Türkmenistanda Remezan

Metjide barýanlar diňe ýaşuly dindarlar, ýaşy bir çaka ýeten ýaşulular, ýaşlar bilen çäklenmän, olaryň arasynda köp sanly çagalaram görmek mümkin.

Yslam äleminiň beýleki ýurtlarynda bolşy ýaly, Remezan aýy Türkmenistanda hem özboluşly dabaralar we dürli aýratynlyklar bilen geçirilýär: dindarlar agzyny bekläp, tarawa namazyna gatnaýarlar, ymamlar metjide baranlaryň öňünde dürli wagyz-ündew edýärler.

Umuman aýdylanda, oraza aýynda, beýleki aýlar bilen deňeşdirilende metjide gatnaýanlaryň sany göz-görtele artýar. Tarawa namazyny okamak üçin metjide barýanlar diňe ýaşuly dindarlar, ýaşy bir çaka ýeten ýaşulular, ýaşlar bilen çäklenmän, olaryň arasynda köp sanly çagalaram görmek mümkin.

Käbir beýleki musulman ýurtlardan tapawutlylykda, Türkmenistanda ýaş çagalar ýygnanyşyp, gapy-gapy aýlanyp, dürli doga-dilegler edip, “Ýa, remezan” aýdýarlar, ilatam olary göwnünden çykaran sowgat-serpay bilen sylaglaýar. Öňden gelýän bu däp Türkmenabadyň köçelerinde bu ýylam dowam etdirildi.

Şol bir wagtyň özünde-de bazarlarda oraza mahsus haryt önümlerem göze ilýär. Olaryň arasynda daşary ýurtlardan, hususanam arap ýurtlaryndan getirilen hurma önümlerine, isleg örän uly. Sebäbi hurma Lebapda agzaçarda iýilýän esasy miwelerden biri.

Geçen ýyllar bilen deňeşdirilende oraza aýynyň beýleki bir aýratynlygam bu aýyň yssy tomsa gabat gelmegidir. Şol bir wagtyň özünde-de agyz bekli bolmaly möhletem öňki ýyllar bilen deňeşdirilende bu ýyl örän uzyn.

Lebabyň bazarynda

Suratlar: Türkmenabadyň bazarynda

Käbir dindarlar, aýratynam agyr zähmetde işleýän adamlar bu ýagdaýyň oraza tutmagy juda kynlaşdyrýanlygyny aýdýarlar. Lebap welaýatynyň ýaşaýjysy Perman hem olardan biri. Onuň aýtmagyna görä, hökümet dindarlara käbir mümkinçilikleri döretse, belkem, bu kynçylygy belli bir derejede ýeňledip bolardy.

“Biziň ýurdumyzda agzyny beklemek isleýänler üçin esasy kynçylyk iş ýerinden ýylyň dowamynda berilmeli bir aýlyk zähmet rugsadyny almak. Men iki ýyldan bäri Türkmenabat şäherindäki dokma fabrikde işleýän. Oraza aýy başlamazdan ozal Remezanda fabrigiň başlygyna maňa bir aýlyk zähmet rugsadyny bermegini sorap, arza bilen ýüz tutdum, ýöne netije bermedi” diýip, Perman Azatlyk Radiosyna gürrüň berýär.

Ol Türkiýede dört ýyl işlänligini ýatladyp, şol döwürde dindarlara niýetlenilip döredilýän mümkinçiliklere ünsi çekýär. Onuň aýtmagyna görä, esasanam käbir hususy firmalarda işleýän dindarlara döredilýän ýeňillikler aýratyn öwgä mynasyp.

“Eger Türkmenistanda kabinetde, sowadyjynyň aşagynda oturyp işleýän bolsam, maňa zähmet rugsady asla gerek hem däl. Ýöne geçen ýyldaky Remezan aýy bilen deňeşdirilende bu ýyl howa has yssy boldy” diýip, Perman aýdýar.

Dokma fabriginde işleýän Permandan tapawutlylykda, yssy tomusda ekin meýdanlarynda işleýän dindarlaram bar. Olar diňe erkek adamlar bolman, işçi daýhanlaryň arasynda zenan maşgalara-da gözüňe ilýär.

Galyberse-de, iň bärkisi Lebap welaýatynyň ençeme etraplary barada gürrüň edilende, yssy tomsuň üstesine, elektrik toklary hem ýanyp-sönüp dur, bu hem umuman ilat, hususanam agzyny bekleýän dindarlar üçin goşmaça kellagyry döredýär.

Lebap welaýatynyň ýerli resmileriniň aýtmagyna görä, elektrik togunyň häli-şindi kesilip durmagynyň sebäbi transformatorlaryň çalşylýandygy bilen bagly. Bu ýagdaýda kondisioner ýaly enjamlaram işledip bolanok.

Elektrik toguň kesilşi, eýýäm indi ençeme hepdeden bäri dowam edýär, transformatorlary çalyşmak işiniň hem haçan tamamlanjagy barada häzirlikçe takyk maglumat berilmeýär.