«Talyban” režimi çöküp, Owganystanyň öňki “Demirgazyk Ýaranlygyna” degişli bäsdeş toparlaryň arasyndaky konflikt çözüleninden soňraky ýyllarda ýurduň demirgazyk böleginiň ýagdaýy suratlandyrylynda, köplenç “belli bir derejede imisalalyk” diýen sözler ulanylýardy. Ýöne indi giňden ýaýran söweşler we çet ýurtly jeňçileriň aralaşyp, sahnadaky ýagdaýy üýtgedendigi zerarly bu suratlandyryş hakykata laýyk gelenok.
Demirgazykda täze dörän reallyga goşant goşan faktorlar az bolmasa-da, bularyň iň ulusy 2014-nji ýylda NATO güýçleriniň ýurtdan çykmagy netijesinde dörän howpsuzlyk boşlugy, şeýle hem jogapkärçiligiň Owganystanyň entek kämillik derejesine ýetmedik kowpsuzlyk güýçleri bilen harbylaryna tabşyrylandygy. Netijede ýurt çagyrylmadyk myhmanlar üçin arzyly mekana öwrüldi.
The arrival of the annual Taliban spring offensive in April 2015 revealed the north as a major battleground between government troops and Taliban forces, fighting that in years past had centered primarily on the Pashtun centers of southern and eastern Afghanistan.
Ýurda soňra baran söweşijiler barada hem habarlar peýda boldy. Bular Pakistanyň geçiren harby hüjümleri sebäpli özleriniň bu ýurtdaky bukularyny terk etmeli bolan “Yslam döwletine” sadyk orta aziýaly jeňçiler.
Pakistanyň biynjalyk serhetýaka regiony pakistan ”Talybanyna”, Orta Aziýa, arap ýurtlaryna we Çeçenistana degişli jeňçileri ençeme ýyllap penalap geldi. Demirgazyk Owganystanda köp sanly “nätanyş ýüzleriň” peýda bolandygy barada ýerli ilatdan gowşan habarlar resmileriň ünsüni [olaryň gelýän ýeri, ýagny] çeşme hökmünde demirgazyk-günbatar Pakistana çekdi. Demirgazyk Owganystana täze baranlaryň arasynda Pakistanda pena tapanlygy mälim jeňçi toparlaryň ençemesiniň wekilleriniň bolmagy mümkin.
Bular Pakistanyň “Tehrik-i Taliban” hereketiniň dürli fraksiýalarynyň, şeýle hem “Özbegistanyň Yslam hereketi” we by hereketiň täjik bölümi “Jamaat Ansarullah” ýaly al-Kaýda bilen ilteşikli toparlary öz içine alýar.
Özbegistanyň yslam hereketi ÖYH-niň ýolbaşçylarynyň özleriniň “Yslam döwletine” sadykdyklary barada kasam etmegi Owganystanda ekstremizmiň howply täze görnüşini döreder diýen gorkyny oýardy. Ýöne “Yslam döwletiniň” arap ýolbaşçylarynyň Owganystana aýak basyp-basmandygy ýa olaryň täsirleriniň näderejededigi entek belli däl.
Pentagonyň 2015-nji ýylyň iýunynda çykaran hasabatynda “Yslam döwletiniň” Owganystandaky täsiriniň we onuň bu ýurda aralaşma işleriniň entek deslapky derňew derejesindedigi aýdylýar.
Hasabatda şeýle hem “Özbegistanyň Yslam hereketi” özüniň “Yslam döwletini” global jyhadyň ýolbaşçysy hökmünde goldaýandygyny beýan etse-de, owgan talybanlarynyň “Yslam döwletine” bu ýurda aralaşmaga özleriniň ýol bermejekdigini aýdandygy bellenýär.
Ýöne çet ýurtly jeňçileriň demirgazyk Owganystanda göze ilmegi olaryň serhetden Täjigistana, Türkmenistana we Özbegistana geçmäge taýýarlanýandygynyň alamty hem bolup biler.
Jeňçileriň Pakistandan demirgazyk Owganystanyň merkezi welaýatlaryna aralaşmagy regionyň iki gapdalyndaky ýollardan amala aşyrylýan bolmagy ahmal. Demirgazykdaky serhede Türkmenistan, Özbegistan we Täjigistan tarapyndan berk kontrollyk edilýändigini nazara alsaň, jeňçileriň Owganystana gös-göni Orta Aziýadan aralaşmak ähtimallygy o diýen uly däl.
