1941-1945-nji ýyllardaky II Jahan Urşuna SSSR Ýazyjylar birleşigine agza bolan türkmen ýazyjy-şahyrlaryň ençemesi gatnaşdy. Olaryň birňäçesi söweş meýdanynda wepat boldy. Uruşdan sag-aman öwrülip gelenleri edebiýata hyzmat etmegini dowam etdirdiler. Ýeňiş baýramynyň öňüsyrasynda Azatlyk Radiosy olary ýatlap, ýörite infografik taýýarlady.
Gökdepe etrabynda dogulýar. Aşgabatda we Daşkentde bilim alýar. 1929-njy ýylda “Ýaş kommunist” gazetiniň redaktorlygyna bellenýär. Şol ýyl goşun gullugyna çagyrylyp, 1938-nji ýyla çenli “Gyzyl Goşun” atly harby gazetiniň redaksiýasynda işleýär. “Atyjylyk üçin” atly ilkinji hekaýasy 1933-nji ýylda çap edilýär. 1938-1941-nji ýyllarda metbugatda, Ýazyjylar birleşiginde işleýär. “Şirin”, “Giýew”, “Soňky öý”, “Kitap” hekaýalaryny, “Şükür bagşy”, “Gyrnak” powestlerini ýazýar. 1941-nji ýylda goşuna alynýar. Ol söweş meýdanynda-da döredijilik bilen meşgullanýar. Onuň “Ýagtylyga çykanlar” powesti 1942-nji ýylda çap bolýar. Ol 1944-nji ýylda jeň meýdanynda wepat bolýar. N.Saryhanowyň “Şükür bagşy”, “Gyrnak” powestleri esasynda çeper filmler surata düşürildi.
Köşi obasynda dogulýar. Mugallymçylyk tehnikumyny tamamlap, oba mekdebinde mugallymçylyk edýär. 1931-1941-nji ýyllarda radioda, gazet-žurnallaryň redaksiýalarynda, Ýazyjylar birleşiginde işleýär. “Kolhozçylara” atly ilkinji goşgular ýygyndysy 1933-nji ýylda çap edilýär. 1941-nji ýylda goşun gullugyna çagyrylýar. Uruş ýyllary ençeme goşgylary hem-de “Kareliýa jeňňelinde”, “Dýadiýa Iwan”, “Peterburgda” atly poemalaryny ýazýar. 1943-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Smolenskiniň etegindäki gazaply söweşde wepat bolýar.
Eýranyň Kümüşdepe obasynda dogulýar. 1926-njy ýylda Türkmenistana gelýär. Mekdebi tamamlap, 1933-nji ýylda Sankt-Peterburgyň Lingiwistik institutyna okuwa girýär. Türkmenistanda ylmy-barlag edaralarynda işleýär. 1940-njy ýylda Sankt-Peterburgaky aspirantura okuwa gidýär. 1941-nji ýylyň 22-nji iýunynda urşuň başlanmagy bilen, goşun hataryna çagyrylýar. 1943-nji ýylyň tomsunda söweş meýdanynda wepat bolýar. Ilkinji goşgusy 1927-nji ýylda “Daýhan” gazetinde çap edilýär. Ol “Ýaşkiçi Gurban”, “Jansyz kebelek” ýaly hekaýalary, “Gul ogly-Myrat”, “Gürgen jülgelerinde” atly powestleri, 40-a golaý erteki ýazýar. Ol türkmen klassik edebiýatyny öwrenmekde uly işleri amal edýär. 1940-njy ýylda Keminäniň goşgular ýygyndysy onuň sözbaşy makalasy bilen latyn elipbiýsinde çap edilýär.
Aşgabadyň etegindäki Gökje obasynda dogulýar. Ilki 7 ýyl dini medresede (1913-1920), soňra 2 ýyl şura mekdebinde bilim alýar. Mugallymçylyk edýär, Komsomol komitetinde, gazetleriň redaksiýasynda işleýär. “Baýram edeliň” atly ilkinji goşgusy 1925-nji ýylda “Türkmenistan” gazetinde çap edilýär. XX asyryň 30-njy ýyllarynyň gowgaly wakalaryndan söhbet açýan “Sona” poemasy şahyra uly meşhurlyk getirdi. Geçen asyryň 70-nji ýyllarynda şol poemanyň äheňinde “Gowgaly gije” baleti teatr sahnaynda goýuldy. 1941-nji ýylda goşun gullugyna çagyrlan şahyr 1943-nji ýylda söweş meýdanynda wepat bolýar.
Uruşdan ozal Aşgabatda, Moskwada bilim alypdyr. Metbugatda, neşirýatda işleýär. Eserleri bilen il içinde tanalyp ugrapdy. Uruşda görkezen edermenligi üçin orden-medallar bilen sylaglanýar. Uruş ýyllary ýazan “Ermeni gyzy” goşgysy SSSR-de meşhurlyk gazanypdy. Şol goşgy esasynda dokumental film surata düşürildi. Ol “Ganly saka”, “Garry serdar”, “Ata-balalarym”, “Yzçy” romanlaryny ýazdy. Rus we dünýä edebiýatynyň klassyklarynyň 50-den köpräginiň eserlerini türkmen diline terjime etdi. Oňa “Türkmenistanyň halk ýazyjysy” diýen at dakyldy.
Uruşdan ozal goşgulary bilen tanalýardy. Onuň sözlerine döredilen “Watanym” aýdymy ýurtda meşhurdy. “Pomma däl, duşmana bomba sözleýär” diýen setir bilen başlanýan goşgy ýazyp, urşa giden şahyr Berline çenli söweş ýoluny geçdi. Ol uruşdan soňra köp sanly goşgy, kyssa, drama eserlerini, “Gatakar” romanyny ýazdy.
