Türkmenabadyň “atsyz” köçeleri

Lebap: "Atsyz" köçeler

Türkmenabadyň köçeleriniň ençemesiniň atlary we şol köçelerde ýerleşýän jaýlaryň nomerleri belli däl. Bu ýagdaý esasanam Türkmenabadyň birinji kiçi etrapçasynda ýa-da Jeýhun atly böleginde has köp göze ilýär.

Agzalýan köçeleriň käbirinde ilkibaşda, düzgüne görä, at görkezýän ýazgylar bolan hem bolsa, soňra abatlaýyş işleri geçirilendigi sebäpli köçeleriň atlary üýtgedilip, köne ýazgylar aýryldy. Emma köçelerde aýrylan köne atlaryň deregine täze at belgileri goýulmady. Netijede şol köçeleriň käbiri soňra düýbünden atsyz galdy. Bu ýagdaý hem gürrüňi edilýän kynçylyklary döretdi.

Häzirki wagtda şeýle köçeler Türkmenabatda diýseň köp.

SSSR dargandan soňra köçe atlarynyň ençemesi üýtgedildi we öňki kommunistik ideologiýa bilen utgaşýan Kommunizm, Pionerskaýa, Komsomolskaýa ýaly köçe atlary köpçülikleýin aýryldy. Bu atlaryň käbiri çalyşylanda, kadaly at belgileri goýlan bolsa, käbirleriniň atlary diňe degişli resmi edaralaryň dokumentlerinde üýtgedilip çäklenene meňzeýär.

Bulaşyklyklar...

“Soňky gezek men Kostandowa köçesiniň ugrunda dakylan plakatlary okap, onuň täze adynyň Bitarap Türkmenistandygyny öwrendim, ondan öň bu köçäniň täze adyny bilemokdym” diýip, Türkmenabadyň ýaşaýjysy 45 ýaşlaryndaky Ilmyrat Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Şol köçeleriň käbirleriniň ady bolsa-da, köçäniň hiç bir ýerinde onuň adyny görkezýän belgisi bolmadyk köçelerem kän. Edil şeýle bulaşyklyk jaý nomerlerini görkezýän belginiň bolmazlygy bilen baglylykda hem ýüze çykýar.

Onuň üstesine-de, käbir köçeleriň atlary çalşylyp, şol köçelerde degişli ýazgylaryň oturdylmazlygy, olaryň atlary bilen bagly bulaşyklygy hasam artdyrýar, meselem, köçäniň resmi ady başga, il arasynda tutulýan ady bolsa başga bolup çykýar.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan türkmenabatlylaryň käbirleriniň aýtmagyna görä, bu ýagdaý, esasanam, Tiz kömek we ýangyn söndürýän gulluklar ýaly edaralaryň işlerinde bökdençlik döredýär.

Bökdençlikler

“Meniň hassa atam bar, biz Tiz kömek gullugyny çagyranymyzda öz öý salgymyzy berdik, emma maşyn wagty bilen gelmänsoň, özümiz köçä çykyp, bizi gözläp ýören Tiz kömek maşynynyň gözlegine çykdyk. Eger [gelýän Tiz kömekde] köçe bilen tanyş [sürüji ýa lukman] bolmasa, Tiz kömek maşyny gerek bolanda, bu ýagdaý her gezek gaýtalanýar. Indi Tiz kömek çagyrsak, özümiz köçäniň başynda onuň gelerine garaşýarys” diýip, özüni Melike diýip tanadan 30 ýaşlaryndaky türkmenabatly ildeşimiz gürrüň berýär.

Melikäniň ýaşaýan köçesine meňzeş köçelere şäheriň islendik kiçi etrapçalarynda duşmak bolýar. Köçeleri atlary bilen tanamasaň, olaryň biri-birine meňzeşligi diňe Tiz kömek ýaly gulluklaryň işgärleriniň däl, bu ýere uzakdan gelen adamlaryň hem azaşmagyna sebäp bolýar.

Bu ýetmezçilikler ilat köpçüligi bilen işleşýän ýerli polisiýa işgärleri, maşgala şepagat uýalary we poçtalionlar ýaly hökümet gullukçylary üçinem dürli kynçylyklary döredýär.

Bu problemalara garamazdan, soňky döwürde, köçe atlarynyň ýazgylarynyň dakylyşy ýaly ýagdaýlar diňe täzeden oňarylan uly köçelerde göze ilýär, şeýlelikde şäheriň uly bir böleginiň köçeleriniň atlary henizem ilat köpçüligine näbelli bolup galýar.

Sowet Soýuzy dargaly bäri aradan 25 ýylyň geçendigine garamazdan, bu bulaşyklygyň näme sebäpden dowam edýändigi baradaky soraga degişli edaralardan hiç hili maglumat alyp bolmady.