Türk pianisti yslama şek ýetirmekde aýyplanýar

Saýa goldaw bildirmek üçin suduň jaýynyň daşynda ýygnanan adamlar, Stambul, 18-nji oktýabr.

Tanymal türk pianisti Fazyl Saý Nýu-Ýorkuň filarmoniýasy, Berliniň simfonik orkestri bilen bile çykyş edipdi, Ýewropa Bileleşigindäki medeniýet ilçisi bolupdy.

Emma bu gün Türkiýäniň häkimiýetlerini gyzyklandyrýan zat - Saýyň klassyky we jazz pianisti we kompozitory hökmündäki sazandarlyk talanty däl. Olary onuň yslam dinine hormat goýmaýan teswirleri ýazmaga meýil etmegi gyzyklandyrýar.

18-nji oktýabrda 42 ýaşly sungat işgäri "milletiň bir bölegi tarapyndan kabul edilen dini gymmatlyklary aç-açan kemsitmekde" we "jemgyýetçilik duşmançylygyny we ýigrenji oýarmakda" aýyplanyp, Stambulda suda çekildi.

Iýun aýynda prokurorlar tarapyndan özüne bildirilen aýyplama boýunça günäli tapylsa, Saýa köp bolanda 18 aýlyk türme tussaglygy garaşýar.

Iki tarapa hem taýýarlanmaga ýeterlik wagtyň berilmegi üçin sud diňlenişigi 14-nji fewrala çenli soňa süýşürilmezinden öň, Saý özüne bildirilen aýyplamalary ret edip, özüniň aklanmagyny talap etdi.

Tanymal türk pianisti Fazyl Saý

Saýyň suda çekilmeginiň sebäpleriniň arasynda onuň Twitterde azançylar barada henek edip ýazan ýazgylary hem bar. Öz ýaşaýan ýerine golaý ýerleşýän metjitde azançynyň sesi bolmalysy ýaly birnäçe minut däl-de, 22 sekund ýaňlanandan soň, ol Twitterde: "Bu howlukmaçlyk näme? Saňa garaşyp duran aýal barmy ýa stoluň üstünde arak durmy?" diýip ýazypdy.

Ençeme yslamçylar bu sözleri kabul ederliksiz hasaplaýarlar, yslam alkogol içgilerini gadagan edýär.

Emma Saýyň tarapdarlary meseläniň diňe bir dinde däldigini, onuň söz azatlygyna hem degişlidigini aýdýarlar.

Olar pianiste garşy görülýän bu çäräniň premýer-ministr Rejep Taýýip Erdoganyň yslamçylar tarapyndan dolandyrylýan hökümetiniň öz halamaýan zatlaryna garşy girizen kanuny gadagançylyklaryndan ugur alýandygyny aýdýarlar.

"Bu çäräniň söz azatlygyna garşy görülýändigine ynanýarys. Şol sebäpli, men raýdaşlyk bildirmek üçin şu ýere geldim" diýip, asly türk bolan germaniýaly syýasatçy Sewim Dagdelen aýdýar. Ol Saýa goldaw bildirmek üçin suduň jaýynyň daşynda ýygnanan mähelläniň arasynda durdy.

Olaryň gahar etmekleriniň esasy sebäbi: intellektuallaryň we ýazyjylaryň soňky döwür suda has köp çekilmegi.

Suda çekilen ýazyjylaryň arasynda Nobel baýragynyň eýesi Orhan Pamuk has köp tanalýar. Ol Şwesiýanyň bir gazetinde türkleriň "30,000 etniki kürdi we 1 million ermenini öldürendigini" aýdyp çykyş edenden soň, "türkçüligi kemsitmekde" aýyplanyp, 2005-nji ýylda sud edilipdi.

Pamugyň halkara reaksiýalara sebäp bolan sud işi soňra tehniki sebäpler bilen ýatyryldy. Emma kän bir tanalmaýan žurnalistleriň, ýazyjylaryň, adam hukuklary aktiwistleriniň we syýasatçylaryň ykbaly keç boldy. Olar taryh, din ýa terrorizm barada aýdylýan zatlara girizilen düşnüksiz çäklendirmeleri bozandyklary üçin jezalandyryldylar, türme tussaglygyna höküm edildiler ýa-da jerime tölemeli boldular.

Wenada ýerleşýän Halkara metbugat institutynyň başlygynyň orunbasary Antoni Mills Türkiýede sud häkimiýeti sistemasyny reformirlemegiň zerurdygyny aýdýar.

"Bular hökümetiň yslamçy pozisiýasyna ýa Türkiýäniň terrorizm kanunlaryna dahylly bolsun – tapawudy ýok. Munuň esasy bölegi kanunlaryň düşnüksiz ýagdaýda ulanylmagydyr. Türkiýäniň türmelerinde häzir hem 70 žurnalist bar, olaryň hemmesi ýa tas ählisi diýen ýaly terrorizm kanunlary esasynda türmä basyldy" diýip, metbugat azatlygyna gözegçilik edýän guramaynyň işgäri Mills belleýär.

Mills terrorizm kanunlaryna laýyklykda, hatda söweşijilerden interwýu alan žurnalistleriň hem terrorçylyk hereketini amala aşyrandygy barada sudýalaryň karar çykaryp biljekdigini aýdýar.

Türkiýäniň Ýewropa Bileleşigine agza bolmak ugrunda gazanan ösüşi barada geçen hepde çykaran hasabatynda ÝB bu ýurdy raýatlaryň "azatlyk we howsuzlyk hukugyny, adalatly sud edilmek hukugyny, şeýle hem söz azatlygy hukugyny häzir hem bozýanlykda" tankytlady.

ÝB media azatlygyna girizilýän çäklendirmeleriň, şeýle hem ýazyjylara we žurnalistlere garşy sud işleriniň sanynyň artmagynyň "çynlakaý meseledigini" belledi.

Indi bolsa Saýyň işiniň suda geçirilmegi bilen, pianistiň ýazan ýazgylaryna girizilýän çäklendirmeleri hem alada bildirilýän zatlaryň sanawyna goşup bolar.