Eýran başatgyç atynmadyk ýaş küştçi doganlara gadagançylyk girizdi

Eýranly küştçi doganlar Dorsa we Borna Derakhşani

Eýranly küşt resmileri ýaş küştçi doganlaryň ýerli küşt bäsleşiklerinde hem-de milli komandasynda oýnamagyny gadagan etdiler. Doganlar, halkara küşt bäsleşiginde dini dessurlaryň gyzyl çyzgylaryny aşandygy sebäpli muňa duçar bolupdyrlar.

18 ýaşly Dorsa Derakhşani 23-nji ýanwar we 2-nji fewral aralygynda geçirlen Gibraltar küşt festiwalynda başatgyç atynmandygy sebäpli Eýranyň milli küşt toparyndan kowuldy. Eýranda başatgyç atynmak 1979-njy ýyldaky rewolýusiýadan soňra mejbury ýagdaýa getirildi.

Onuň 15 ýaşly jigisi Borna Derakhşani hem şol ýaryşda ysraýylly garşydaşy bilen küşt oýnandygy üçin kowuldy.

Eýran, Ysraýyl döwletini ykrar etmeýär hem-de eýranly türgenleriň halkara sport ýaryşlarynda ysraýylly türgenlere garşy ýaryşmagyny gadagan edýär. Ozalky eýranly türgenler ysraýylly garşydaşlary bilen duşuşmazlyk üçin keselli ýa-da şikesli bolmagy bahana görkezdiler.

Geçen ýyl bir eýranly türgen, Şweýsariýada geçirlen küşt bäsleşiginde “Sionist döwleti” red etmek we “sütem edilýän Palestina halkyna” ýardam etmek maksady bilen ysraýylly garşydaşy bilen oýnamakdan ýüz öwürdi, diýip ýarymresmi “Mehr” habar gullugy çap etdi.

“Milli bähbitlerimiz hemme zatdan öňürti durýar”

Derakhşanilere garşy girizilen kararlar, Eýranyň küşt federasiýasynyň başlygy Mehrdad Pahlewanzade tarapyndan 19-njy fewralda mälim edildi.

Pahlewanzade “ilki bilen olaryň ikisi Eýranyň içinde geçiriljek hemme bäsleşiklerden we mundan beýläk Eýranyň adyna milli toparda oýnamak mümkinçiliginden hem mahrum edilerler” diýip, ýarymresmi “Fars” habarlar agentligine gürrüň berdi.

Ol, ýaş küştçileriň Gibraltar bäsleşigine Eýranyň adyndan däl-de, özbaşdak gatnaşandyklaryny aýtdy. “Her kim muňa gatnaşyp biler” diýdi.

Pahlewanzade, ýaş doganlary Eýranyň milli bähbitlerine zeper ýetirmekde aýyplady.

“Gynansak-da beýle zat boldy. Biziň milli bähbitlerimiz hemme zatdan öňürti durýar” diýdi. Pahlewanzade, Eýranyň “maksatlaryna we ýörelgelerine” zelel ýetirenlere “geçirimliligiň” bolmajakdygyny aýtdy.

Şuňa meňzeş hadysalaryň “öňüni almak”

Ol, “Fars” habarlar gullugyna: “Biz gelejek bäsleşiklerde şuňa meňzeş hadysalaryň bolmagynyň öňüni almak üçin çäreler gözleýäris” diýdi.

Borna Derakhşaniniň Eýranda ýaşaýandygy habar berildi. Onuň gyz dogany bolsa Ispaniýada okaýar.

Olaryň ikisi heniz bu gadagançylyga garşy köpçülige açyk görnüşde reaksiýa görkezmedi.

Eýran, dowamly basyşlar arkaly, zenanlardan saçlaryny örtýän başatgyçlary ýa-da hijablary dakmagy mejbur edýän geýim kanunyny talap edýär. Zenan resmilerden, türgenlerden we beýleki wekillerden hijab kanuny, hat-da daşary ýurtlarda syýahat edýän döwri hem talap edilýär.

Geçen ýyl Eýran parlamentine saýlanan Minoo Khalegniniň Ýewropada we Hytaýda syýahat eden döwründe, başatgyçsyz suratlary sosial mediada peýda bolanyndan soňra, oňa parlamentdäki orny berilmedi.