Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Ukraina howa zarbalaryny urýar, Zelenski Baýdene 'Ýeňiş meýilnamasyny' aýan edýär


Rus dronlarynyň hüjümi astyndaky KiýewRussiýa
Rus dronlarynyň hüjümi astyndaky KiýewRussiýa

Russiýanyň Ukrainadaky raýat nyşanalaryna garşy täze we toplumlaýyn howa hem-de gury ýer hüjümlerini etmeginiň arasynda, Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 26-njy sentýabrda Ak tamda ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden we wise-prezident Kamala Harris bilen duşuşyp, öz "ýeňiş meýilnamasyny" aýan eder.

ABŞ-nyň prezidenti 25-nji sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäginde ukrain kärdeşi bilen gysgaça gürleşeninden soň, bu Baýden bilen Zelenskiniň arasynda geçirilýän ikinji duşuşyk bolar.

Baýden "prezident Zelenskini ABŞ-nyň Ukraina berýän howpsuzlyk kömegini artdyrmak barada beren we köpçülige mälim ediljek görkezmesi bilen habardar etdi" diýip Ak tam 26-njy sentýabrda aýtdy, emma jikme-jik maglumat bermedi.

ABŞ, Ukrainanyň esasy goldawçysy we Günbatar ýaranlary Kiýewe milliardlarça dollar harby kömek we beýleki kömekleri berdi, şol bir wagtyň özünde-de Moskwa garşy birnäçe gezek, tapgyrlaýyn sanksiýa girizdi.

Russiýanyň Ukrainaa eden hüjümlerinde azyndan sekiz adam öldürildi, 44 adam ýaralandy diýip, sebit resmileri 26-njy sentýabrda habar berdi.

26-njy sentýabr güni irden Ukrainanyň paýtagty we 10-dan gowrak sebit rus zarbalarynyň tolkunyna sezewar bolanda, Kiýewde bir çaga ýaralandy.

“Häzirki pursatda biz bir çaganyň ýaralanandygyny bilýäris, ol hassahana ýerleşdirildi” diýip, Kiýewiň harby adminstrasiýasynyň başlygy Serhiý Popko telegramda aýtdy. Ol bu hüjme ondan gowrak dronyň hem gatnaşandygyny, gaz geçirijiniň zaýalanandygyny hem sözüne goşdy.

Donetskiň gubernatory Wadym Filaşkin sebitiň parahat ilatly ýerleriniň 28 gezek topa tutulandygyny, dört adamyň öldüriendigini, 19 adamyň ýaralanandygyny aýtdy.

Gubernator Oleksandr Prokudin Hersonda iki adamyň öldürilendigini, 14 adamyň ýaralanandygyny aýtdy. Gubernator Oleh Kiperiň sözlerine görä, Odesa sebitine edilen raketa hüjüminde 62 ýaşly bir aýal öldürildi, Russiýanyň Sumy sebitine atan toplary hem bir adamy öldürdi.

Öten agşam günortadaky Zaporižýa sebiti topa tutulanda 8 adam ýaralandy, bir ýaralynyň ýagdaýy agyr diýip, gubernator Iwan Fedorow habar berdi.

Şu aralykda, Russiýanyň Goranmak ministrligi öz güýçleriniň Donetskdäki Ukrainsk şäherini ele geçirendigini aýtdy. Bu şäher soňky aýlarda Moskwanyň göz dikýän esasy merkezi Pokrowskdan 30 km günortada ýerleşýär.

Ak tam Baýdeniň Zelenskini ýerli wagt bilen sagat 1:45-de myhman aljakdygyny aýtdy. Zelenski we Harris, wise-prezidentiň iş otagynda geçirljek gepleşiklerden öň, öýlän sagat 3:05-de çykyş etmeli.

Kongrese hem barjakdygy aýdylan Zelenski 25-nji sentýabrda BMG-niň Baş Assembleýasyna Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň Ukrainadaky ýadro desgalaryna we infrastruktura hüjüm etmegi meýilleşdirýändigi barada habar alandygyny, onuň maksadynyň bu desagalary elektrik ulgamyndan kesmekdigini aýtdy.

"Islendik raketa ýa-da pilotsyz uçar zarbasy, energiýa ulgamyndaky islendik aýgytly hadysa ýadro betbagtçylygyna sebäp bolup biler. Bu hili gün hiç haçan gelmeli däldir" diýip, Zelenski aýtdy.

Şeýle-de, Zelenski dünýä liderlerine ýüzlenip, olaryň öz ýurdunyň Russiýanyň çozuşyna garşy alyp barýan göreşini ileri tutulýan mesele hasaplamaklaryny sorady. Ol Putiniň has köp territoriýa eýelemek niýetindedigini duýdurdy.

Russiýanyň ululygyndaky bir ýurt üçin “has köp ýer” teklibi “akyla sygýan zat däl” diýip, Zelenski aýtdy.

"Meniň pikirimçe, her bir lider, bizi goldaýan her bir ýurt ... Ukrainadan 20 esse uly ýurt bolan Russiýanyň şindi hem has köp ýer isleýändigini görýär" diýip, ol aýtdy.

Zelenski 24-nji sentýabrda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşine Russiýanyň parahatçylyga diňe “mejbur edilip bilinjekdigini” aýtdy.

Noýabr aýynda geçirilýän saýlawda respublikanlaryň dalaşgäri bolan we Harris bilen bäsleşjek öňki prezident Donald Tramp hem Zelenski bilen gepleşik geçirmelidi. Ýöne olaryň duşuşygy Trampyň 25-nji sentýabrda aýdan sözlerinden soň goýbolsun ediljek ýaly.

Ol Ukrainanyň Waşingtondan milliardlarça dollar alýandygyny, şol bir wagtyň özünde-de Russiýanyň giň gerimli çozuşyny soňlamak üçin "ylalaşyk baglaşmakdan" ýüz öwürýändigini aýtdy.

Forum

XS
SM
MD
LG