Türkiýäniň "Hürriýet“ gazetiniň ýazmagyna görä, Karabük şäherinde Gülnaza Y. atly türkmenistanly student gyz, mundan 3 aý owal tanşan Ý.Ç. atly söýgülisi bilen bilelikde polis merkezine gidip, ýaşaýan öýünde özüni N.K. atly raýatyň zorlandygyny öňe sürüp, ony polise arz-şikaýat edipdir.
Читайте также на русском
"Şeýle waka bolandan soň ýatýan ýorgan-düşegimi we geýen geýmimi zibile zyňdym. Şu wagt olardan hiç biri ýok. Duçar bolan ýagdaýymy öýüme gelen jorama gürrüň berdim, ýöne ol maňa ynanmady. Biabraý bolmaýyn diýip, ýagdaýy polise habar bermedim. Şeýdip bolan wakany ýadymdan çykarmak isledim. Mundan iki hepde owal kireý jaýdan çykyp, umumy ýaşaýyş jaýynda ornaşdym. Meni zorlan adamyň aýalyna jaň edip, adamsynyň oňa ikilik edýändigini habar berdim” diýip, türkmenistanly student Gülanaza Y. polis merkezine beren arzasynda aýdýar.
Şeýle-de, ol gürrüňi edilýän adamyň özüne telefon edip, ondan öz maşgalasyny näme üçin dargatmak isleýändigini sorandygyny aýdyp, sözüni şeýle dowam etdirýär:
“Näme üçin aýalyma aýtdyň? Seni daga alyp gaçjak we durmuşyňy zaýalajak diýip, haýbat baryny atdy. Ondan soň hem telim gezek maňa jaň edip haýbat atdy. Men şeýle wakadan owal we soň hiç kim bilen jynsy gatnaşyk gurmadym. Şol döwürde ulanan we häzir ulanmaýan mobil telefon belgimiň jikme-jik derňelmegine razylyk bildirýärin. Maňa ýazyp, iberen SMS-lerini size ýetirýärin. Waka bilen baglanşykly uýat ýerimiň saglyk barlagyndan geçirilmegini islemeýärin. 3 aýdan bäri gezýän Ý.Ç. atly söýgülime başymdan geçen ýagdaýy gürrüň berdim. Ondan soň ol meni alyp polis merkezine arz-şikaýat etmegim üçin getirdi” diýip, türkmenistanly gyz belleýär.
Şeýle-de, ol: “N.K. atly raýat barasynda "maşgalanyň goralmagy we maşgalanyň içindäki zorlugyň öňüniň alynmagy“ baradaky kanun çäginde gerek bolan kararyň kabul edilmegini talap edýärin. Meni zorlan we soň hem yzygiderli ýagdaýda maňa haýbat atýan N.K. atly raýaty bu sebäplerden size arz-şikaýat edýärin“ diýip, türkmenistanly student öz ýazan arzasynda nygtaýar.
"Sabah“ gazeti bolsa, Gülnazanyň Ý.Ç. atly söýgülisiniň polise: "Bu türkmen student gyzy meniň söýgülim. Onuň göwnemegi bilen aramyzda bir-iki gezek jynsy gatnaşyk boldy. Söýgülimiň menden owal başga erkek adamlar bilen jynsy gatnaşygynyň bolup-bolmandygyny bilmeýärin. Bu tema bilen gyzyklanyp, sorap hem durjak bolmadym. Ony zorlandygy öňe sürülýän N.K. atly adamy hiç hili tanamok. Haçan-da, söýgülim bolan wakany gürrüň berende, derrew ony alyp polis merkezine arz-şikaýat etmegi üçin getirdim“ görnüşinde düşündiriş berendigine üns çekýär.
Azatlyk Radiosy bilen anonim ýagdaýda gürrüňdeş bolan Karabük şäherindäki polis çeşmesi, türk mediasynda ýaýran bu maglumatyň dogrudygyny tassyklap, özi baradaky aýyplamalary kabul etmeýän N.K. atly raýatyň sülçülikde beren düşündirişinden soň, saklawdan goýberilendigini, ýöne türkmen student gyzyň arz-şikaýaty esasynda köptaraplaýyn derňew işiniň alnyp barylýandygyny bildirdi.
Sözi jemlesek, Azatlyk Radiosynyň synanyşyklaryna garamazdan, ýokarda agzalýan türkmen student gyzynyň ykbaly barasynda, degişli türkmen we türk resmilerinden nähilidir bir kommentariýa ýa-da jikme-jik maglumat almak başartmady.