Türk harbylary Siriýa serhediniň golaýynda urlup ýykylmazyndan öň ors uçaryna berlen duýduryşyň audio ýazgysyny çap etdiler.
Ýazgyda iňlis dilinde: "Ugruňy derrew günorta tarap üýtget!" diýen ses eşidilýär. Bu sözler birnäçe gezek gaýtalanýar.
Türk-siriýa serhedinde Türkiýe tarapyndan atylyp ýykylan uçaryň hadysadan aman galan piloty özüniň hiç hili duýduryş almandygyny aýdýar.
Konstantin Murahtin 24-nji noýabrda bolan hadysadan bäri beren ilkinji interwýusynda 25-nji noýabrda Orsýetiň döwlet mediasyna öz uçarynyň Türkiýäniň söweş uçarlary tarapyndan atylyp ýykylmazyndan ozal türk uçujylary bilen arada "hiç hili baglanyşyk" bolmandygyny aýdýar.
"Birje sekunt-da"
Türkiýe uçar atylyp ýykylmazyndan öň oňa bäş minudyň içinde on gezek duýduryş berlendigini nygtaýar.
Uçaryň ko-piloty, ýagny ikinji uçujysy ot gabsan uçardan paraşýutly aşak inende atylyp öldürildi.
Siriýadaky Hmeýmin howa bazasynda interwýu beren Murahtin uçuş geçiren regionyny "gaty gowy" tanaýandygyny, söweş uçarynyň "birje sekunt-da" Türkiýäniň howa giňişliginde bolmandygyny aýdýar.
Bolan hadysa iki ýurduň arasynda dartgynlylygyň döremegine getirdi.
Türkiýäniň oba hojalyk önümleri
Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow ors söweş uçarynyň urlup ýykylmagynyň "planlaşdyrylan prowokasiýa" bolmagy ähtimal diýdi. Ol soňra hem Ankaranyň NATO boýunça ýaranlary "türk harby howa güýçleriniň düýn eden işini bassyr-ýussur etjek bolýarlar" diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.
Bu aralykda ors hökümeti ors ölçegleriniň türkiýeli öndürijiler tarapynda "gaýta-gaýta" bozulýandygyna salgylanyp, Türkiýeden gelýän oba hojalyk önümlerine gözegçiligi güýçlendirmegi buýurdy.
"Gynansak-da, Türkiýäniň oba hojalyk önümleriniň ortaça hasap bilen 15 prosenti Orsýetiň standartlaryna gabat gelenok" diýip, ýurduň oba hojalyk ministri Aleksander Tkaçew aýtdy.
“Bilgeşleýin”
Türkiýeden import edilýän önümlere berk gözegçilik etmek buýrugy türk-siriýa araçäginde Orsýetiň bombalaýjy uçary urlup ýykylandan sanlyja gün soň berildi.
Orsýetiň özi bilen syýasy gatnaşygy dartgynly bolan ýurtlardan gelýän harytlary saglyk bilen baglanyşykly bahanalar bilen gadagan etmegi adata öwrülen zat.
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň pikiriçe, türk ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklary "bilgeşleýin" petige diretjek bolýarlar.
26-njy noýabrda Putin Moskwanyň Türkiýäniň ötünç soramagyna we kompensasiýa teklip etmegine garaşýandygyny aýtdy.
Putin özüniň Ankaranyň "eden jenaýatlary üçin jenaýatçylary jezalandyrmagyna" garaşýandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.
Ors prezidenti şeýle hem "Yslam döwleti" atly terroristik toparyň döremegi "käbir ýurtlaryň hereketsizliginiň, köplenç hem terrorizme göni şärikliginiň" netijesi diýdi.
Ankara Orsýetiň harby uçaryny Türkiýäniň howa giňişligini bozandygy we berlen duýduryşlary äsgermezlik edenligi üçin urup ýykandygyny aýdýar.
Moskwa hem uçar hiç haçan Siriýanyň howa giňişliginden çykmandy diýýär.