Ýakyn wagtda BMG-niň Baş Assambleýasynda Palestinanyň döwlet bolmak meselesine garalar diýlip garaşylýar.
Palestin diplomatlary Palestinanyň özbaşdak döwlet hökmünde ykrar edilmegi üçin ençeme ýyl bäri dürli ýurtlara ýüz tutup gelýärler. Bu iş netije bermänem durmady. Şu günki gün Palestinany özbaşdak döwlet hökmünde ykrar edýän ýurtlaryň sany 120-den agdyk.
Geljek hepde Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkda geçjek Baş Assambleýasynyň maslahatynda palestinalylar özlerine bildirilýän goldawy ýokarlandyryp, bu gurama agza döwlet derejesine ýetirmegi umyt edýärler. Olaryň isleýäni - Birleşen Milletler Guramasynyň Palestinany doly agza döwlet diýip ykrar etmegi.
Goldanmak ähtimallygy ýokary
Bu teklibiň ýiti çekişmelere getirjekdigi belli zat. Bu meseläniň döwletleriň arasyna bölünişik salmagy-da mümkin. Sebäbi palestinalylaryň bu teklibini Baş Assambleýada agza döwletleriň üçden iki böleginiň oňlamak, ýagny 193 agzadan 129-synyň goldamak ähtimallygy gaty ýokary.
Ýöne, Baş Assambleýa oňlansoň, doly agzalyk baradaky haýyşnama Howpsuzlyk Geňeşine gitmeli. Bu ýerde hem Amerikanayň Birleşen Ştatlary öz ýarany Ysraýyly goldamak maksady bilen oňa weto goýjakdygyny aýtdy. Çünki Ysraýyl Palestinanyň özbaşdak bolmagy Orta Gündogara bulaşyklyk salar diýen delili öňe sürüp, Palestinanyň özbaşdak döwlet bolmagyny ret edýär.
Häzir bu teklip bilen ylalaşýanlar we ylalaşmaýanlar beýleki döwletleri öz taraplaryna çekmek üçin elde baryny edýärler. Bu meselede has ähmiýet berilýän Ýewropa bilen beýleki günbatar döwletleri. Bu döwletleriň hem öňünde duran kyn mesele bolsa öz iň uly ýaranlary bolan Waşingtony goldamalymy ýa goldamaly däldigi baradaky melese.
Ösen döwletlere köp zat bagly
Amerikanyň wetosyny üýtgedip bilmese-de, Günbataryň goldawy Palestina üçin gaty möhüm hasaplanýar. Muny regional ekspert Elliot Abrams şeýle düşündirýär: “Palestinalylar uly demokratiýalaryň goldawyny alarmy – ine, mesele şunda. Birleşen Ştatlar, Kanada, Awstraliýa, Täze Zelandiýa, Ýewropa Bileleşigi – bular nahili hereket ederler. Sorag hakykatdan hem şunda. Olar san taýdan köplük sesi alyp, abraýly demokratik ýurtlaryň goldawyny gazanyp bilmese, bu olar üçin şowsuzlyk bolar”.
Günbatar döwletleriniň iň uly blogy bolan Ýewropa Bileleşiginiň haýsy ugurdan gitjekdigi entek belli däl. Bileleşigiň daşary gatnaşyklar bölüminiň ýolbaşçysy Katerin Aşton ýaňy iýun aýynda Ysraýyla we Palestina eden saparynda Bileleşigiň palestinalylaryň bu teklibini goldap-goldamaýandygyny belli etmedi.
Kolumbiýa uniwersitetiniň arap barlaglary boýunça professory Raşid Halidi BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň beýleki agzalarynyň tutumyny şeýle suratlandyrýar: “Fransuzlar belli bir rezolýusiýany goldajaga meňzeýär. Ýöne olaryň Birleşen Ştatlaryň garşysyna näderejede gitjekdigi belli däl. Meniň pikirimçe, Orsýetiň goldamagy mümkin. Hytaýyň goldamagy mümkin. Britaniýanyň özüni nähili alyp barjakdygy belli däl”.
Orsýetiň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi Witaliý Çurkin haýsy görnüşde-de bolsa, tapawudy ýok, BMG-niň Palestina berjek islendik goldawyny Moskwanyň-da goldajakdygyny şu hepde bildirdi.
Mümkin wariantlar
Ýewropa diplomatlarynyň käbiri Ýewropa Bileleşigindäki möhüm döwletleriň bir alternatiw rezolýusiýany kabul edip, belli bir tarapy tutmakdan saklanmak umytlarynyň bardygyny aýdýarlar. Munuň Ysraýyl bilen Palestinanyň arasyndaky ýaraşyk gepleşikleri üçin palestinalylaryň isleýän käbir parametrleri öz içine almagy mümkin.
Ýöne Ysraýyl bilen ýaraşyk gepleşikleri babatynda döredilen amatly şertler üçin palestinalylaryň özleriniň özbaşdak döwlet diýlip ykrar edilmegi ugrundaky tagallalardan el çekip-çekmejekdikleri heniz belli däl.
Palestinalylaryň Birleşen Milletler Guramasyna doly agzalyk baradaky tagallalaryny gowşatmak üçin başga ýollar-da bar. Bu hakda Kolumbiýa uniwersitetiniň arap barlaglary boýunça professory Raşid Halidi şeýle diýýär: “BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi bu meseläni saklap bilýär. Başga sözler bilen aýdanyňda, Palestina delegasiýasy özbaşdak agza döwlet hökmünde ykrar edilmegi üçin arza berse, bu hem ilki Howpsuzlyk Geňeşine geçirilse, Howpsuzlyk Geňeşi muny yza süýşürip bilýär. Ol bu meselä garamagy birnäçe hepde ýa ondan hem aňry gaýra goýup biler. Howpuzlyk Geňeşi bu mesele barada derrew herekete geçmeli diýen zat ýok”.
Ýöne munuň bilen mesele çözülmeýär, munda diňe gijikdirilip, wagt utulýar. Ýene bir mümkinçilik bar: Howpsuzlyk Geňeşinde öz öňlerine böwet bolunjakdygy anyk bolsa, palestinalylar Baş Assambleýadan Birleşen Milletler Guramasyna Palestinanyň agza hökmünde däl-de, diňe bir döwlet hökmünde ykrar edilmegini sorap bilerler.
Ýönekeý köplük tarapyndan kabul edilen bu haýyşyň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi tarapyndan tassyklanmagy zerur däl. Şeýle bolanda, Palestina synçy statusly “agza däl döwlet” bolýar. Bu hem onuň “döwlet däl synçy” hökmündäki häzirki statusyndan ýokary.