Zähmetkeşleriň halkara raýdaşlyk güni bolan 1-nji Maý baýramy türkmenleriň arasyna sosializm zamanynda geldi. Ol gün ozallar zähmetkeşleriň halkara raýdaşlyk güni hökmünde bellenýärdi, soňky ýyllarda ol dynç alyş güni boldy.
Bu baýramyň taryhy 1886-njy ýylyň 1-nji maýynda Birleşen Ştatlaryň Çikago şäherinde işçileriň 8 sagatlyk iş gününi talap edip, demonstrasiýa guramagy bilen baglanyşdyrylýar. Soňra 2-nji Internasionalyň Parižde bolan kongresinde her ýylyň 1-nji maý gününde işçileriň demonstrasiýasyny geçirmek karar edildi.
Aslynda 1-nji maý gününi baýram etmek has gadymy döwürden başlanypdyr. Şol döwürde bu baýramyň syýasy maksady hem ýok ekeni.
Maýyň gadymy manysy
Käbir taryhy maglumatlara görä, maý baýramynyň taryhy gadymy Rimden, Hudaýa deňelen zenan Maýýanyň hatyrasyna tutulýan dabaralardan başlanypdyr. Maý sözüniň gelip çykyşy hem şu ýerde öz-özünden düşnükli bolup galýar.
Apreliň ahyrynda hem maýyň ilkinji gününde başlanýan ählumumy baýramçylykda Rimiň ýaşaýjylary suwdan doly küýzelerini gujaklap köçelere çykyp, biri-biriniň depesinden suw eňteripdirler. Birinji maý güni irden Rim şäheriniň aýal-erkegi Tibr derýasynda suwa düşüp, soňundanam eline saz gurallaryny alyp, açyk meýdana çykypdyrlar. Kim aýdym aýdypdyr, kim tans edipdir, kim közüň töweregine egrilip, öýden alyp gaýdan jylka etini çişe düzüpdir...
Zähmetkeşleriň halkara raýdaşlyk gününe öwrülen 1-nji Maýyň dünýäniň dört künjünde birek-birege duýgudaşlygyň, azatlygyň, asudalygyň, şatlygyň hem dost-doganlygyň baýramçylygyna öwrülip gitmegi tebigy bir ýagdaý bolup görünýär.
Maý baýramlarynyň tapawutlary
Esasy bellemeli zat - Sowetler zamanyndan tapawutlylykda, gadymy Rimdäki Maý baýramçylygynda hiç bir gurama, hiç bir edara, hiç bir patyşa ýa prezident milleti mejbury halda köçä kowmandyr. Hiç kimiň eline baýdajykdyr dürli reňkli şarlar paýlap, ol paraddan geçirilmändir. Baýramçylyk dabarasyna islän adam gatnaşypdyr, islemedik öz meýline hem mümkinçiligine görä boluberipdir.
Bahar baýramynyň Sowet Soýuzynda, şol sanda, Türkmenistanda hem bellenişinden habarsyz adam ýok bolsa gerek. Ony ýatladyp oturmak artykmaç. Keçe zawody bolsun, egirme-dokma fabrigi bolsun, medeniýet kärhanasy bolsun, ol baýrama hemme işgärler gatnaşmalydy.
Juma Ýazmyradyň ýa Oguljahan Mämikowanyň çagyryşlaryndan soň: «ura!» diýip gygyryp, tribunanyň öňünden baýdajyk bulap geçmeseň, öz günüňi buladygyň bolýardy.
«Molla diýerler, işan diýerler - adamdan gowsy bolmaz» diýen türkmeniň boýnuna köp ýyllaryň dowamynda «Hasyl baýramy» diýdiler, «Gawun baýramy» diýdiler, «Suw baýramy» diýdiler, her dürli baýramy dakdylar. Ýöne, eysem, adamyň öz dünýä inen gününden hem Täze ýyl baýramyndan başga ona dabara, dogrudanam, gerekmikä?
Şiraly Nurmyrat türkmen şahyry hem publisisti. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.