Ýewraziýada orta gatlak gözgyny ýagdaýda

Günbataryň demokratik ýurtlaryndakydan tapawutlylykda dünýäniň Ýewraziýa böleginde «jemgyýetiň orta gatlagy» diýilýän gatlak öz ýurtlarynyň syýasy-ykdysady durmuşynda täsirli rol oýnap bilmeýän gowşak gatlak bolup galýar.
Günbatar ýurtlarynda ilatyň orta gatlagy demokratiýanyň we ösüşin güýçli oňurgasy hasaplanylýar. Mysal uçin, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda orta gatlak diýlip hasaplanylýan ilat ýurduň tutuş ilatynyň 60 prosente golaýyny düzýär.

Bu gatlagyň agzalary mugallymlardan başlap, polisiýa işgärleri we biznes menejerleri ýaly dürli hünärdäki professionallardyr. Olar öz gezeginde döwlete milliardlarça dollar salgyt töleýärler, saýlawlardaky sesleriň hem aglaba köpçüligi şolaryň sesleridir.

Mundan hem has möhümi - hut şol orta gatlagyň wekilleriniň sesleriniň döwleti kimiň dolandyrmalydygy we nähili dolandyrmalydygy baradaky meselede-de örän uly rol oýnaýanlygydyr.

Ýewraziýa giňişliginde…

Ýöne, beýleki tarapdan, Balkan döwletlerinden başlap, Orsýete we Owganystana çenli tutuş Ýewraziýa giňişliginde orta gatlagyň jemgyýetdäki statusy örän kesgitsiz bolup görünýär. Ýagny, bu regionlarda orta gatlakdaky ýa-da orta gatlaga degişli bolaýjak adamlaryň ýagdaýy örän ejiz görünýär.

Bu ýurtlardaky orta gatlagyň wekillerini ejiz edýän sebäplerden birem olaryň köpüsinde entek täze orta gatlagyň doly aýaga galyp ýetişmänligindedir. Orta gatlak bu ýurtlarda ozalky durnukly ýagdaýyň çagşamagyndan soňky ýüze çykan baş-başdaklykdan aýňalmak prosesini başdan geçirýär.

Orsýetdäki “orta gatlak”

Orsýetdäki «Lewada» atly garaşsyz pikir soraýyş merkeziniň sosiologiýa boýunça eksperti Boris Dubin Orsýetdäki bu ýagdaý barada şeýle diýdi: «Orsýetde orta gatlagyň wekilleri aglaba demokratik we liberalizm gymmatlyklaryny goldap ses berenoklar. Olar Orsýetde 2000-nji ýyllarda emele gelen sosial-syýasy we ykdysady gurluşy goldaýarlar. Ol bolsa barybir awtoritar gurluş. Ol gurluşda häkimiýet eýeçilikden üzňeleşmedik. Onda ýokary häkimiýetiň wekilleri iri eýeçiligi ellerinde saklaýarlar».

Dubiniň aýtmagyna görä, şeýle häkimiýet gurluşyny goldaýan orta gatlak ilatyň 4-5 prosentinden geçmeýär. Şol gatlak hem häzirki döwlet režiminiň daýanjy hasaplanylýar.

Boris Dubin Orsýetde döwlet režimini goldaýan bu gatlagyň esasan uly şäherlerde ýaşaýan ýaşlardan ybaratdygyny belleýär. Kommersiýa işlerinde belli bir üstünlik gazanan bu gatlagyň gymmatlyklary Orsýetde hakyky täze orta gatlagy düzmeli adamlaryň gymmatlyklaryndan düýpgöter tapawutlanýar.

Garaşylanlar puja çykdy

Belli bir döwurde köp synçylar Orsýetiň «orta gatlak» diýilän gatlagy sowet döwrüniň intelligensiýa wekillerinden durar diýip çak edipdiler. Bu gürrüňi edilýän adamlar, ýagny intellektuallar, hudožnikler we hökümete degişli bolmadyk beýleki köpsanly pudaklardaky professionallar öz döwründe syýasy häkimiýete doly agalyk eden kommunist apparatçylara «lepbeý» diýmezligi we hatda käte olaryň syýasatyna garşy çykmagy başarýan gatlak hökmünde özlerini tanadypdylar.

Ýöne Sowet Soýuzy darganyndan soňky döwürde ykdysadyýeti häkimiýetiň çür depesinden aşaklygyna wertikal boýunça dolandyrylýan Orsýetde intelligensiýa döwlet syýasaty bilen özara dil tapyp bilmedi. Munuňam intelligensiýanyň aşa erkinliginiň netijesi bolmagy ahmal.

Ýewraziýa giňişligindäki beýleki döwletlerde güýçli orta gatlagyň bolmazlygynyň hem dürli hili sebäpleri bar. Mysal üçin, Eýranda 1979-njy ýylyň Yslam rewolýusiýasyndan soň intellektuallaryň uly bölegini öz içine alýan 2-3 million adamynyň gowy durmuşyň gözleginde daşary ýurtlara bosgun etmegi bu ýagdaýy döreden bolsa, Balkan ýurtlarynda, Owganystanda we Yrakda bu ýagdaýa getiren sebäp gandöküşikli uruşlardyr.