Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gazgeçirijisiniň Owganystanyň territoriýasyndan geçjek böleginiň gurluşyk işlerine ýakyn geljekde başlanjakdygy habar berilýär.
26-njy ýanwarda “Pakistan Today” neşiri öz çeşmelerine salgylanyp, TOPH-yň Owganystandan geçjek böleginiň gurluşygynyň düýbüni tutmak dabarasynyň öňümizdäki aýyň 23-ne geçiriljekdigini aýdýar.
“Çeşmämiziň aýtmagyna görä, Türkmenistan 2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda türkmen-owgan serhedinde geçiriljek TOPH gazgeçirijisiniň Owganystandan geçjek böleginiň gurluşygynyň düýbüni tutmak dabarasyna şaýatlyk etmegi üçin Pakistana, Hindistana we Eýrana çakylyk ugratdy” diýip, neşiriň maglumatynda bellenilýär.
TOPH-yň owgan böleginiň gurluşygynyň düýbüni tutmak dabarasynyň fewral aýynda amala aşjakdygy ýa-da aşmajakdygy dogrusynda häzirlikçe Türkmenistanyň ýa-da Owganystanyň häkimiýetleri tarapyndan ilat köpçüligine maglumat berilmeýär.
Emma bu habar, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Owganystanyň günbataryna sapar edip, bu Hyrat welaýatynyň häkimi Muhammad Asiyf Rahymy bilen duşuşmagynyň yz ýanyna gabat geldi.
20-nji ýanwarda geçirilen gepleşiklerde Meredowyň we Rahymynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklar, hususan-da TOPH, TOP we beýleki proýektler, olary durmuşa geçirmek we howpsuzlyk meseleleri barada maslahatlaşandygy habar berildi.
Şonda Hyradyň häkimi türkmen ministrine bu taslamalaryň owgan topragyndaky gurluşygyna girişmek dabaralaryna görülýän taýýarlyk hakynda gürrüň berdi we howpsuzlygy üpjün etmek üçin ähli çäräniň görüljekdigini aýtdy.
Ekspertler Türkmenistandan Owganystanyň üsti bilen Pakistana we Hindistana gaz eltmek planlarynyň öňünde iki sany çynlakaý meseläniň durandygyny aýdýarlar. Olaryň biri Aşgabadyň häzirki maliýe kynçylyklary wagtynda 10 milliard dollar töwereginde bahalanýan proýekte serişde tapmak kynçylygy, ikinjisi Owganystandaky howpsuzlyk ýagdaýlary.
Belläp geçsek, türkmen häkimiýetleri ilki başda gazyň TOPH gazgeçirijisinden 2019-njy ýylyň aýagynda akdyrylyp başlajakdygyny yglan etseler-de, bu möhlet soňy bilen 2020-nji ýyla çenli yza süýşürildi.