Sebitde bolan konfliktler wagtynda, 30 müň adam öldi, milliondan gowrak adam bosgunlyga mejbur boldy. Konfliktiň hronologiýasy
Mundan 30 ýyl öň Daglyk-Garabag sebäpli ermeni-azerbaýjan konflikti açyk göreşe öwrüldi. Ol SSSR-iň çägindäki ilkinji milletara-syýasy çaknyşyk boldy.
1987-nji hem 1988-nji ýylyň başynda Daglyk-Garabagdaky köplükde ýaşaýan ermeni halkynyň arasynda närazylyklar güýçlendi.
1987-nji ýylyň awgustynda SSSR-iň ýolbaşçylaryna bu sebitiň territorial- administratiw durumyna seretmek baradaky ýüzlenme ýollandy.
1987-nji ýylyň güýzünde sebitde Garabagyň bölünip aýrylmagy baradaky talap bilen studentleriň garşy duruş aksiýasy geçirildi. Ýerewanda bolan mitingde owal başda ekologiýa meselesi gozgalyp, soňra Daglyk-Garabagy Ermenistan SSR-niň düzümine bermek talaby öňe sürüldi. Ýerli metbugat Azerbaýjan SSR-niň ýolbaşçylaryny sebitiň ykdysady taýdan yzagalaklygynda hem ermeni milletiniň hukuklarynyň kemsidilmeginde aýypladylar.
Daglyk-Garabag awtonom oblastynyň (DGAO) 1988-nji ýylyň 20-nji fewralynda geçen sessiýasynda, SSSR-iň Ýokary sowetine hem Azerbaýjan SSR-ne ýüzlenip, oblastyň Ermenistanyň düzümine berilmegi soraldy..
21-nji fewralda SSKP MK oblast sowetiniň ýüzlenmesiniň “milletçi elementler” tarapyndan öjükdirilýändigi barada karar çykardy.
Syýasy Býuronyň maglumatynda munuň “Azerbaýjanyň hem Ermenistanyň zähmetkeş halklarynyň bähbidine ters gelýändigi” bellendi hem Syýasy Býuronyň karary ýagdaýy kadalaşdyrmak baradaky umumy çagyryş bilen çäklendi.
Daglyk-Garabagyň Azerbaýjandan bölünip aýrylmagy baradaky çagyryş milletiniň köplügi ermeniler bolan Stepanankertde giň goldaw aldy. Oňa jogap edip azerileriň köplükde ýaşaýan ýeri Şuşa raýonynda hem Agdam şäherinde garşylykly aksiýa geçirildi.
Ilkinji gan döküşlik 22-nji fewralda Askeran raýon merkeziniň golaýynda, milletara çaknyşykda ýüze çykdy. Agdam şäherinden bolan azerbaýjanlylar Stepanakertde “düzgüni ýola salmak” üçin barýarkalar, olaryň ýoluny milisiýanyň topary hem ýerli ýaşaýjylar böldüler. Çaknyşykda iki azerbaýjanly öldi.
22-23-nji fewralda Bakuwda hem Azerbaýjan SSR-niň beýleki şäherlerinde dowam edýän düzgüni üýtgetmäge ýol berilmejekdigi baradaky SSKP MK-nyň kararyny goldap, ilkinji mitingler geçirildi.
27-29-njy fewralda Bakuwyň 30 kilometrlik golaýyndaky Sumgait şäherinde ermeniler derbi-dagyn edildi. SSSR-iň Baş prokuraturasynyň maglumatyna görä, onda 26 ermeni hem 6 azerbaýjanly ölüpdir. Bu hadysa çaknyşygyň ýitileşmek başlangyjy saýyldy.
1988-nji ýylyň martynda Mihail Gorbaçew respublikalar arasyndaky serhedi nähilidir üýtgetmegiň mümkin däldigini aýtdy. Moskwa Daglyk-Garabag awtonom oblastyna ýardam berjekdigini mälim etdi.
