Oşda ýene ýerler basylyp alynýar

Oşuň eteginde gyrgyz raýatlarynyň bir topary ýerli özbekleriň ýerlerini eýeleýärler. Oş, 7-nji noýabr, 2010.

Gyrgyzystanyň Oş welaýatynda 7-nji noýabrda başlanan mellek ýerlerini rugsatsyz eýelemek hereketleri düýn ýene dowam etdi.

Ýeri basyp alýanlar güýzlük bugdaýy weýran edip, atyzdaky bişip ýetişen güýzki ekinleri maşyna ýükläp, alyp gitdiler diýip, özbek daýhanlarynyň biri gürrüň berdi.

Häzir Gyrgyzystan ýeri rugsatsyz basyp almagyň üçünji tolkunyny başdan geçirýär.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan bir ýerli raýatyň ekin ýerleri Oş aeroportuny şäher bilen birikdirýän ýoluň ýakasynda ýerleşýär. Onuň sözlerine görä, ol auksionda bäş ýyllyk möhlet bilen bir gektar ýeri satyn alypdyr. Ol öz ýerine güýzlük bugdaý ekipdir. Emma ýaňy-ýakynda onuň ýeriniň daşyna gazyk kakyp gidipdirler. Gazyk kakanlar aýallar eken, özlerem müňe golaý. «Olar basyp alan ýerleriniň hasylyny hem ýygnap, alyp gidýärler» diýip, öz adynyň tutulmagyny islemedik bu daýhan aýdýar.

Oşly yene bir daýhan aeroportuň golaýyndaky ýerlere bugdaý ekilendigini, şol müňe golaý aýalyň ekini basgylap, duş gelen ýere baýdak asyp, gazyk kakyp ýörendiklerini görendigini aýdýar.

Bu müňe golaý adam kim?

Özüni Oş wakalarynda jebir çeken diýip hasaplaýan şol adamlar 7-nji noýabrda Kara Suu raýonyndaky Kyzyl Kaştak we Iştewan obalarynyň ýerlerini basyp aldylar. Olar hökümet tarapyndan kömek berilmändigi üçin, özleriniň şeýle ýola baş urandyklaryny aýdýarlar.

Şeýle-de, olaryň arasynda Oşda birnäçe ýyl ýaşasa-da, kanuna görä ýer alyp bilmedikler-de bar. Emma ýerli hökümet bu ýerleriň hususy ýerlerdigini aýdyp, ol ýerleriň hiç kime berilmejekdigini mälim etdi.

Hökümetiň kararyndan nägile bolan aýallar öýli-öýüne dargap gitmediler. Olary 100-den gowrak ýaragly milisiýa işgäri güýç bilen dargytmaga synanyşdy. Emma olar şonda-da dargamadylar.

Kara Suu raýonynyň prokurory Karim Abduraşidowyň sözlerine görä, ýeri basyp almagy gurnan birnäçe aýal tussag astyna alnypdyr. Abduraşidow olaryň hemmesiniň kanunyň çäginde jogapkärçilige çekiljekdiklerini aýdýar.

«Aýallar Kara Suu raýonynyň Kyzyl Kyştak obasynyň hususy ýerlerini jaý salmak maksady bilen basyp aljak bolupdyrlar. Olaryň arasyndan 30-40 sanysy nirede uruş-jenjel bolsa, şol ýerde tapylýarlar. Ele salnan düzgüni bozujylary 2-3 günüň içinde kanuna görä jezalandyrarys» diýip, Karim Abduraşidow belledi.

Nobatdaky kynçylyk

Hukuk goraýjy organ işgärleriniň aýallary alyp gidenine närazylyk bildiren aýallar milisiýa işgärlerine garşylyk görkezipdirler. Soňky maglumatlara görä, ele salnan 36 aýal düşündiriş hatyny ýazanlaryndan soň, boşadylypdyr.

Milisiýa işgärleriniň olary dargytmak üçin eden hereketlerine garamazdan, olar barybir dargaman, gaýta ýerleri basyp almaklaryny dowam etdiripdirler. Maglumata görä, bu wakalaryň yzy bilen, welaýat administrasiýasynyň başlygy Raşid Täjibaýew ol ýerleriň aýallara berilmejekdigini, olara mellegiň başga ýerden beriljekdigine söz beripdir.

Oşuň etegindäki bir obanyň oba aksakaly Şarofiddin Gapparow «Iliň ýerlerine göz dikenler azyndan 70 gektardan gowrak giňişligi bikanun basyp alypdyrlar. Bu ýerler 80-den gowrak özbek hem gyrgyz daýhanlaryna degişli. Şonuň üçinem bu meseläni milletara dawa diýip düşünmeli däl» diýýär.

Oşuň milisiýa edarasynyň başlygy Pamir Asanow «24kg» habar agentligine beren interwýusynda hukuk-tertibi goraýjy edaralaryň işgärleriniň şähere doly kontrollyk edýändigini bildirdi.

Gyrgyzystanda ýer basyp almak hadysalary 1989-1990-njy ýyllarda we soňra 2005-nji ýylda hem bolupdy.