Kipriň demirgazygynda Nikosiýadaky merkezi tussaghanada saklanýan we 7-nji fewralda ýarany Süleýman Ýylkar bilen ol ýerden gaçan türkmenistanly migrant Alişer Eýmirowyň düýn adanyň günortasynda Larnakada polisi tarapyndan tapylyp, saklanandygy habar berilýär.
“Hawadis Kybrys” neşiri “ynamdar çeşmelere salgylandyk” diýip beren maglumatynda, türkmenistanly Alişer Eýmirowyň ýarany bilen Larnakada ýaşaýan Metin Erdem atly adamyň ýanynda, neşe çekip otyrka, ele salnandygy aýan edilýär.
Demirgazyk Kipriň polis serkerdeliginiň metbugata beren beýannamasynda bolsa, gaçgak tussaglaryň yzyna gaýtarylyp berilmegi üçin, resmi tagallalaryň alnyp barylýandygy aýdylýar.
Azatlyk Radiosyna maglumat beren kiprli polis çeşmesi Alişer Eýmirow barasynda ogurlykdan 3 sany, onuň ýarany Süleýman Ýylkar hakda bolsa 10 sany sud işiniň bardygyny ýatladýar. Kiprli polis çeşmesi Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda, Alişer Eýmirowyň soňky gezek 2017-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Nikosiýanyň Çaglaýan sebitinde ýerleşýän “Itimat” atly awtobus gatnawy firmasynda bolan ogurlyk sebäpli saklanyp, soň tussaghana iberilendigine ünsi çekýär. Polis çeşmesi ondan owal bolsa türkmenistanly Alişer Eýmirowyň öz ýarany bilen 2017-nji ýylyň 10-njy iýulynda Gönýeli diýen ýerde ýerleşýän “Akaýoglu Bross” atly marketde edilen ogurlykda aýyplanyp, tussag edilendigini ýatladýar.
Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan Kipriň demirgazygynda işläp ýören käbir türkmen migrantlary ildeşleriniň gatnaşmagynda, häli-şindi diýen ýaly ogurlyk habarlarynyň metbugatda ýaýramagynyň parahat işläp ýören türkmenistanly migrantlary diýseň biynjalyk edýändigini we türkmenlere bolan ynama hem zeper ýetirýändigini aýdýarlar.
Ýeri gelende ýatlatsak, "Hawadis Kybrys" gazeti mundan owal 17 ýaşyndaky Alişer Eýmirow bilen Süleýman Ýylkar atly ýaranynyň Kiriniýa kazyýetinde ýapyk ýagdaýda sud edilendigini we şonda kazyýetiň türkmenistanly migrantyň kämillik ýaşyna ýetmändigi üçin, sud işiniň ýapyk ýagdaýda geçirilýändigine aýratyn üns çekendigini habar beripdi. Kazyýet şonda derňew işleri doly tamamlanýança, ogurlykda aýyplanýanlaryň tussaglykda galmagyna karar beripdi.
Sözi jemläp aýtsak, Demirgazyk Kipriň Türkmenistan bilen diplomatiki gatnaşygy bolmansoň, türkmen migrantlarynyň köne türkmen pasporty bilen ýaşaýyş ýa-da iş rugsadyny alyp, ýurtda galmagyny kabul edýär. Türkiýede köne pasportly bikanun ýagdaýda galan türkmen migrantlarynyň käbiri hem bu sebäpden Demirgazyk Kipre ýykgyn edýär.