1988-nji ýylyň tomsunda Ermenistanyň Ýokary soweti DGAO-nyň Ermenistan SSR-niň düzümine girmegine razylyk berdi hem şunuň bilen baglanyşykly AzSSR-iň Ýokary sowetine ýüzlendi. Muňa jogap hökmünde Azerbaýjan tarapy ol meseläni çözmegiň “Ermenistan SSR-niň ygtyýaryna girmeýändigini, onuň tutuşlygyna hem bitewilikde AzSSR-iň bölünmez hukugydygyny” aýtdy.
Köp sanly çaknyşyklar sebäpli azerbaýjanlylar Daglyk-Garabagdan hem Ermenistandan gaçyp başladylar.
Şol wagtda ermeniler hem Bakuwdan we beýleki şäherlerden, şol sanda Azerbaýjanyň obalaryndan gaçmaga başladylar. Olar Ermenistana we SSSR-iň dürli respublikalaryna göçüp bardylar.
1989-nji ýylyň ýanwaryndan, Moskwa Daglyk-Garabaga gös-göni ýolbaşçylyk etdi. Bu diňe şol ýylyň noýabryna çenli dowam etdi.
1989-njy ýylyň iýun-iýul aýlarynda Bakuwda köpçülikleýin demonstrasiýalar başlandy. Daglyk-Garabagdaky çaknyşyklar “Azerbaýjanyň Halk fronty” partiýasynyň abraýynyň ýokarlanmagyna getirdi. Aktiwistler häzirki ýolbaşçylaryň respublikanyň bitewiligini saklap bilmejekdigini aýtdylar.
1989-njy ýylyň awgustynda Azerbaýjan Ermenistan bilen Daglyk-Garabagyň aralygyndaky demirýoly baglap başladylar.
1989-nji ýylyň dekabrynda Ermenistanyň Ýokary soweti Moskwanyň pozisiýasyna garamazdan, Daglyk-Garabagy respublikanyň düzümine goşýandygyny mälim etdi.
1990-njy ýylyň ýanwarynda Daglyk-Garabagyň Ermenistan hem Azerbaýjan bilen serhetleşýän ýerlerinde adatdan daşary ýagdaý girizildi.
Şeýle hem şol ýylyň ýanwar aýynda oppozisiýadaky “Azerbaýjanyň Halk fronty” hökümeti alýar diýlip, Bakuwa sowet goşuny girizildi. Munuň özi azerbaýjanlylaryň köpüsiniň ölmegine sebäp boldy.
Bakuwda ölenleriň sany 130 adamdan köpräk diýilýär, 800 adam hem ýaralanypdyr. Bu hadysa Azerbaýjanyň taryhyna “Gara ýanwar” hökmünde girdi.
Şol wagtda Bakuwda galan ermeniler kowlup çykaryldy.
1991-nji ýylyň aprel aýynyň aýagynda SSSR-iň prezidentiniň buýrugy bilen Azerbaýjan hem Ermenistan respublikalarynyň IIM-niň harby güýçleri “Halka” operasiýasyna başlady. Operasiýa DGAO-da hem oňa golaý sebitlerde geçirildi.
Maksat “kanuny däl ermeni ýaragly toparlary” ýaragsyzlandyrmakdan ybaratdy hem Garabagda pasport düzgünini girizmekdi. Bu çäre ýaragly toparlar bilen graždan ilatyň arasynda çaknyşyklary emele getirdi hem pidalar boldy. Operasiýa netijesinde, birnäçe ermeni obasy göçürildi.
Sentýabr aýynda Stepanakertde 120 gije-gündizlik atyşyk başlandy. Harby hereketler Daglyk-Garabagyň ähli ýerine ýaýrady.
