Türkmenabatda “Fiççi house” meşhurlyk gazanýar

Kafe iki bölekden ybarat bolup, onuň bir bölegi açyk meýdanda, agaçlaryň kölegesinde, beýleki bölegi bolsa jaýyň içinde ýerleşýär.

Arassa howa, bag-bakjalaryň kölegesi, yzygiderli tämizlenip durlan kafe, ýörite belgili geýim-eşikli ofisiantlar…

Türkmenabatda ýerleşýän kafeler barada gürrüň edilende, aýdylan bu zatlaryň ählisini bir kafede görmek adaty ýagdaý däl, emma “Fiççi house” kafesinde bularyň hemmesi bar.

Türkmenabat şäheriniň demirgazygynda ýerleşýän we 5 ýyldan gowrak wagtdan bäri işleýän “Fiççi housyň” müşderileriniň sany barha köpelýär. Onuň dolandyryjylarynyň aýtmagyna görä, kafeniň şäheriň çetinde ýerleşmegi hem müşderileriniň sanyna o diýen täsir ýetirenok.

“Fiççi housyň naharlary tagamly. Esasan, fiççisiniň tagamy has üýtgeşik. Kafeniň meşhurlygynyň sebäbi-de şunda. Men bu kafe üç ýyldan bäri gelýärin” diýip, kafeniň özüni Röwşen diýip tanadan bir müşderisi aýdýar.

Kafe iki bölekden ybarat bolup, onuň bir bölegi açyk meýdanda, agaçlaryň kölegesinde, beýleki bölegi bolsa jaýyň içinde ýerleşýär. Kafede 4 adamlykdan jemi 65 sany stol bar, olar bir gezekde 260 adama hyzmat etmäge niýetlenen.

Bu kafe hususyýetçiler tarapyndan dolandyrylýar. Kafeniň dolandyryjysy 25 ýaşlaryndaky bir ýigit. Ondan başga-da, kafede 30 töweregi adam işleýär. Şäherdäki beýleki kafelerden tapawutlylykda, “Fiççi housyň” işçileri ýörite ak reňkli eşikler geýipdirler.

“Ulurak baýramçylyk günleri has hem iş köp bolýar, baýramçylyk günleri adamlar deň-duşlary bilen bilelikde naharlanmaga gelýärler, kafemiz ir sagat 8-den tä gije sagat 11-e çenli işleýär diýip, kafeniň özüni Nargiza diýip tanadan işgäri aýtdy.

Ofisiantlar her gününe ortaça 20 manat gazanýandyklaryny aýdýarlar. Ol aýda 600 manat bolýar. Deňeşdirmek üçin aýdylanda, Lebapda orta mekdebiň mugallymynyň aýlygy ortaça 800 manada barabardyr.

Fiççi iýmek üçin bu kafe ýörite paýtagtdan we beýleki welaýatlardan gelýän müşderileriň hem bardygy aýdylýar.

Ady “Fiççi house” bolsa-da, kafede diňe fiççi däl, et önümlerinden taýýarlanan her hili tagamlary-da tapmak mümkin. Kebap, manty, towuk, türkmen palawy – olardan diňe käbirleri. Emma, kafeniň dolandyryjylarynyň aýtmagyna görä, müşderileriň aglaba bölegi fiççi iýmek üçin gelýärler.

“Bu kafeniň fiççisiniň beýleki restoranlarda satylýan fiççilerden tapawudy onuň tagamynda, fiççileri örän tagamly. Men öňem bir sapar bu kafede bolupdym. Garyndaşlarymyňka gelenimde indi her gezek şu ýere gelip, fiççi iýýän” diýip, ogly bilen Mary welaýatyndan Türkmenabada garyndaşlarynyňka gelen we özüni Bahar gelneje diýip tanadan müşderi Azatlyk Radiosy bilen özara söhbetdeşlikde aýtdy.

“Fiççi house” diňe özüne mahsus tagamy, kafeniň arassalygy bilen däl, Günbatarda has ýörgünli bolan käbir beýleki usullar, şol sanda nahary muşderileriň islegine görä taýýarlap, ony getir diýlen ýere eltip bermek ýaly hyzmatlary bilen hem tapawutlanýar.

“Fiççi house” hususyýetçiler tarapyndan dolandyrylýan iş merkezi bolup, onuň dolandyryjylary geljekde ýurduň beýleki şäherlerinde hem şunuň ýaly kafeleri açmagy maksat edinýändiklerini, emma onuň üçin hökümet tarapyndan hem goldawyň gerekdigini aýdýarlar.

“Hökümet tarapyndan goldaw bolsa, başga planlarymyz hem bar. Goldaw diýende, kafe gurmak üçin ýer bölegi, uzak möhletleýin bank krediti berilse, gowy bolardy. Halka hyzmat edýän biznesimiz has giňelerdi” diýip, kafeniň adynyň agzalmagyny islemedik dolandyryjylaryndan biri aýtdy.

Kafeniň şäheriň çetinde ýerleşmegine garamazdan, onuň şöhratynyň giňden ýaýramagy ony dolandyrýan adamlaryň beýleki proýektleriniň hem şowly boljagyna umyt döredýär.