”Talybanyň” höküm süren döwürlerinde režimiň Owganystanda kontrollyk astyna alyp bilmedik sanlyja welaýatlarynyň biri Badahşandy. Bu gün hem, şol häsiýetler sebäpli bu welaýat Pakistanyň günbatar regionlaryndan gaçyp, demirgazyk Owganystana aralaşmaga synanyşýan jeňçiler üçin amatly geçelge bolup durýar.
Pakistan 2014-nji ýylda demirgazyk Weziristanda harby hüjümleri ýola goýaly bäri jeňçiler bilen olaryň maşgala agzalarynyň ýurtdan gaçyp çykmak üçin Badahşanyň gizlin dag geçelgelerini ulanýandygy mälim. Olaryň käbiri ilki owgan welaýaty Kunaryň üsti bilen Badahşana barýar. Ýöne köpüsi demirgazyk Weziristandan Çitrala, ol ýerden hem Dorah, Borogil ýa-da Irşad geçelgesini ulanyp, serhetden Badahşana geçýär.
“Özbegistanyň Yslam hereketiniň” demirgazyk Owganystana aralaşandygynyň görnetin alamatlary bilen ýüzbe-ýüz bolan ilkinji welaýat Tahar boldy. Söweşijiler ol ýere 2008-nji ýylda NATO-nyň demirgazykdan gelýän üpjünçilik ýoluny kesmek üçin bardylar.
ÖYH-niň täjik bölümi “Jamaat Ansarullah” hem Taharda ýerleşip, demirgazykdaky serhetdeş goňşy Täjigistana howp salarlyk ýagdaýa ýetdi.
2010-njy ýylda Taharyň ilaty Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna “Al-Kaýdanyň jeňçileriniň” welaýatda bir kiçeňräk daýanç nokadyny gurandyklaryny aýtdylar. Şol ýylyň sentýabrynda NATO ”Al-Kaýda” bilen ilteşikli ÖYH-niň bir lideriniň welaýatda geçirilen howa hüjüminde öldürilendigini habar berdi.
Owgan kanun çykaryjylary üç etrap, ýagny Daşte-Kala, Hoja Gar we Bahardakda özbek ýaşaýjylarynyň ÖYH-niň söweşijilerini penalaýandyklaryny aýtdylar.
Bu etraplaryň hemmesiniň Pakistanyň demirgazyk Weziristan welaýatyndan günbatardaky goňşy Gunduz welaýatyna barýan jeňçilere geçere ýol bolup hazmat edýändigine ynanylýar.
Hem “Talyban” güýçleri hem-de “Yslam döwletine” wepaly ÖYH-niň jeňçileri 2015-nji ýylyň bahar hüjümini Gunduz welaýatyna gönükdirip, bu welaýaty demirgazykda barýan giň gerimli kampaniýalar üçin baza edindiler.
Kampaniýanyň başlarynda “Talyban” güýçleriniň bu ýere toplanan iki müň söweşijisi welaýatyň ýedi etrabynyň bäşisini eýeläp, apreliň aýaklarynda welaýat merkeziniň strategik taýdan aşa ähmiýetli uçar meýdanynyň on kilometrligine çenli ilerlediler. Onsoň elden giden territoriýany Amerikanyň howa hüjüminiň kömegi bilen gaýtaryp almak üçin hökümet güýçleri ençeme hepde söweşmeli boldular.
Welaýat häkimi Mohammad Omar Safi bu gazaply söweşiň dowamynda 200 jeňçiniň öldürilendigini, on müň maşgalanyň hem öz öý-owzaryndan jyda düşendigini aýtdy.
Safiniň aýtmagyna görä, öldürilen jeňçileriň azyndan 18-siniň kimligi kesgitlenip, olaryň Täjigistandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Türkiýeden we Çeçenistandan bolan “çet ýurtly söweşijilerdigi” anyklanypdyr.
Welaýatyň polisiýa başlygy Abdul Sabur Nasrati Azatlyk Radiosyna “Biz Gunduz welaýatynda Yslam döwletiniň söwejileriniň bardygyny inkär edip bilemzok” diýip, gönümellik bilen aýtdy.
2001-nji ýylda Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygyndaky güýçler “Talybany” Gunduzdan kowup çykarmazdan öň, bu welaýat agzalýan toparyň iň soňky berkitmesi hasaplanýardy.
2009-njy ýylda ”Talyban” bu ýere dolanyp barmazdan ozal Gunduz belli bir derejede asuda welaýatdy. Ýöne ol şondan bäri ”Talybanyň” iş alyp barýan esasy bazasy bolup durýar.
Taryhy şäher Mazary-Şerifi merkez edinen Balh uzak wagtdan bäri demirgazyk Owganystanyň esasy şäheri hasaplanýar.
Mazary-Şerif Gok metjit ýaly möhüm dini zyýaratgähleri şeýle hem yslam we ellinistik döwre degişli arheologik ýerleri öz içine alýar.
