AÝ/AR-nyň suratçysy Emos Çäpl Russiýanyň Saha respublikasyna sapar edip, dünýäniň iň ýowuz gyşyna eýe bolan sebitiň açyk meýdanda işleýän üç ýerli ýaşaýjysy bilen duşuşdy.

SÖWDAGÄR

Sona Ugurçiýewa soňky 15 ýylyň dowamynda Ýakutskyň Azyk bazarynda işleýär. Ol balykdan doly tekjesiniň golaýynda müşderilere garaşýan wagty, adatça, howanyň sowuklygy -50 gradusy görkezýär.

Ugurçiýewa öz dogduk mekany Inguşystandan Ýakutska 1993-nji ýylda, ýagny Russiýanyň Demirgazyk Kawkaz respublikasynda durnuksyzlygyň bolan wagty göçüp barýar.

Ugurçiýewanyň söwda edýän Azyk bazarynda 50 metre çenli uzap gidýän dükan tekjeleri bolup, olarda doňdurylan harytlar satylýar. Bu bazar Ýakutskyň merkezinde ýerleşip, ol gyş paslynda hepdäniň ýedi güni hem açyk bolýar.

Irden sagat 7-den giçlik sagat 7-ä çenli ýerli ýaşaýjylar bu bazarda Ýakutskyň derýalaryndan we köllerinden tutulan balyklary satyn almaga gelýärler. Bu balyklar balykçylar tarapyndan tutulandan sanlyja minut soň doňýar.

Balyk bilen bir wagtda, bazarda böleklere bölünen sygyr eti we demirgazyk sugunynyň eti hem satylýar.

Şeýle-de, bu ýerde 1,500 ruble ($26) arktiki towşanyň etini hem satyn alyp bolýar.

Ugurçiýewa müşderi üçin balygyň kilogramyny ölçeýär. 56 ýaşyndaky zenan penjeginiň aşagyndan üç switer geýýär. Şeýle-de, ol eline ýüň ellik we aýagyna keçe ädik geýýär. Ol sowuk howanyň näderejede howply bolup biljekdigini bilýär. “Meni bir gezek sowuk urdy. Şonda howanyň temperaturasy -58 gradusdy görkezýärdi, ýöne ýel ýokdy. Şol sebäpli men seresaply bolmandym. Şonda ýaňaklarymyň biri doňup, derim sypyrlyp başlapdy”.

Aýagy ýyly saklamak üçin niýetlenen we köwşüň üstünden geýilýän aýakgaby geýen bazar satyjylarynyň biri. Ugurçiýewa bazarda işlemegiň hem fiziki, hem-de emosianal taýdan kyndygyny aýdýar: “Adamlaryň köpüsi bu ýerde dükan tekjelerini açmakçy boldular, ýöne olaryň käbirleri söwdanyň pesdiginiň anygyna ýetensoň, birnäçe aý soňra bu pikirlerinden dändiler. Ýöne bu ýerde birnäçe ýyl aman galsaň, onda hemme zat gowy bolar”.

Ugurçiýewa iş arakesmesinde çaý içýär. Işewür zenan özüniň Ýakutska göçüp gaýdanyna hiç ökünmeýändigini aýdýar: “Hemmeler bu ýere diňe bir tomus paslyny geçirmek üçin geljekdiklerini aýdýarlar, ýöne soňra olar hemişelik bu ýerde galýarlar”.

Köne jaýlary sökýän ussa

6 müňe golaý ilatly Handyga şäherçesinde her tomus doňlaryň gyradeň çözülmezligi ýa-da eremezligi sebäpli süýşýän topraklar emele gelýär. Bu bolsa, sowet döwründe gurlan şu jaýda bolşy ýaly, ýaşaýyş jaýlarynyň bölekleýin ýumrulmagyna getirýär.

Haçanda bu jaý bölekleýin çökende, käbir bölekleri agaçdan ýasalan bu jaýy sökmek üçin Tolik Ýusipow we onuň işçiler topary ulagly ýedi sagat uzaklykda ýerleşýän Ýakutskdan bu ýere çagyryldy.

Ýusipow bu jaýy sökmek üçin bir ýa-da ondan hem köp aýyň gerekdigini aýdýar. Şol bir wagtda, ol ekskawatordaky sürüjiniň muny birnäçe sagatda ýumrup biljekdigini, ýöne şeýle edilende, jaýdaky degerli agaçlaryň harap boljakdygyny belleýär.

