ABŞ-Türkmenistan energiýa hyzmatdaşlygyna täze badalga...

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, ABŞ-niň Döwlet sekretary Hillari Klinton bilen duşuşyk wagtynda, 24-nji iýun, 2009ý.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ABŞ-na eden sapary barada, amerikan metbugatynda az maglumat berildi. Türkmenistanyň Waşingtondaky ilçihanasy bolsa, bu mesele bilen baglanşykly Azatlyk radiosyna kommentariýa bermekden saklandy.
Ýöne Aşgabada baryp gaýdan ýokary derejeli amerikan diplomatynyň sözlerine görä, ABŞ-niň täze administrasiýasy üçin energiýa hyzmatdaşlygy meseleleri türkmen tarapy bilen gatnaşyklarda möhüm ähmiýete eýedir.

Praga – Ilçi Riçard Morningstar energiýa sammitinde, 8-nji maý 2009ý.
Ýewraziýa energiýasy boýunça ABŞ-niň ýörite wekili Riçard Morningstar, şu hepde geçirilen metbugat konferensiýasynda, Türkmenistan bilen gatnaşyklar baradaky mesele boýunça žurnalistleriň öňunde eden çykyşynda Türkmenistan özüne çekiji mümkinçilikleri döredýän täsin ýurt diýip belledi. “Häzirki döwürde Türkmenistanyň Daşary işler ministri jenap Meredow, Waşingtona sapar edýar. Meniň pikirimçe, gury ýeriň üstünde energiýa önümçiligi boýunça günbatar kompaniýalary bilen özara bähbitli has köp işleri alyp barmaga Türkmenistanda mümkinçilikler bar.”

Aşgabat-Moskwa dartgynlygyndan soň...

Soňky döwürde, Türkmenistanyň Orsýet bilen gatnaşyklarynda dartgynlylyk emele geleninden soň, prezident Berdimuhamedow ýurduň tebigy baýlyklaryny özleşdirmek üçin günbatar kompaniýalaryny ýurda getirmäge çalyşýar. Maglumatlara görä, Raşid Meredowyň ABŞ-na saparyndan öň prezidentiň özi onuň bilen duşuşyp, bu sapar barada görkezme beripdir.

Şu aýyň başynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Brýussele sapar edip, Ýewropa Birleşiginiň ýokary derejeli wekilleri bilen energiýa hyzmatdaşlygy meselesi babatda gepleşik geçirdi.

Transatlantik ädimler we perspektiwa


Türkmenistan bilen ABŞ-niň arasynda maýa goýumlar babatda ikitaraplaýyn ylalaşyk ýok. 1991-njy ýyldan bäri maýa goýumlar baradaky ylalaşyk dogrusyndaky gepleşikler ýa başlanýardy, ya-da ýatyrylýardy. 1994-nji ýylda bolsa, Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň görkezmesi boýunça olar doly ýatyryldy.

Käbir analitikleriň pikirlerine görä, Raşid Meredowyň ABŞ-na eden soňky saparynyň maksady, Amerika bilen energiýa boýunça hyzmatdaşlyga täze badalga bermekden ybarat bolup durýar. Energiýa boýunça alnyp barylýan syýasatda, Orsýetden daşlaşyp Ýewropa Birleşigine ýakynlaşýan Türkmenistan üçin, ABŞ bilen hem bu ugurda has ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak adaty bir ýagdaý ýaly bolup görünýar.

“Nabucco” proýektiniň geljegi

“Nabukko” gaz geçiriji proýektine, Türkmenistan üçin örän möhüm meseleleriň biri hökmünde garalýar. Bu proýekt Türkiýänyň üsti bilen türkmen gazyny Günbatar Ýewropa geçirmegi göz öňüne tutýar. 2013-nji ýylda bu proýekt boýunça işler tamamlananyndan soňra, Türkmenistan “Nabukko” gaz geçirijisiniň üsti bilen ýylda 10 milliard kub metr gazy Ýewropa akdyrar diýlip garaşylýar.

Ýöne “Nabukko”gaz geçiriji proýektinde möhüm orny eýeleýan Türkiýe bilen Azerbeýjany alada goýýan bir mesele hem bar. Ol bolsa, “Nabukko” gaz geçirijisinden akdyrylýan gazyň belli bir möçberini Türkiýe özi üçin alsa, galan gaz Ýewropa ýurtlarynyň zeruryýetlerini üpjün edip bilermi diýen mesele bolup durýar.

Hazar deňzinden Günbatara barjak Nabucco turbalarynyň ýoly.
Azerbeýjan “Şah Deňiz” gaz ýatagyndan ýylda 8 milliard kub metr gazy, “Nabukko” gaz geçirijisiniň üsti bilen Ýewropa akdyrmagy we geljekde gazyň möçberini artdyrmagy planlaşdyrýar.

Ýewraziýanyň energiýasy boýunça ABŞ-niň ýörite wekili Riçard Morningstar, ýylda 8 milliard kub metr gaz diňe başlangyç döwürde akdyrylyp, soňra gazyň möçberiniň köpeldilmelidigini belledi.“Nabukko proýekti amala aşyrylanyndan soň, ol türkmen gazynyň günbatara tarap akmagyny ýola goýar. Bu proýekt, soňunda Demirgazyk Yragyň goşulmagy bilen has hem üýtgäp biler we Şah Deňizde we beýleki ýataklarda has köp gazyň bolmagynyň ahmaldygyny pikir edýän Azerbeýjan üçin hem bu ýerde uly potensial bar.”

Indi Baku Aşgabada has ýakyn

Türkmenistan bilen Azerbeýjanyň arasynda Kepez ýatagy boýunça düşünişmezlik bilen bagly meselede, diplomat iki ýurduň arasynda syýasy-biznes ylalaşygyga gol çekilip serhet meselesi entek gozgalmasa, bu meseläni hem çözup boljakdygyny aýtdy. “Türkmen gazyny Hazaryň üsti bilen geçirmek meselesi boýunça öňe sürülen teklipler bar. Häzirki döwürde Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhamedow bilen Azerbeýjanyň prezidenti Aliýewiň arasyndaky gatnaşyklar gitdigiçe gowylaşýar.”

Adam hukuklaryna garaldymy?

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Waşingtona sapary mahalynda, ýurtdaky adam hukuklary bilen bagly meselä garaldymy diýen sowala ilçi Riçard Morningstar jogap bermekden saklandy.