Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew 19-20-nji maý aralygynda resmi sapar bilen Türkmenistana geler.
Resmi maglumata görä, Türkmenbaşy şäherinde geçiriljek gepleşikleriň dowamynda, iki taraplaýyn gatnaşyklara degişli meseleler bilen birlikde, regiondaky we halkara derejesindäki ýagdaýlara hem garalar.
Ýeri gelende ýatlatsak, özbek lideriniň Türkmenistana sapary 6-7-nji mart aralygynda bolup geçipdi. Iki aý çemesi wagtdan soň iki lideriň ýaňadandan duşuşmagynyň sebäpleri dogrusynda resmi maglumatda hiç zat aýdylmaýar.
Emma regional bilermenler ýokary derejedäki bu duşuşygyň, Owganystanyň demirgazyk, has takygy Türkmenistanyň Özbegistan bilen serhetleşýän sebitlerindäki howpsuzlyk ýagdaýlarynyň has hem ýaramazlaşan döwrüne gabat gelendigine ünsi çekýärler.
Ýeri gelende bellesek, soňky döwürde Owganystanyň demirgazyk – Merkezi Aziýa bilen serhetleşýän regionlarynda howpsuzlygyň has ýitileşendigi barada maglumatlar gowşup başlady.
Azatlyk Radiosynyň gürrüňi gidýän territoriýa ýaňy-ýakynda baryp gaýdan habarçysy Şamerdanguly Myrady sebitde “Talyban” hereketi bilen birlikde, “Yslam döwleti” ekstremistik toparynyň jeňçileriniň-de ornaşandygyny; şeýle hem ozallar çaknyşyklar esasan türkmen serhediniň golaýynda ýüz beren bolsa, häzir söweşleriň 160 km-e golaý özbek serhediniň töwereklerine hem ýetendigini gürrüň berdi.
Şol bir wagtda, Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa boýunça bilermeni Brýus Panniýer ýokarky howpsuzlyk ýagdaýlarynyň özbek prezidentiniň Türkmenistana edýän sapary bilen gönümel baglydygyny çaklaýar.
“Meniň pikirimçe, [Owganystanyň demirgazyk sebitlerindäki ýagdaýlaryň ýaramazlaşmagy] iki lideriň duşuşmagynyň asyl sebäbi bolup dur. Sebäbi olaryň soňky duşuşygyndan bäri ýaňy iki aý geçdi. Onuň [Mirziýoýewiň] ýaňadandan Türkmenistana barmagy, hakykatdan hem möhüm bir zatlaryň bolup geçýändigini görkezýär” diýip, Panniýer belledi.
Brýus Panniýer hem Türkmenistanyň, hem-de Özbegistanyň Russiýanyň howandarlygyndaky Kollektiwleýin howpsuzlyk ylalaşygy guramasynyň agzalygyna girmändigini, indi olaryň serhetdäki ýagdaýlar dogrusynda öz aralynda umumy bir strategiýany ylalaşjak bolýandyklaryny nygtaýar.
“Olar serhetden bäri hiç kim geçmez ýaly, ol ýerde öz harby güýçleriniň sanyny artdyrsalar gerek. Bu ugurda Türkmenistanyň nähilidir bir hemaýat edip biljekdigini çaklamaýaryn. Ýöne, bilşimiz ýaly, Özbegistanyň sebitde iň kuwwatly armiýasy bar. Onuň serhet ýakasynda hem ençeme harby bazalary bar. Eger-de howpsuzlyk ýagdaýy ýüze çyksa, Daşkendiň hemaýata gelip bilmegi dogrusynda ylalaşmaklary mümkin” diýip, Panniýer sözüni jemledi.
Türkmen mediasy ýurduň günorta, Owganystan bilen 744 km-lik serhet araçäklerindäki howpsuzlyk ýagdaýlary dogrusynda, hiç bir maglumat bermän gelýär.