Öküp barýan binadan çykarylan bu agaç bölekleri ýük ulagyna ýüklenmäge taýýar. Harap bolmadyk agaç bölekleri tomusda guruljak jaýlaryň gurluşygynda gaýtadan ulanylmak üçin satylýar.

Işçi topar agaç sütünlerini demir syhlaryň arasyndan çykarandan soň, olary jaýyň üçeginden emaý bilen aýyrýar. Ýusipow 18 ýaşyndan bäri işleýär we ol Saha respublikasyndan işlemek üçin bu ýere ugradylypdy.

“Elbetde, men tomsy halaýaryn. Gaty sowuk bolanda, barmaklaryň doly işlemeýär... Aşa sowuk bolanda, ellikler örän möhüm rol oýnaýar Sebäbi biz tutuş gün şu metal böleklerini elleýäris” diýip, Ýusipow aýtdy.

47 ýaşly Ýusipow we onuň topary gün dogandan tä gün ýaşýança, ýagny iňrik garalýança işleýär.

Işçileriň biri çöküp barýan binanyň üçegindäki gurluşyk galyndylaryny arassalaýar. Gurluşygyň käbir böleklerinde asbest, ýagny gurluşyk tehnikasynda giňden ulanylýan oda çydamly, süýümli mineral ulanylýan ýaly bolup görünýär. Bu materialyň adamyň saglygyna howpunyň bolup-bolmandygy soralanda, Ýusipow kellesini iki ýana çaýkap, “Muny men bilemok” diýdi.

2017-nji ýylda ewakuasiýa edilen jaýdaky otaglaryň biri.

Ýusipow: “Bu adaty bir iş. Ähli iş hem birmeňzeş. Men bu işden lezzet alýan diýip bilmerin, ýöne men muny nähili etmelidigini bilýärin. Adam işlemeli” diýdi.

Çopan

Grisa Zamýatin, Topolino obasynyň birnäçe kilometr uzaklygynda ýerleşýän 40 çemesi demirgazyk sugunyndan ybarat sürüniň çopanydyr.

Zamýatin demirgazyk suguny bilen arabaglanyşyklary gadymy taryha uzap gidýän Ewenk taýpasynyň agzasydyr.

Zamýatiniň lagerine demirgazyk sugunlaryndan düzülen araba ýa-da garda hereket edýän awtomobiller arkaly doňan Tompo derýasynyň üstünden gidip bolýar.

Zamýatiniň lageri sowet döwrüne degili iki çadyrdan ybarat bolup, olaryň biri adamlar üçin bolsa, beýlekisi demirgazyk sugunlarynyň arabasy üçin niýetlenendir.

Zamýatin çadyryň içini metal pejde odun ýakyp gyzdyrýar.

40 ýaşly aşpez öz naharlaryny köplenç awlan haýwanlarynyň etinden bişirýär. Men bu ýerde galanymda, dag goýnunyň gaýnadylan etini we losyň margarin ýagynda gowrulan böwregini iýdik. Zamýatin çadyryň içiniň tertipsizdigini, sebäbi bu ýerde birnäçe hepde bäri hiç bir zenanyň bolmandygyny aýdyp, “Eger şu wagt meniň aýalym ýanymda bolan bolsa, bu ýer Hiltona meňzärdi” diýdi.

Topolinonyň töweregindäki demirgazyk sugunlary howanyň aşa sowuk mahaly hem aman galyp bilýär.

Demirgazyk sugunlarynyň takyk bolmadyk görnüşdäki burunlary dolulygyna tüýler bilen örtülendir.

Zamýatin agyz suwy üçin, ýagny içmek maksady bilen, doňan derýadan bir bölek buzy döwüp alýar. Çopan bu ýerde gyşyna howanyň aşa sowuklygyna garamazdan, tomus paslyndan gyşy has köp halaýandygyny aýdýar.

“Tomsuna bu ýerde çybynlar bolýar, ýagyş ýagýar we sugunlar keselleýär. Iň gowusy gyş palsy. Gar ýagyp başlanda, sugunlar we men birneme bolsa-da, rahatlanýarys” diýip, Zamýatin aýdýar.

------------------

Suratlar we tekst: Emos Çäpl
Redaktor: Andi Heil