Eýran bilen Atom energiýasy boýunça halkara gullugynyň arasynda her gezek gepleşik geçende, esasy tema Tähranyň Gullugyň inspektorlaryna Parçine harby kompleksine baryp görmäge ýol berip-bermezligi hakda bolýar. Gullugyň baş direktory Ýukiýa Amano ýene bir gezek Eýrany bu komplekse baryp görmäge ýol bermäge çagyrdy.
Ýadro inspektorlary 2011-nji ýylyň noýabr aýynda özleriniň Eýranyň on ýyldan gowrak mundan ozal Parçinde "partlaýjy ýadro mehanizmini döretmäge degişli" synaglar geçirendigine ynanýandyklaryny aýtdylar.
Ýöne 2000-nji ýyldan bäri halkara Atom gullugyna bu ýere baryp görmäge rugsat edilenok. Gulluk 2005-njy ýylda Parçine barsa-da, oňa gürrüňi edilýän jedelli bina girip görmäge ýol berilmedi.
Eýranyň muňa ýol bermezligi Günbataryň "ol bir zadyň üstüniň açylmagyndan gorkýar" diýen şübhesini güýçlendirýär.
Aradan köp wagt geçendigine garamazdan, jedelli binany baryp görmek inspektorlary häzirem gyzyklandyrýar. Sebäbi bu jedelliligi artdyrýan ýene bir subutnama bar.
Rus alymlary
Wenada ýerleşýän "Ýaragsyzlanma we ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlyk baradaky merkeziň" işgäri Ýelena Sokowa muny şeýle düşündirýär: "Şeýle hem Orsýetiň ýadro laboratoriýasyna degişli bir rus alymynyň ol ýerde bolandygy aýan edildi. Partlaýjy maddalar boýunça ekspert bolan bu alym şol ýerde işläpdir".
Tähranyň bütin öten ýylyň dowamynda bu jedelli binany boýdan-başa arassalamagy hem barlagçylaryň şübhesini artdyrdy.
Ýöne ozal ýadro bilen baglanyşykly synaglar geçirilen bolsa-bolmasa-da, Eýranyň halkara inspektorlaryna Parçine barmaga ýol bermezligi ony diňe bir barlanmaly ýer däl, eýsem ondan has uly bir zada öwürýär. Ol indi Halkara Atom gullugynyň Eýran bilen aradaky ýadro krizisini çözmegi başarmaýanlygynyň alamaty bolup durýar.
Stokgolmyň Halkara parahatçylyk barlaglary baradaky institutynyň işgäri Şanon Kaýl aslynda Parçiniň beýle kynçylyga öwrüler diýip, hiç kimiň pikir etmändigini belleýär: "Hemmeler Parçine gitmek barada Atom energiýasy boýunça halkara gullugy bilen Eýranyň arasynda ylalaşyga gelner diýip pikir edipdi. Sebäbi Halkara atom gullugy 2005-nji ýylda Parçine baryp gördi. Bu bir çynlakaý mesele bolar diýip, hiç kim pikir etmändi. Ýöne Eýran bilen Atom energiýasy boýunça halkara gullugynyň gatnaşyklarynyň barha ýaramazlaşmagy netijesinde, nebsimiz agyrsa-da, Parçin Gulluk bilen Eýran hökümetiniň arasyndaky petigiň ýa çykalgasyzlygyň umumy we meşhur alamatyna öwrüldi".
Subutnama
Parçin iki tarapyň arasynda kimiň utup, kimiň utuljakdygy baradaky meselä öwrülensoň, ol ýa Eýrandaky başga bir fizika bilen baglanyşykly ýer Eýranyň ýadro ýaraglaryny öndürmäge synanyşyp-synanyşmaýandygy baradaky soragy çözmäge inspektorlary subutnama bilen üpjün eder diýip pikir edýänler indi köp däl.
Kaýlyň pikiriçe, bular ýaly subutnamalary diňe adamlardan we dokumentlerden alyp bolar. Sebäbi bular aňsatlyk bilen üstüni basyryp, ýa üýtgedip bolýan zatlar däl.
"Meniň pikirimçe, eger bir subutnama bar bolsa, ol interwýulardan, geçmişde alnyp barlan işler baradaky dokumentlerden çykar. Men, mysal üçin, atom ýaraglaryny öndürýän bir gizlin desga tapylar öýdemok. Meniň pikirimçe, olaryň gözleýäni bu hem däl" diýip, Kaýl belleýär.
Häzir Parçin baradaky dawa barlagçylaryň alymlar bilen gürleşmek we dokumentleri görmek mümkinçiligine böwet bolýar. Wenadaky ümsümligi, gymyldysyzlygy göz öňüne getireniňde bu ýagdaý basym üýtgärli hem görnenok.