Aşgabat: Täze ÝOJ açyldy

Türkmen talyplary

Duşenbe güni “Bilimler we talyp ýaşlar” gününe gabatlanyp, paýtagtyň Andalyp prospektiniň ugrunda gurulan Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti açyldy. Bu ýokary okuw jaýynyň binalar toplumynyň baş binasynda birbada 2 müň student bilim alyp biler.

Bu çärä Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhamedow bilen birlikde ýurduň beýleki ýokary wezipeli döwlet ýolbaşçylary hem-de daşary ýurt diplomatik korpusynyň we guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle-de bu dabara ýokary okuw jaýlarynyň ýüzlerçe studentleri we olaryň mugallymlary gatnaşdylar.

Täze açylan ýokary okuw jaýynyň studentleri prezidenti türkmen we iňlis dillerindäki gutlaglar bilen garşyladylar.

Bölümler

Bu uniwersitetde ýurtda ilkinji gezek studentlere iki basgançak boýunça bakalawr we magistr derejeli ýokary bilim berler. Uniwersitetde bäş fakultet açylyp, 13 kafedra döredilipdir.

Halkara uniwersitetiniň düýnki açylyş dabarasyndaky eden çykyşynda Türkmenistanyň prezidenti bu uniwersitetde studentleriň okadyljak ugurlary barada şeýle maglumat berdi: “Bu ýokary okuw mekdebinde 2000 talyp bilim alar. Uniwersitetde esasy 6 fakultet we 13 kafedra bolup, filosofiýa, sosiologiýa, halkara jemagat hukugy, halkara gatnaşyklar we dünýä syýasaty, žurnalistika we halkara ykdysadyýet ýaly 14 ugur boýunça okuwlar iňlis dilinde alnyp barlar.”

Halkara uniwersitetinde iňlis dilini kämilleşdiriş we studentiň geljekki hünäri boýunça terminologiýalary öwreniş bir ýyllyk okuwyň göz öňünde tutulandygy hem resmi metbugatda habar berilýär.

Bu ýokary okuw jaýynyň uniwersitet şäherjiginiň çäginde 800 studente niýetlenen üç sany umumy ýaşaýyş jaýynyň, 300 orunlyk naharhananyň, 240 tomaşaçy orunlyk ýapyk sport toplumynyň, açyk woleýbol, basketbol, tennis meýdançalarynyň, şeýle hem kömekçi desgalaryň we awtoduralganyň bardygy resmi metbugatda aýdylýar.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň buýurmasy esasynda “Buig” kompaniýasynyň guran bu uniwersitetinde häzirki zaman elektron tehnologiýalary, multimediýa enjamlary, internet ulgamy, interaktiw okuw otaglary hem bar. Mundan başga-da uniwersitetde elektron kitaphana, lingafon we okuw-tejribe otaglary bar.

Mugallymlar

Şeýle-de Halkara uniwersitetinde ýerli mugallymlar bilen bir hatarda daşary ýurtly hünärmenleriň hem bilim berjekdikleri aýdylýar. Häzir bu ýokary okuw jaýynda ýörite hünärler boýunça sapak bermek üçin mugallymlary çagyrmak we olary toplamak işleriniň alnyp barylýandygy resmi metbugatda habar berilýär.

Açylyş dabarasynyň çäklerinde prezident uniwersitetde döredilen mümkinçiliklerden hem talyplaryň hem-de professorlaryň “netijeli” peýdalanjakdylaryna umyt bildirdi.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetine her ýyl 300-e golaý student kabul ediler. Şu ýyl bu uniwersitete 280 student kabul edildi. Hojalyk hasaplaşygy esasynda işleýän bu uniwersitetde okuwlar tölegli bolar.

Okuw tölegleri barada bu uniwersitetden jikme-jik maglumat alyp bolmady.

Ýeri gelende belläp geçsek Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti ýurtda tölegli ýokary bilim berýän ikinji ýokary okuw jaýydyr. Mundan ozal diňe Halkara türkmen-türk uniwersitetinde tölegli bölümler bardy.