Uruşdan ozal Moskwada ýokary bilim alýar. Ilkinji eserlerini ýazýar. 1941-nji ýylda urşa giden ýazyjy 1943-nji ýylda söweşde çep goluny ýitirýär. Goşundan boşadylýar. Ol türkmen edebiýatynda çagalar edebiýatynyň düýbüni tutujydyr. “Iki atanyň bir ogly”, “Mugallymyň gyzy”, “Bäsdeşler”… ýaly kämil eserleri ýazýar. 1948-nji ýylda Aşgabat ýer yranmasynda wepat bolýar.
Eýranyň Maşat şäherinde dogulýar. 10 ýaşda ata-enesi aradan çykan ýetim oglanjyga Maryda ýaşaýan Gulam Ryza diýen garyndaşy hossar çykyp, Türkmenistana getirýär. 1939-njy ýylda “Çopan” atly ilkinji pýesasyny ýazýar. “Men başlyk” (1940), “Söýgi we töhmet” (1941) ýaly drama eserlerini döredýär. 1944-nji ýylda goşun gullugyna alnyp, agyr söweşlere gatnaşýar. Uruşdan soňra onlarça pýesa ýazýar. Ol “Allan aganyň maşgalasy” dramasy üçin SSSR-iň Döwlet baýragyna mynasyp bolýar. Eserleri esasynda “Aýna”, “Maşgala namysy” çeper filmleri döredildi.
SSSR Ýazyjylarynyň l gurultaýyna (1934) delegat bolup gatnaşýar. Türkmenistan Ýazyjylar birleşigi döredilende (1934) prawleniýäniň jogapkär sekretarlygyna saýlanýar. Watançylyk urşuna gatnaşýar. “Bir desse gül”, “Ur faşisti” ýaly goşgulary ýazýar. Uruşdan soňra döredijiligini ylym bilen utgaşdyrdy. Ylmy dissertasiýa gorady. Türkmen döwlet uniwersitetinde tas 40 ýyl mugallymçylyk etdi. Syýasy lirika ýugrulan goşgular onuň döredijiliginiň özenini düzýär.
Uruşdan ozal gazetleriň redaksiýasynda işleýär. Urşa harby gazetiň habarçysy bolup gatnaşýar. Uruşdan soňra “Gyzyl ýyldyz” harby gazetinde, Türkmenistan Ýazyjylar birleşiginde işledi. “Esger sarpasy”, “General”, “Generalyň ogullygy”, “Ogul we agtyk”, “Halypalar” ýaly eserleri ýazdy. Uruş temasyndan ýazan drama eserleri sahnada goýuldy.
Urşuň ähli ýowuzlygyny egninde çeken ýazyjy. Şonuň üçin uruş temasy onuň döredijiliginde esasy orun tutýar. Bu temadan ençeme hekaýa, 3 powest, “Aýdogdy Tahyrow” romanyny ýazdy. “Akmaýanyň ýoly” powesti, “Jeýhun”, “Welaýat” romanlary-da harby temadan ýazylan eserlerdir. Onuň “Ýuwaş gelin” powesti esasynda çeper film surata düşürildi.
Ilkinji goşgulary metbugatda çap bolanda urşa alynýar. Ukrainany duşmandan azat etmek ugrundaky söweşlerde ýaralanyp, goşundan boşadylýar. Uruşdan soňra SSSR we Türkmenistan Ýazyjylar birleşiginde, Medeniýet ministrliginde jogapkär wezipelerde işleýär. 20-den köpräk goşgular kitabynyň, “Başlyk” romanynyň awtorydyr. Türkmenistanyň halk ýazyjysy.
Uruşdan ozal harby uçilişäni tamamlap, ofiser derejesini alýar. Uruşdaky edermenligi üçin söweşjeň ordenleriň 6-sy, medallar bilen sylaglanýar. Ol hekaýalaryň, powestleriň, kinosenarileriň, “Gazap” romanynyň awtorydyr. Onuň eseri esasynda “Ölüm ýokdur, oglanlar” çeper film surata düşürildi. Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesidir.
Urşa gitmezinden ozal mugallym bolup işleýär. Söweş meýdanyndaky batyrlygy üçin “Gyzyl Ýyldyz” ordeni, söweşjeň medallar bilen sylaglanýar. “Merdiň meýdany”, “Goja we üç ogly”, “Aýna hakda rowaýat”, “Aşgabatly batyrlar”, “Gowgaly gijeler” ýaly kitaplaryň awtory.
Urşa alynmazyndan ozal mekdep mugallymy bolup işleýän wagty kelte hekaýalar ýazýar. Leýtenant Ata Durdyýew mergenleri (snaýper) taýýarlaýan harby üçilişede tälim berýär. Söweş hereketlerine gatnaşýar. Onuň “Front hekaýatlary”, “Dur kimsiň”, “Üç ädim”, “Harby syr”, “Daň saz berende” kitaplary uruş temasyndan ýazylan eserlerdir. “Keýmir kör”, “Şahan” romanlaryny ýazdy.
Uruşdan dolanyp gelenden soňra döredijiligine çagalar edebiýatyna bagyşlady. “Gyzyl galstuk”, “Biziň maşgalamyz”, “Batyr pälwan”, “Ýangyn”, “Gaýduwsyzlar”, “Bäşimiň başdan geçirenleri”, “Ynjyk gyzjagaz”, “Sekiz ýabyň aýdymy” ýaly kitaplary çap edildi.
Çeşme: Türkmen Sowet edebiýaty, III tomluk, Aşgabat 1970-1972 ýyllar.