ABŞ Merkezi Aziýadaky syýasy tussaglaryň 'atlaryny agzamaga' çagyryldy

ABŞ-nyň Helsinki komissiýasynyň berýän maglumatyna görä, Özbegistan we Türkmenistan syýasy tussaglaryň sany boýunça postsowet giňişliginde ilkinji orunlarda durýar.

Graždan azatlyklaryny goraýjylar, şeýle hem öň Özbegistanda syýasy tussaglykda bolan aktiwist Sanjar Umarow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny Merkezi Aziýa döwletlerinde tussag edilen oppozisiýa liderleriniň, dini wekilleriň we žurnalistleriň "atlaryny agzamagy" dowam etdirmäge çagyrdylar.

15-nji maýda Birleşen Ştatlaryň Helsinki Komissiýasynda eden çykyşynda Özbegistanyň oppozision “Güneş” koalisiýasynyň düýbini tutan aktiwist, häzir bosgunlykda ýaşaýan Sanjar Umarow Özbegistanda tussaglykda saklanýan müňlerçe adamyň dürli gynamalara sezewar edilýändiklerini aýtdy.

“Ol ýerde meniňki ýaly her bir işde başga-da müňlerçe tussag sülçüleriň, türme gözegçileriniň we administratorlarynyň eden-etdiliginiň we gynamalarynyň netijesinde heläk bolýar” diýip, Umarow aýtdy. “ABŞ we dünýa jemgyýetçiligi biziň şu gürrüňleri edýän wagtymyz Özbegistanda gynalýan müňlerçe tussagy goramaly”.

Şeýle hem Umarow Birleşen Ştatlaryň we dünýa jemgyýetçiliginiň özbek häkimiýetlerinden syýasy yzarlamalaryň we tussaglykda saklanýanlaryň gynalmaklarynyň öňüni almak üçin anyk herekete geçmegi talap etmelidigini nygtady.

Umarowyň ýolbaşçylyk eden hereketi 2006-njy ýylda özbek häkimiýetlerine ýurtda reformalary geçirmäge çagyryş edipdi. Şondan soň Umarow salgyt tölemekden gaçmakda we ogurlyk etmekde aýyplanyp, tussag edildi. Soňra ol ABŞ-nyň tagallalary bilen azatlyga goýberilip, ABŞ-dan syýasy baş pena aldy. Ol ABŞ-nyň öz ömrüni halas edendigini aýdýar.

Umarowyň bu çagyryşy käbir hukuk goraýjy toparlaryň ABŞ-Merkezi Aziýa gatnaşyklarynyň ugurlary boýunça alada bildirýän döwrüne gabat geldi. Olar gatnaşyklaryň derejesiniň syýasy bähbitlere çenden aşa ýykgyn edýändigini we adam hukuklarynyň bozulmagyny dile getirmekden daşlaşýandygyny aýdýarlar. ABŞ-nyň Owganystandaky missiýasyna zerur bolan ýüki daşamak meselesinde örän möhüm rol oýnaýan Merkezi Aziýa döwletleri köpden bäri öz ýapyk syýasy sistemalary we azatlyklary çäklendirmekleri bilen tanalýarlar.

Birleşen Ştatlaryň liderleri bolsa, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň liderleri bilen özara gürrüňdeşlikde adam hukuklarynyň bozulmalaryny we aýry-aýry adamlaryň işi bilen bagly meseleleri yzygiderli gozgaýandyklaryny aýdýarlar.

Päsgelçilik we mümkinçilik

ABŞ-nyň Halkara din azatlygy Kommissiýasynyň wekili Ketrin Kosman ABŞ-nyň Helsinki komitetinde eden çykyşynda, Merkezi Aziýanyň türmelerinde oturan syýasy tussaglara hem wyždan ýesirlerine Waşingtonyň has köp üns bermelidigini aýdyp, tussaglar barada köpräk maglumatyň berilmeginiň bendileriň janynyň halas edilmegini aňlatjakdygyny nygtady.

Kosman ABŞ-nyň Demirgazyk üpjünçilik ýoly boýunça Merkezi Aziýa döwletleri bilen has ýakyn hyzmatdaşlyk etmeginiň bu regionda adam hukuklarynyň bozulmalaryna has köp üns bermäge mümkinçilik döredýändigini aýtdy.

“Köp adam Demirgazyk üpjünçilik ýoly sebäpli, ABŞ-nyň pozisiýasy bu regiondaky döwletleriň häkimiýetleri bilen adam hukuklary meselesini gozgardan ejiz diýip, pikir edýär. Meniň özüm-ä, hakykatda, bu tersine diýip pikir edýärin” diýip, ABŞ-nyň Halkara din azatlygy Kommissiýasynyň wekili Ketrin Kosman aýtdy.

“Bu regiondaky häkimiýetleriň gaty korrumpirlenendigi göz öňünde tutulsa, ABŞ-nyň hem şol ýollary (NDN) ulanmak üçin köp serişde töleýändigi nazara alynsa, onda bu ýurtlaryň resmileriniň öz şahsy bähbitlerini ileri tutjakdygy belli bolýar” diýip, Kosman şeýle ýagdaýda adam hukuklary hem gozgalsa, onda üstünligi gazanyp boljakdygyny nygtady.

Kosman Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda Täjigistanda dini azatlyklar üçin iň ýaramaz kanuny şertleriň döredilendigini nygtady. Şeýle hem ol Türkmenistanda dini tussaglaryň urlup-ýenjilmegi bilen bagly habarlaryň ýygy-ýygydan gowuşýandygyna, Gazagystanda bolsa dini toparlar üçin aşa köp administratiw päsgelçilikleriň döredilendigine ünsi çekdi.

Birleşen Ştatlaryň kongressmeni, Helsinki Komissiýasynyň agzasy Stefan Kohen Waşingtonyň Owganystan boýunça hyzmatdaşlyga jogap edip, Merkezi Aziýa döwletleriniň awtoritar prezidentleriniň özlerini alyp baryşlaryny “kabul edýändigini ýa-da olara biperwaýlyk bilen öwrenişýändigini” aýtdy. Emma ol bu hyzmatdaşlyk sebäpli “ahlak gymmatlyklarynyň” ünsden düşürilmeli däldigini nygtady.