Aşgabatda kommersiýa dükanlary ýapylýar

Parahat-2 mikroravonyndaky kommersiva dxkanlaryny[ biri

Şu hepdäniň başyndan beýläk paýtagt Aşgabatdaky kiosk görnüşli kommersiýa dükanlar ýa-da, il içinde aýdylyşy ýaly, ”kommersiýa budkalar” aýrylyp başlandy. Mysal üçin, Türkmenbaşy prospektiniň ugrunda ýerleşen Malboro diýlip atlandyrylýan kommersiýa dükany aýrylypdyr.
Parahat-2 we Parahat-4 mikroraýonlaryndaky kommersiýa kiosk-dükanlarynyň hem birnäçesi aýrylypdyr. Paýtagtyň beýleki mikroraýonlarynda hem hususy kommersiýa kiosk-dükanlarynyň ýapylanlary bar.
Şeýle-de Büzmeýinde, Şor obasynyň golaýyndaky daça uçastoklaryndaky hususy kommersiýa dükanlaryň hem ýapylandyklary barada maglumatlar bar.Bu barada Azatlyk Radiosynyň diňleýjileri tarapyndan hem dürli reaksiýalar gowşup başlady.
“Aşgabatda hojalyk magazinleriniň barysy ýapyldy, halaýyk. Bu nä boluş, ”Azatlyk” siz şu zat hakda ýazmaly dälmi?” diýip, özüni Generitet diýip atlandyran okyjymyz 30-njy ýanwarda iberen teswirinde belleýär. Teswirde aýdylyşy ýaly, şeýle dükanlaryň barysynyň ýapylandygyny tassyklap bolmady.

Sebäpleri barada maglumat berilmeýär
Emma şeýle dükanlar Aşgabadyň dürli raýonlarynda indi sowet döwründen bäri işläp gelýär. Şol dükanlarda, esasanam, gündelik durmuşda zerur bolan önümler, ýagny çay, çörek ýaly zatlar satylýar.
Häkimiýetleriň bu hususy kommersiýa dükanlaryny ýapmaklarynyň takyk sebäplerini anyklamak başartmady. Emma, käbir telekeçileriň aýtmaklaryna görä, bu dükanlar degişli dokumentleriniň ýoklugy sebäpli ýapylýar.
Emma olarda dokument ýoklugynyň hem özüne ýetesi sebäpleri bar.
“Paýtagtda kiosk görnüşindäki ýa-da öz hususy ýaşaýyş jaýyňda dükan açmaga resminama berilmeýär. Ýöne, muňa garamazdan, her kim tanyş-biliş bilen dükan açýar. Eklenç her kime-de gerek” diýip, paýtagtly telekeçi Oraz gürrüň berýär.
Kiosk görnüşindäki kommersiýa dükanlaryň eýeleriniň käbirlerine bolsa häkimiýetler olaryň dükanlarynyň mekdebe ýa-da çagalar bagyna golaý durýanlygy üçin ýapylýandygyny aýdypdyrlar.

Kommersiýa dükanlary ýapylýar

Hususy kommersiýa dükanlarynyň ýapylmagynyň sebäpleriniň häkimiýetleriň döwlete degişli dükanlaryň müşderilerini köpeltmek islegi bilen baglydygyny aýdýan telekeçilerem az däl.
Garaz, görlüp başlanan bu çäre hakda resmi taýdan halk köpçüligine hiç hili maglumat berilmeýär.
Il arasyndaky gürrüňlerden çen tutulsa, häzirki kommersiýa dükanlaryny ýapmak kampaniýasy köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň birinji gatlarynda we ýerzeminlerinde ýa-da ýarym ýerzeminlerinde ýerleşýän dükanlara degişli däl.
Ýogsam, 1-2 ýyl mundan ozal paýtagtdaky 5 gatdan pes bolan köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň ýerzeminlerinde we ýarym ýerzeminlerinde dükan açmak gadagan edilipdi. Olarda dükan açanlaryň dükanlary bolsa ýapylypdy.

Mundan ozalky tejribeler
Ýatlap geçsek, häkimiýetleriň kiosk görnüşli kommersiýa dükanlaryny aýyrmak kampaniýasy 2000-nji ýyllaryň başlarynda hem bolup geçipdi. Şonda paýtagtyň diňe 11-nji mikroraýonynda 100-den hem gowrak kommersiýa dükanlary ýapylypdy.
Şol döwürde häkimiýetler kommersiýa kiosk-dükanlaryny goýmak isleýän telekeçilere ak plastikden ýasalan kiosklary uly köçelerden uzakda goýmaga rugsat beripdiler.
Häzirem käbir dükanlary ýapýarlar käbirleri bolsa, hiç zat bolmadyk ýaly, işläp dur. Olaryň nähili kriterilere görä saýlanýandygy hakda hem jikme-jik maglumat berilmeýär.
Paýtagtdaky hususy kommersiýa dükanlary müňlerçe adamlary iş bilen üpjün edýär. Lomaý söwda bilen meşgul bolýan telekeçileriň hem esasy müşderileriniň biri hususy kommersiýa dükanlary. Olaryň ýerleşýän ýerleri bolsa müşderileri üçin amatly. Şol bir wagtyň özünde-de käbir kommersiýa dükanlarynda sanitariýa taýdan bärden gaýtmalaryň hem bardygy hakda gürrüňler bar.