Aşgabat: Täze duralgalaryň "näsazlyklary"

Aşgabatdaky awtobus duralgasy

Iki ýyl mundan ozal paýtagtyň merkezi köçelerinde beýleki awtobus duralgalaryndan ýolagçylar üçin döredilen artykmaç amatlyklary bilen tapawutlanýan täze awtobus duralgalary goýlup başlandy. Ilkibaşda olar, esasan, Türkmenbaşy we Bitaraplyk prospektlerinde gurlupdy.

Split-sistemalar, plazma ekranly telewizorlar, howanyň temperaturasyny görkezýän enjamlar, arrassa oturgyçlar goýlan bu duralgalar howanyň 40 gradus yssysynda ýa-da buzly we garly günlerde ýollagçylar üçin örän amatly.

Edil şeýle duralgalara paýtagtda täze gurlan Çandybil, Köpetdag prospektlerinde we 10 ýyl abadançylyk prospektiniň täze gurlan böleginde hem duş gelmek bolýar we olaryň sany barha köpelýär.

Duralganyň içi

Bu duralgalaryň hersiniň näçä durýandygy hakda takyk maglumat ýok. Emma duralgalarda goýlan enjamlardan çen tutulsa, olaryň hersiniň bahasynyň müňlerçe dollara barabardygyny aýtmaga esas bar. Diňe onuň bahasy däl, ony abat saklamak üçin edilýän çykdajylaram az däl.

Plastikden gurlan iki sany otagdan ybarat bu duralgalary arassa saklamak üçin her gün iş alnyp barylýar. Kommunal hojalygynyň işgärleri her gün olaryň içini-daşyny ýuwup çykýarlar. Içindäki enjamlar bolsa el güýji bilen ýekän-ýekän arassalanýar.

Näsazlyklar

Şeýle awtobus duralgalaryň täzeleri gurulýarka, olaryň gurlanyndan bäri aradan iki ýyl geçmänkä, uly bir böleginde dürli nasazlyklar peýda bolup başlady. Käbirleriniň telewizorlary işlemeýän bolsa, käbirleriniň ýyladyjy, sowadyjy split sistemalary hatardan çykdy.

Awtomatiki gapysy işlemeýän duralga

Duralgalaryň ýolagçylar üçin niýetlenen otagyna girilýän gapy, adam ýakynlaşanda, ýörite enjam arkaly awtomatik usulda açylýar. Emma bu hili gapylary eýýäm işlemeýän duralgalar hem bar.

Duralgalardaky haryt satmak üçin döredilen dükan otaglarynyň uly bir bölegi hiç haçan işledilmedi. Olaryň käbirlerinde gazet-žurnal satylýan kiosklar ýerleşdirildi. Emma olarda işleýän satyjylar söwdanyň ýoklugyndan şikaýat edýärler.

Duralgalaryň köpüsindäki howanyň ýagdaýyny ölçeýän termometrler hem kadaly işlemeýär. Olar howanyň temperaturasyny görkezende, onuň derejesiniň biri-biriniňkiden tas 10 gradus töweregi tapawut edýän ýagdaýlaryna hem duş gelinýär.

Indiki guruljak awtobus duralgalarynyň ýagdaýlarynyň öňkülerden nähili tapawutlanjakdygy näbelli. Emma täze salynjak uly ýollaryň ählisinde täze awtobus duralgalarynyň guruljakdygy aýdylýar.