna görä, döwlet baştutanynyň töweregindeki howpsuzlyk çärelerini berkidilmegi bilen bagly. Onuň sözlerine görä, “işsizadamlaryň howpsuzlyga zyýan ýetirmeginden ätiýaç edilýär”.

Şol bir wagtda, howpsuzlyk gullugynyň Azatlygyň çeşmesi bilen gürleşen işgäriniň sözlerine görä, prezidentiň Daşoguz welaýatyna sapara gelmezligi hem mümkin. “Prezident mundan öň hem Daşogza gelmegi azyndan üç gezek yza süýşürdi, onuň gelip-gelmejegi şu gün belli bolar” diýip, Azatlygyň çeşmesiniň howpsuzlyk gullugyndaky söhbetdeşi aýtdy.

Emma muňa garamazdan, çärelere gatnaşýanlara bir laý täze geýim-eşik aldyrdylar, etraplaryň medeniýet işgärleri prezidentiň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitaby boýunça sahnalary taýýarlaýarlar.

Şol bir wagtda, Daşoguzdaky beýleki bir çeşme indi bir hepde bäri ýollaryň boýunda köçe-ýol hereketine gözegçilik edýän polisiýa ofiserleriniň adaty günlerdäkiden has köpelendigini, serhet boýlaryndaky esgerleriň sanynyň has artdyrylandygyny habar berýär.

Sosial ulgamlarda, hususan-da “Türkmenistanyň hronikasy” neşirinde çap edilen maglumatlara görä, Özbegistanda, Daşoguz bilen araçäkde ýerleşýän Horezm oblastynda hem ýokary derejeli myhmanlaryň gelmegine taýýarlyk görülýär. Emma Türkmenistanyň we Özbegistanyň resmi habar serişdeleri iki prezidentiň çak edilýän duşuşygy we onuň gün tertibi barada maglumat bermeýär.