Millionlarça özbek abonentleri mobil telefon hyzmatlaryndan mahrum boldular

Ýurtdaky beýleki dört sany mobil operatorynyň ofisleriniň öňünde uzyn nobatlar emele geldi.

Özbegistanyň hökümeti bilen ýurtdaky iň uly mobil operatory birek-biregi aýyplandan soň, millionlarça müşderiler mobil telefon hyzmatlaryndan mahrum boldular.

Orsýetiň MTS kompaniýasynyň golçur kärhanasy bolan “Uzdunrobita” kompaniýasynyň lisenziýasy 17-nji iýulda 10 günlük togtadyldy. Şondan bir gün soň “Uzdunrobita” buýrugy ýerine ýetirip, kompaniýanyň 9,5 million abonentine özüniň bäsdeş kompaniýasynyň hyzmatlaryny ulanmakdan başga çäre goýmady.

Emma “Uzdunrobita” kompaniýasynyň buýrugy ýerine ýetirişi özbek hökümetiniň göwnünden turmady. Müşderiler şikaýat edip başlandan soň, 18-nji iýulda Aragatnaşyk agentligi bu kompaniýany ähli işlerini tapgyrlaýyn däl-de, birden togtadyp, buýrugyň şertlerini bozmakda günäledi.

MTS kompaniýasy “Interfaks” habar agentligine beren beýanatynda hyzmatlary tapgyrlaýyn togtatmagyň Özbek telekomyň kanunlaryna çapraz geljekdigini, sebäbi işleri ýatyrylan telekom kompaniýalaryna hyzmat tölegleriniň tölenmeýändigini aýtdy.

Mobil hyzmatlaryndan mahrum bolan müşderiler hususy we biznes telefon nomerlerini edinmek üçin iki ýana ylgaşlaşyp başladylar. Ýurtdaky beýleki dört sany mobil operatorynyň ofisleriniň öňünde uzyn nobatlar emele geldi.

Özbegistandaky beýleki dört operatoryň şeýle uly talaby ödäp bilip-bilmejegi hem sorag astyna alynýar. Ýurtda 25 million abonenti bolan mobil bazarynyň 40 prosenti “Uzdunrobita” degişlidi.

Derňewler we tussag edişlikler

18-nji iýulda “Uzdunrobita” kompaniýasyna günä ýöňkelmezden öň, ýurduň hökümeti bu kompaniýanyň hyzmatlarynyň togtadylmagyndan zyýan çekjek müşderileriň az-kem göwnüni tapmaga synanyşdy.

17-nji iýulda “Uzdunrobita” kompaniýasynyň hyzmatlarynyň togtadylmagyna sanlyja sagat galanda, hökümetiň bir resmisi Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna interwýu berip, abonentleri mobil telefon ulanmak üçin başga ýollary gözlemäge çagyrdy.

“MTS mobil-aragatnaşyk hyzmatlaryny hödürleýän ýeke-täk kompaniýa däl ahyryn. Başga-da ýene dört sanysy bar” diýip, Özbegistanyň aragatnaşyk gullugynyň ýokary derejeli resmisi Şuhrat Atamuhammedow aýtdy. “Şu gün sagat 18:00-a çenli täze nomer edinip, ony dostlaryňa we garyndaşlaryňa ýetirip bolýar, dogry dälmi?”

Özbek hökümeti bilen “Uzdunrobita” kompaniýasynyň arasyndaky dawa bolsa dowam edýär. Daşkent bu kompaniýanyň biznes işlerini derňeýär.

Hökümet şu ýylyň ýaz aýlaryndan bäri ýurduň Baş prokuraturasy bilen salgyt edaralary tarapyndan alnyp barylýan barlaglaryň netijesinde bu kompaniýada nagt pullaryň bikanun ulanylandygynyň, emläk ogurlyklarynyň, şeýle hem salgyt galplyklarynyň üstüniň açylandygyny öňe sürýär.

Ýurduň Baş prokurory kompaniýanyň birnäçe resmisine, şol sanda “Uzdunrobitanyň” baş müdiri Bekzod Ahmedowa garşy jenaýat işini gozgady.

MTS kompaniýasy Özbegistanyň hökümetine ýüzlenip, “Uzdunrobita” bilen baglanyşykly ýurduň kanunlarynyň “gödek bozulmagyna” garşy çäre görmegi sorady.

Kompaniýa “Uzdunrobitanyň” işgärleriniň tussag edilmegine hem protest bildirip, sorag edişliklerde olara wekilçilik etmäge özüniň aklawçylaryna rugsat berilmeýändigini aýtdy.

Näme sebäp boldy?

Derňewler bilen bagly dawalar dowam edýärkä, Özbegistanda hökümetiň näme sebäpden bu kompaniýany köseýändigi bilen balgy çaklamalar ör boýuna galdy.

Käbir çaklamalara görä, bu dawa Orsýet bilen Özbegistanyň arasyndaky dartgynlylygyň gitdigiçe ýokarlanmagy bilen bagly. Soňky ýyllaryň dowamynda Daşkent Günbatar bilen arasyny sazlamaga synanyşyp gelýär. Geçen aý Özbegistan Moskwanyň agalygyndaky Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasyna (CSTO) agzalykdan çykdy.

Emma beýleki çaklamalar “Uzdunrobita” kompaniýasynyň eýeçiligi bilen bagly.

Bu kompaniýa 2004-nji ýylda MTS-e satylmazyndan öň, ol Özbegistanyň prezidentiniň gyzy Gülnara Kerimowa degişlidi. 2004-nji ýyldan bäri ýurtda mobil telefon ulanyjylaryň sanynyň üç esse köpelmegi bilen, bu kompaniýa has hem baýady. Indi, käbir çaklamalara görä, özbek elitasynyň täsirli agzalary ony yzyna almak isleýän bolup biler.

“Uzdunrobita” kompaniýasyna 10 günlük togtadyşdan soň nämäniň garaşýandygy belli däl. Hökümet indiki ädimleri barada heniz hiç zat aýtmady. Emma “Uzdunrobitanyň” ykbaly nähili bolsa-da, oňa eýeçilik edýän MTS kompaniýasy indi ýiti göreşe garaşyp biler.

Ýöne bu göreş Orsýetiň telekommunikasiýa läheňi üçin ilkinji tejribe bolmaz. 2010-njy ýylda Türkmenistanyň hökümeti hem bu kompaniýanyň lisenziýasyny togtadandan soň, iki tarapyň arasynda dawa ýüze çykypdy. Şonda MTS kompaniýasy 140 million dollar ýitirýändigini yglan edipdi.