Balh welaýaty tutuşlygyna 2400 ýyldan gowrak mundan ozal Baktriýa diýen at bilen meşhurlyk gazanan regionyň bir bölegi bolupdyr.
Häzirki wagtda Balh Owganystan bilen goňşy üç sany Orta Aziýa döwleti, ýagny Türkmenistan, Özbegistan we Täjigistan bilen serhetdeş.
”Talyban” güýçleriniň, orta aziýaly söweşijileriň ýa-da “Yslam döwleti” bilen ilteşikli çet ýurtly jeňçileriň hüjümleri barada aýdanyňda bolsa, Balh demirgazyk Owganystanyň iň howpsuz welaýaty.
Bu bolsa häkimiýet monopoliýasynyň, esasan, welaýatyň täjik häkimi, öňki uruşparaz serkerde Atta Mohammad Nuruň elindedigi bilen bagly.
Muňa garamazdan, durnuklylyk ilkinji nobatda Nuruň öňki uruşparazlaryň ýene biri, wise-prezident Abdul Reşit Dostum bilen bolan gantaşygyna bagly. Bu iki gadymy bäsdeş ýaňy iýun aýynda demirgazyk Owganystanda howpsuzlygy ornatmak üçin özara hyzmatdaşlyk barada ylalaşdylar.
Samangan strategik taýdan Owganystanyň Hindiguş daglarynyň demirgazyk çetinde ýerleşýär. Balhyň merkezi Mazary-Şerifi Kabul bilen birikdirýän esasy şaýol Samangan we onuň merkezi Aibakdan geçýär.
Samanganda soňky ýyllarda belli bir derejede asudalyk höküm sürdi. Beýleki welaýatlar bilen deňäniňde jeňçileriň işjeňligi bu ýerde gaty çäkli.
Çet ýurtly jeňçiler barada Samangandan gowuşýan habarlar köp däl. 2015-nji ýylda owgan ”Talybany” käbir hüjümleri amala aşyrandygyny aýtdy. Ýöne bular toparlaýyn bolan hüjümler däl-de, köplenç ýollaryň gyralarynda partladylan bombalar.
Jowzjan Owganystanyň birinji wise-prezidenti Abdul Reşit Dostumyň dogduk welaýaty. Bu halk arasynda tasiri güýçli özbek lideri ”Talybanyň” höküm süren döwründe bu topara garşy düzülen ”Demirgazyk Ýaranlygynda” möhüm harby ýolbaşçylaryň biridi.
NATO 2012-nji ýylda Jowzjanda howpsuzlygy owgan güýçlerine tabşyranyndan soň bu ýerde Dostumyň öňki söweşijileri bar hem bolsa, jeňçileriň işjeňligi artdy.
2014-nji ýylda ”Talyban” jeňçileri Jowzjanyň demirgazyk çetinde ýerleşýän Hamýab etrabyny basyp, hökümet güýçlerini we Dostumyň toparyna degişli meýletinleri yza çekilmäge mejbur etdiler.
Serhediň aňyrsyndan bolsa Türkmenistan bu wakalara öz howpsuzlyk çärelerini berkitmek bilen jogap berdi.
Jowzjanyň sowa obalarynda howpsuzlygy goraýan köplenç ýerli polisiýa bilen parahat iltatdan düzülen meýletinler. Bularyň hem aglabasy, çak edilişine görä, ozal Dostumyň söweşijileriniň hatarynda bolan adamlar.
2015-nji ýylyň baharynda ÖYH-niň köp sanly söweşijisi goňşy welaýat Farýabdan Jowzjana aralaşana meňzeýär. Ýaňy maý aýynda Jowzjanyň merkezi etraby Akjadaky resmiler hökümet güýçlerine garşy uruşýan jeňçileriň arasyndaky “çet ýurtlylaryň” sanyny iň azyndan 300 töweregi diýip çaklaýandyklaryny mälim etdiler.
Ol ýerdäki ýaşaýjylar Azatlyk Radiosyna çet ýurtly jeňçileriň özbekçe ýa täjikçe gürleýändiklerini aksentleriniň bolsa owganystanlylara däl-de, orta aziýalylara meňzeýändigini aýdýarlar. Bu hem olaryň “Özbegistanyň yslam hereketine” we onuň täjik ganaty “Jamaat Ansarullah” toparyna degişlidini aňladýar.
Sar-e Poldaky jeňçileriň aglabasynyň ýerli ilatdandygyna ynanylýar. Ýöne 2014-nji ýyldan bäri ol ýere aralaşan ”Talyban” güýçleriniň we çet ýurtly jeňçileriň sany az däl.
