Eýran: Rohany reformaçy bolup bilermi?

Hasan Rohanynyň tarapdary.

Eýranda prezidentlik saýlawlaryna sanlyja gün barka, 64 ýaşly ruhany Hasan Rohanynyň oslanmadyk reformaçy kandidat bolup çykandygyny görkezýän alamatlar tapylýar.

Yglan edilen reformaçy bolmasa-da, Rohanynyň gozgaýan temalary gös-göni reformaçy saýlawçylara gönükdirilýäne meňzeýär.

Ol Mazandaran welaýatynyň merkezi Sari şäherinde eden çykyşynda prezident saýlanan halatynda syýasy zulum-sütemi aradan aýyrjakdygyny aýtdy. Ondan bir gün öň hem Tähranda, eger prezident saýlansa, ähli syýasy tussaglary boşatjakdygyny aýdypdy.

Bu beýanatlaryň ikisi-de 2009-njy ýylda prezident Mahmud Ahmedinejad gaýtadan prezident saýlanaly bäri özüni bir çetde duýýan reformaçy saýlawçylary oýarmaga gönükdirilene meňzeýär.

Eýranlylaryň aglabasy 2009-njy ýylda saýlawyň netijeleriniň galplaşdyrylandygyna ynanýarlar. Şol sebäpli turan köpçülikleýin protestler häkimiýetleriň basyş etmegi bilen ýüzbe-ýüz bolup, müňlerçe adam tussag edildi.

Ýaşlar

Mehrdad Emady Londonda ýerleşýän "Data-Matriks Systems" guramasynda Eýran ykdysadyýeti boýunça ekspert. Onuň aýtmagyna görä, Rohany indi umydyny ýitiren ýaş saýlawçylaryň ünsüni özüne çekýär.

"Ähli indikatorlaryň görkezmegine görä, reformaçylar üçin bir hakyky dalaşgärleriň ýa bir ideal dalaşgäriň ýok ýerinde jenap Rohany bu boşlugy dolduryp, özlerini çetleşdirilen duýýan reformaçy saýlawçylar köpçüligini gyzyklandyryp biljek adam. Biz mundan iki hepde öň-de sesi çykmaýan ýaşlaryň herekete geçenini görýäris" diýip, Emady aýdýar.

Rohanynyň syýasy tussaglary boşatmak barada jemgyýetçilige ýüzlenmgi saýlaw kampaniýasynyň soňky salymda ýüze çykan geň-taňlygy bolup görünýär. Soňra ses berişlikde düzgüni "bozmalaryň" bolandygyny aýtsalar-da, Rohany-da, onuň reformaçylaryň seslerini gazanmak boýunça ýakyn bäsdeşi bolan dalaşgär Muhammad Reza Aref-de 2009-nji ýylda turan galagoplukda dymypdylar.

Okuwynyň bir bölegini Glasgowda bitiren Rohany syýasatda nätanyş adam däl. Ol reforma pikirli prezident Muhammad Hateminiň döwründe ýadro işlerinde Eýranyň ýolbaşçy wekili bolup gulluk etdi. Eýranda saýlawdan öň geçen çekişmelerde hem konserwatiw bäsdeşleriniň garşysyna tutan tutumy güýçli boldy.

Ýadro gepleşikleri

Jedelli ýadro programmasy baradaky gepleşiklerde Rohany Eýranyň pozisiýasyny gowşatmazdan, özüniň Günbatar bilen oňat gatnaşyklary isleýändigini aýtdy.

Ol Eýranyň ýadro gepleşikleri baradaky häzirki wekili konserwatiwleriň baş dalaşgäri Said Jeliliniň Eýrany ykdysady sanksiýalara duçar eden syýasatyny tankytlaýana meňzeýär.

Öňümizdäki anna gününe planlaşdyrylan ses berişlikden öň konserwatiwleriň Rohanyny yza serpikdirmegi mümkin.

9-njy iýun senbe güni Eýranyň ýarym resmi habar gullugy "Mehr" ”Gözegçiler geňeşiniň” täzeden pikir alşyp, Rohanyny kandidatlykdan çykarmagynyň mümkindigini habar berdi. Ýöne bu ”Geňeşiň” sözçüsi Abbas Ali Kadhudaýy 10-njy iýunda kandidatlaryň bu işe laýyk ýa laýyk däldigini täzeden gözden geçirmek meselesiniň gozgalmandygyny aýdyp, bu habary ret etdi.

Häzirki sorag Rohanynyň saýlawda ýeňiji bolup çykarlyk derejede goldaw alyp biljegi ýa bilmejekdigi.

Britaniýanyň Birmingem uniwersitetinde Eýran boýunça ekspert Skott Lukasyň pikiriçe, saýlaw adalatly bolsa, aram we reformaçy kandidatlar özara koalisiýa gursa, konserwatiw kandidatlaryň alan sesleri hem olaryň öz aralarynda bölünse, Rohany üçin bu mümkinçilik ýok däl.

"Anna güni geçiriljek [prezident] saýlawlaryna çenli bizi gyzyklandyrýan – konserwatiwleriň näme etjekdikleri. Aram güýçler bilen reformaçylar özara koalisiýa gurup bilýärmi, bizi bu-da gyzyklandyrýar" diýip, Lukas aýdýar.