Slowýansk: Güýçli çaknyşyklar gidýär

Ukrainanyň esgerleri, Slowyansk, 5-nji maý, 2014.

Häzir üns merkezinde duran gündogar ukrain şäheri Slowýanskyň golaýynda 5-nji maýda agyr söweşiň bolandygy aýdylýar. Ukrainanyň içeri işler ministri Arsen Awakowyň aýtmagyna görä, şähere kontrollyk edýan orsýetçi pitneçiler bilen bolan söweşde "ölenler" bar.

Awakow hökümet güýçlerine 5-nji maýda agyr ýaragly "terroristler tarapyndan zarba urlandygyny" aýtdy.

Habarlarda orsýetçi söweşijileriň şäheriň merkezine çekilýändigi aýdylýar.

Awakowyň aýtmagyna görä hökümet güýçleri "ýuwaş-ýuwaşdan" şäheriň merkezine aralaşmaga synanyşýarlar.

Protestçileriň eýeçiliginde

Slawýanskda şäher häkimligi, polisiýa edaralary we Ukrainanyň gizlin gullugynyň jaýy häzire çenli-de orsýetçi pitneçileriň elinde. Olar şeýle hem köp sanly adamlary, şol sanda şäheriň häkimini-de ýesirlikde saklaýarlar.

Takmynan 140 müň ilatly Slowýansk orsýetçi pitneçileriň kontrollygyndaky gündogar ukrain şäherleriniň biri.

Hökümet şäheriň kontrollygyny öz eline geçirýänçä 15-nji aprelde başlanan "antiterroristik" operasiýany dowam etdiriljekdigini aýtdy. Ýöne harby hüjümlerde gazanylan üstünlikler köp däl.

"Ukraina bilen uruşda"

Ukrainanyň häzir iş başyndaky wagtlaýyn prezidenti Oleksandr Turçynow Orsýetiň Ukraina bilen uruşdadyny aýtdy: "Ors Federasiýasy Ukraina bilen uruşda. Olar hem gündogarda hem-de günortada ýagdaýy bütinleý durnuksyzlaşdyrmaga synanyşýarlar. Dogrusy, bu işi Odessada başardylar - Ors Federasiýasynyň esasy maksatlarynyň biri şu, şeýle hem Harkow regiony. Olaryň hakyky garşylyk bilen ýüzbe-ýüz bolany şu region boldy".

Turçynow bu beýanaty 4-nji maýda berdi. 2-nji maýda bolsa, prezident Wiktor Ýanukowiç ýurtdan gaçyp gideli bäri Ukrainada bolan iň ganly zorluklarda, Odessada, 40-dan agdyk adam öldi.

"Odessada Ukrain häkimiýetleri iş alyp barýarlar. Ol ýerde gaty köp watansöýer adamlar bar. Olar öz şäherlerini goramga taýyn, Ukrainany goramaga taýyn. Men asudalygyň Ukraina gaýdyp geljekdigine şübhe edemok" diýip, Turçynow aýtdy.

Turçynow ýagdaýy düşündirýär

Ukrainanyň wagtlaýyn prezidenti 4-nji maýda ýurduň "kanal 5" telewideniýesine beren interwiýusynda beýleki şäherler barada hem durup geçdi: "Luganskda, Donetskde ýagdaý Ukrainanyň beýleki regionlaryndakydan bütinleý tapawutly. Orsýetiň ýörite güýçleriniň maksady günorta-gündogarda, hatda Ukrainayň merkezinde-de köp regionlary durnuksyzlaşdyrmakdy. Ýöne olaryň [bu ugurda] hakyky netije gazanan ýeri gündogarda Donetsk bilen Lugansk boldy. Munuň birinji sebäbi hem, dogrusyny aýtsaň, bu regionlarda köp adamlaryň, bu regionlaryň ilatynyň belli bir böleginiň separatistleri goldaýandygy we hatda terroristleri goldaýanlygyndan. Bu bolsa antiterroristik operasiýany juda kynlaşdyrýar. Uly problema şu".

Orsýet ukrain hökümetiniň ýurduň günorata we gündogar böleklerinde gazaply hereketleri Orsýet tutaşdyrýar diýýän aýyplamalaryny ret edýär.

Orsýetiň Daşary işler ministrligi 5-nji maýda ýaýradylan beýannamada Ukriandaky tolgunyşyklaryň möwjemeginiň öňüni almazlyk Ýewropadaky parahatçylaga howp salar diýip duýduryş berdi.