Ukraina ýaraşygy güýje girdi

Ukrain prezidenti Petro Poroşenko ukrain harbylarynyň ýurduň gündogarynda ok atyşygy bes etmegini buýurdy.

Ukrainada ýarygijede güýje giren ýaraşyk şertnamasynyň şertleri, käbir bölek-büçek top atmalary baradaky habarlara garamazdan, umuman saklanýar.

Geçen hepde baglaşylan ylalaşyga görä, iki tarap-da, ukrain hökümeti hem, orsýetçi separatistler-de 15-nji fewralda, ýerli wagt bilen gije ýarym bolanda atyşygy bes etmelidi.

15-nji fewraldaky esasy alada Debaltsewe şäheriniň töwerekleri bilen bagly, bu ýerde soňky günler agyr söweşler boldy.

Bu töwerekdäki orsýetçi separatistleriň komandiri «Roýters» habar gullugyna özleriniň ýaraşygyň Debaltsewe dahyllydygyna ynanmaýandyklaryny, sebäbi bu ýeriň «öz territoriýalarydygyny» aýtdy.

Ukrain prezidenti Petro Poroşenko 12-nji fewralda Minskde gol çekilen şertnama Debaltsewe şäheriniň töweregindäki ýagdaýlaryň wehim salýandygyny aýtdy.

Ol, eger ýaraşygyň şertleri saklanmasa, özüniň ýurt boýunça harby düzgüni yglan etjegini hem sözüniň üstüne goşdy.

Ukrain hökümetiniň sözçüsi Kiýew güýçleriniň ýarygijeden soň on gezek dagy oka tutulandygyny, emma hiç bir harby gullukçynyň wepat bolmandygyny aýtdy.

Ukrain harbylarynyň sözçüsi gündogar Ukrainada hökümet güýçleri bilen orsýetçi separatistleriň söweşýän ýerinden, konflikt zolagyndan yza çykarylmaly agyr ýaraglar üçin ýer taýýarlanýandygyny aýtdy.

Separtistleriň sözçüsi hem özleriniň agyr ýaraglary yza çykarmak we tussaglary çalyşmak planlaryny düzmäge başlandyklaryny aýtdy.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri telefonda Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen gürleşip, Minsk şertnamasynyň şertleriniň doly berjaý edilmeginiň möhümligini nygtady.

Kremliň sözçüsi Dmitriý Peskow Minsk şertnamasynyň taraplaryň ählisi tarapyndan «gep-gürrüňsiz ýerine ýetirilmelidigini» aýtdy.

15-nji fewralda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşinde Ukrainadaky ýagdaý barada maslahat edilmegine garaşylýar.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.