Mirziýoýewiň Türkmenbaşa edýän sapary ilatyň gündelik durmuşyny bökdedi

Özbek we türkmen prezidentleri.

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew iki günlük resmi sapar bilen Türkmenistanyň günbataryndaky Balkan welaýatyna bardy.

Resmi maglumata görä, Türkmenbaşy şäherinde geçiriljek gepleşikleriň dowamynda “iki döwletiň we halkyň abadançylygyny üpjün etmegiň maksatlaryna laýyk gelýän türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň giň meseleleri” ara alyp maslahatlaşylýar.

Özbegistanyň döwlet eýeçiligindäki “UzA” neşiriniň maglumatynda, Mirziýoýewiň bu saparyň dowamynda syýasy, söwda we ykdysady, maliýe goýum, transport we aragatnaşyk, medeni we ynsanperwer pudagy öz içine alýan iki taraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli meselelere garaljakdygy aýdylýar.

Özbek prezidentiniň Türkmenistana edýän bu saparynyň käbir türkmenistanlylaryň durmuşyna oňaýsyz täsir ýetirendigi, hususan-da, transport gatnawlarynyň üýtgedilmeginiň we onlarça köçäniň ýapylmagynyň adamlaryň barmaly ýerine öz wagtynda barmakda dürli bökdençlikler bilen ýüzbe-ýüz bolmagyna sebäp bolandygy habar berilýär.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleriniň aýtmagyna görä, anna güni irden Aşgabatdan welaýatlara uçmaly uçar reýsleriniň ählisi üýtgedilip, Balkanabada sagat 08:30-da uçmaly uçar 12:25-e geçirildi. Bu barada ýolagçylaryň mobil telefonlaryna öňünden ýörite sms ýollanan bolsa-da, uçar aýdylan wagtyndan hem giç uçany sebäpli ýolagçylar 1 sagat çemesi uçarda garaşmaly boldy.

Häzirki wagt Türkmenbaşa sapar edýän synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň käbir ýerli ýaşaýjylara we Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärlerine salgylanyp aýtmagyna görä, şu gün daňdan sagat 5 töwereginden, tä öýlän sagat 13:00-a çenli şäheriň aeroportyna barýan ýollar doly diýen ýaly ýapyldy. Awaza barmak hem çylşyrymlaşdyrylyp, oňa transport gatnawy çäklendirildi.

“Aňyrdan gelýän ýörite awtobuslar adamlary Awazadaky barjak ýerine däl-de, gyrak-bujagyna düşürip gaýdýarlar. Şu wagt ýörite rugsatnamasy bolmasa, hiç kimi Awaza goýberenoklar. Şol ýere baryp gaýdanlaryň gürrüň bermegine görä, awtobusdan düşeniňden soňra köçäniň ugrundaky polisiýa işgärleriniň şu köçeden ýöremek bolýar, şundan bolanok diýip berýän görkezmesine boýun bolmaly bolýar” diýip, synçy we ýazyjy aýdýar.

Mundanam başga, Mirziýoýew gelmezinden iki gün ozal şäheriň aeroportynyň golaýyndaky awtoduralgada ulaglary goýmak gadagan edildi. Türkmenbaşynyň demirýol wokzalynyň golaýyndaky awtoduralgadan, Balkan welaýatynyň etrapdyr obalaryna ýa-da beýleki welaýatlara ýolagçy gatnadýan hususy eýeçilikdäki taksiler hem doly çykaryldy.

Amanmyrat Bugaýew Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärlerine salgylanyp, şäherdäki adatdan daşary ýagdaýyň 21-nji maýda sagat 12:00-a çenli dowam etjekdigini aýdýar. Munuň bolsa, özbek prezidentiniň 20-nji maýda we Berdimuhamedowyň 21-nji maýda irden yzyna dolanmagy bilen baglanyşyklydygyny belleýär.

Mirziýoýewiň ýurda sapar etjekdigi baradaky maglumaty Türkmenistanyň resmi media serişdelerinden öň, Azatlyk Radiosy özbek metbugatyna salgylanyp habar beripdi.

Türkmen mediasy 18-nji maýda özbek prezidentiniň Türkmenistana sapar etjekdigini yglan etse-de, bu saparyň öňünden planlaşdyrylandygy ýa-da planlaşdyrylmandygy barada anyk bir zat aýtmady.

Şeýle-de, soňky gezek Türkmenistana şu ýylyň 6-7-nji marty aralygynda sapar eden Mirziýoýewiň iki aý çemesi wagtdan soň gaýtadan ýurda gelmeginiň sebäpleri dogrusynda hem kelam söz aýdylmaýar.

Emma regional bilermenler ýokary derejedäki bu duşuşygyň, Owganystanyň Türkmenistan we Özbegistan bilen serhetleşýän sebitlerindäki howpsuzlyk ýagdaýlarynyň has hem ýaramazlaşan döwrüne gabat gelendigine ünsi çekýärler.

Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa boýunça bilermeni Brýus Panniýer Owganystanyň demirgazyk sebitlerindäki howpsuzlyk şertleriniň ýaramazlaşmagy iki liderň duşuşmagynyň asyl sebäbi bolup durýar diýdi.