Liwiýanyň ýolbaşçysy Muammar Kaddafini saýgylamaly bolanda günbatarly liderleriň elleri hemişe gamçyly.
“Kaddafi gün saýyn öz halkyna zulum edýär. Ýitirere wagt ýok. Bu režime görkezilýän gysyş gowşamaly däl” diýip, Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron 14-nji martda Parižde geçirilen G-8-iň duşuşygynda aýtdy.
Ýöne günbatar ýurtlarynyň arasynda Kaddafä garşy söweşýän gozgalaňçylaryň ýolbaşçylaryny ykrar eden diňe Fransiýa. Beýlekiler hem bu işi eden bolsady, onda Liwiýanyň daşary ýurtlardaky pullary, nebitden gelýän girdejiler we tabşyrylýan ýaraglar gozgalaňçylaryň erkinde bolardy.
Beýlekileriň bu işden yza tesmeginiň nähili sebäpleri bar? Munuň sebäbi Günbataryň gozgalaňçylar barada bilýän zatlarynyň az bolmagy ýaly görünýär. 7-nji martda Ak Tamyň sözçüsi Jeý Karneý: “Gündogar Liwiýadaky bir poçta gutusyna bir daňy ýarag ibererden ir” diýdi.
Bu gün bolsa, gozgalaňçylaryň kimlerdigi belli bir derejä çenli bilinmän duranok. Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillary Klinton ýakynda olaryň bir delegasiýasy bilen duşuşdy. Obamanyň administrasiýasy hem Liwiýanyň gozgalaňçy toparlary bilen diplomatik gatnaşygy ýola goýdy.
Ýewropa Bileleşiginiň baş diplomaty Katerin Aşton hem gozgalaňçylaryň elindäki şäher bolan Bengazä Bileleşigiň diplomatik missiýa iberjekdigini bildirdi.
Bulara garamazdan, gozgalaňçylaryň ykrar edilmegini çaklara göze ilip duran esas köp däl. Munuň sebäbini Londonda ýerlşeýän “Royal United Services” institutynyň ylmy işgäri we region boýunça ekspert Şahşank Joşi şeýle düşündirýär: “Biz ýolbaşçylygyň ýokary hataryndaky möhüm şahsyýetleriň käbiriniň kimlerdigini bilýäris. Mysal üçin, öňki içeri işler ministri gaty ýokary derejede. Ol belki müň adamdan durýan ýörite güýçlere serkerdelik edýäne meňzeýär. Bu işde öňki adalat minstriniň-de eliniň bardygyny bilýäris. Ýöne gozgalaň hereketiniň içindäki toparlary bilemzok. Mysal üçin, olaryň bölünişi nähili, tire-taýpalar bilen hyzmatdaşlygy nähili?”
Wagtlaýyn Milli geňeşde gaty gowy tanalýan adam - bu Geňeşiň başlygy, öňki adalat minstri Mustafa Abdel-Jalil. Ol Liwiýa gozgalaňlary başlanyndan bäş gün soň, 21-nji fewralda, demonstrantlaryň garşysyna zorluk ulanylmagyna protest bildirip, wezipesinden çekildi. Soň hem geçiş hökümetini gurmak üçin Bengazä gitdi.
Ýöne Günbataryň Liwiýa rewolýusiýasyna tankydy garamagyna sebäp bolýan zat - ol ýerde halkara derejesinde liberal diýlip ynanylýan ýolbaşçylaryň ýokdugy.
“Gozgalaňçy ýolbaşçylar Kaddafiniň režiminden ýüz öwrüp, onuň garşysyna harby kampaniýany ýola goýdular. Olaryň bu howpy öz üstlerine almagy demokratik isleg-arzuwlaryny ýa iň bolmanda Kaddafä garşydyklaryny görkeýär” diýip, Joşi aýdýar. “Beýleki tarapdan bolsa, mysal üçin, Müsürde režime garşy köp wagtlap kampaniýa alyp baran Muhammed El-Baradeý ýaly liberal şahsyýet hökmünde tanalýan şahsyýetler bardy. Liwiýada bolsa şular ýaly şahsyýetler ýok”.
Käbir analitikler Kaddafiniň güýçleriniň köp etraplary yzyna alyp, Bengazä golaýlap gelýänine salgylanyp: “Günbatar hökümetleri indi öz ugruny üýtgedip, gozgalaňçylary ykrar etmez” diýýärler. Köp ýurtlar bolsa Kaddafä gysyş görkezmek gozgalaňçylary goldamakdan gowy strategiýa diýen pikirde.
Ýöne basyş etmek alan etraplaryny gün-günden elden berýän gozgalaňçylary halas edip bilermi? Bu soraga belli bir jogap bermek aňsat däl. Sebäbi, bu gozgalaňçylaryň Bengazidäki söweşde nädereje garşylyk görkezip biljekdigine bagly. Ýöne bir zat welin belli, ol hem daşardan edilýän basyşyň netije bermegi üçin wagtyň gerekdigi. Bu hem häzir ýetmezçilik edýän zatlaryň biri.