Bularyň köpüsi Badgiz we Farýab welaýatlaryndan gelýär. Olar häzir Sar-e Pol welaýatynyň ýedi etrabynyň takmynan ýarysynda iş alyp barýarlar.
Sozma-Kala we Kohistanat ýaly etraplaryň ýaşaýjylary öz obadyr şäherlerini goramak üçin hökümet güýçleriniň ýeterlik däldiginden we bu ýerde 2015-nji ýylyň baharyndan bäri jeňçileriň sanynyň barha artýandygyndan zeýrenýärler.
Howpsuzlygy gorap saklamak üçin ýaşaýjylaryň käbiri bileleşip, parahat ilatdan düzülen ýaragly güýçleri döredipdirler. Ýöne olar Kabulyň özlerini ýarag bilen üpjün etmek wadasyny ýerine ýetirmekde haýal gymyldaýandygyny aýdýarlar.
”Talyban” güýçleriniň, şeýle hem çet ýurtly jeňçileriň, şol sanda Pakistanyň günbatar regionlaryndaky jeňçileriň-de Farýaba aralaşmagy bilen, 2014-nji ýyldan başlap bu ýerde howpsuzlyk ýagdaýy ýaramazlaşyp ugrady.
Käbir jeňçileriň, şol sanda ÖYH-niň jeňçileriniň-de owgan hökümetiniň harby hüjümleri sebäpli goňşy welaýat Badgizdan gaçmaga mejbur bolandygy çak edilýär. Hökümet güýçleri jeňçileriň kontrollygyndaky etraplary yzyna almak üçin Farýab welaýatynda-da hüjümleri ýola goýdular.
Farýablylar, welaýatda bikanun ýaragly güýçler peýda bolup, bu ýerdäki 15 etrabyň azyndan 8-inde giňden ýaýramak bilen öňki durnuksyzlygyň üstüne urna bolandygyndan, olaryň ýerli howpsuzlyk güýçlerine haýbat atýandygyndan zeýrenýärler.
Söweş we howpsuzlyk ýagdaýynyň gowşakdygy sebäpli müňlerçe ýaşaýjylar başga ýerlere göçmeli boldular.
Ýerli ilat hökümetiň kontrollygynyň diňe etrap merkezleri bilen çäklenýändigini aýdýar. Owganystanyň bir parlament wekiliniň 2015-nji ýylyň maý aýynda aýtmagyna görä, Farýab welaýatynyň 80 prosentden gowragyna jeňçiler kontrollyk edýärler.
Badgiz 2014-nji ýyldan bäri “Talyban” güýçleri we “Özbegistanyň Yslam herketi” tarapyndan söweş öýjügine öwrülen welaýat. Jeňçileri welaýatdan kowup çykarmak üçin ýurduň howpsuzlyk güýçleri şondan bäri ençeme gezek hüjüme geçdiler.
Bular ýaly harby operasiýalar köp halatlarda jeňçileriň obadyr şäherleri basyp almagyna gaýtawul hökmünde geçirilýär.
Demirgazyk Weziristandan gelýän ”Talyban” we ÖYH-niň jeňçileri, Hyrat welaýatynyň gündogar çetinden geçip, Badgiza gelýärler.
Jeňçileriň işjeňligi welaýatda ýaňy artdy. Beýleki jeňçiler hem, hamana şoňa garaşan ýaly, edil şu wagt gelýärler. Üstesine-de, “Yslam döwleti” 2015 ýylyň başlarynda öz hereketlerini Badgiz we Owganystanyň beýleki demirgazyk böleklerinde ýaýbaňlandyrmak barada iş alyp barýandygyny aýtdy. Bu hem öz gezeginde goňşy Türkmenistanyň serhet howpsuzlygyny güýçlendirmegine getirdi.
2014-nji ýyldan bäri türkmen serhetçileri bilen Badgizdäki jeňçileriň arasynda çaknyşyklar-da boldy. Söweş zerarly parahat ilatdan ençeme adamlar Murgap derýasyndan Türkmenistana geçmäge synanyşdylar.
2015-nji ýylyň maýynda ÖYH-niň jeňçileri Jawand şaherçesini eýelänlerinden soň, hökümet tarapyndan bolan hüjümlerden gaçyp, özleriniň türkmen serhedindäki berkitmelerine çekildiler.
Badgiziň polisiýa başlygy Mohammad Kaýýum Angaryň aýtmagyna görä, üstümizdäki ýylyň maýynda janyndan geçen bombaçylar üçin Hyrat welaýatyndan Bala Murgaba partladyjy guşaklary getirýärkä ýolda alty sany jeňçi öldürilipdir.