Sentýabrda Ermenistanda referendum geçirilip, onuň SSSR-iň düzüminden çykýandygy mälim edildi. Oktýabr aýynda bolsa Azerbaýjan öz garaşsyzlygyny mälim etdi.
Şondan soň Azerbaýjanyň Ýokary soweti Daglyk-Garabagyň awtonom oblast durumuny ýatyrdy. Muňa jogap edip, ol ýerde galan ýerli ilat referendum geçirip, ýaşaýjylaryň aglaba köplügi Azerbaýjanyň düzüminden bölünip aýrylmak barada ses berdiler.
1991-nji ýylyň 20-nji noýabrynda DGAO-nyň Karakend obasynyň golaýynda SSSR IIM-niň goşunynyň Mi-8 dikuçary heläkçilige uçrady. Onuň bortunda 22 adam bolup, ölenleriň arasynda ýokary derejeli Azerbaýjan çinownikleri, žurnalistler hem russiýaly-gazagystanly parahatçylyk missiýasyny alyp baryjylar bardy.
SSSR-iň dargamagy hem ol ýerden Soýuz goşunlarynyň çykarylmagy bilen Garabagda giň derejedäki harby hereketler başlandy.
1992-nji ýylyň fewralynda ermeni harby bölümleri Daglyk-Garabagdaky azerbaýjan ilatly Hojaly şäherine hüjüm etdi. Azerbaýjanyň tassyklamagyna görä, ol ýerde birnäçe ýüz adam öldürilipdir. Ermenistan bolsa ölenleriň sanynyň kesgitlenmedigini aýtdy.
1992-nji ýylyň maýynda ermeni harby bölümleri Şuşi (ermeniçe, azerbaýjança – Şuşa) şäherine hüjüm etdi hem Laçyn geçelgesini öz kontrollygyna aldy. Ol geçelge Daglyk-Garabag bilen Ermenistany birleşdirýär.
Azerbaýjanyň şol wagtky prezidenti Aýaz Mutalibow Orsýete gaçmaga mejbur boldy. Azerbaýjanyň hökümeti “Halk frontunyň” eline geçdi.
1992-nji ýylyň iýunynda Azerbaýjan Garabagyň günortasyndaky Martakerte tarap hüjüme başlady. Netijede, 40 müň çemesi ermeni gaçmaga mejbur boldy.
Daglyk-Garabagda barýan giň möçberdäki harby hereketlerde 1993-nji ýylda ermeni harby güýçleri dolulygyna ýa-da bölekleýin ýagdaýda ýedi sany azerbaýjan raýonyny öz eline aldy. Şondan soňra söweş hereketleri azerbaýjanyň içinde hem ermeni-azerbaýjan serhediniň ugurlarynda dowam etdi.
1994-nji ýyla çenli ermeni goşunlary Azerbaýjanyň 20% çemesi territoriýasyny eýeledi, şol sanda Daglyk-Garabagyň çägindäki Laçyn, Kelbajar, Agdam, Fuzuly, Jebraýyl, Gubadly, Zangelan ermenileriň garamagyna geçdi.
1993-nji ýylda BMG Azerbaýjanyň territorial bitewiligini ykrar edýän dört rezolýusiýa kabul etdi hem söweş hereketleriniň bes edilmegini talap etdi. Ol konflikti çözmek üçin “Minsk topary” atly gurama döredilip, oňa 11 döwletiň wekilleri girizildi. 1994-nji ýylda Ermenistan, Daglyk-Garabag hem Azerbaýjan Bişkekde bir protokola gol çekip, onda esasan söweş hereketlerini togtatmak ylalaşygyna gelindi.
Ýöne Minsk topary geçen ýyllar aralygynda diplomatik güýçler hem gepleşikler arkaly ol konflikti çözüp bilmän gelýär.
1988 – 1994-nji ýyllaryň harby çaknyşyklarynda ol sebitde 30 müň adam öldi, milliondan gowrak adam bosgun boldy hem mejbury göçdi.