Azatlyk Radiosy owganystanly türkmenleriň Amyderýanyň owgan kenarynda görýän horluklary, derýanyň olaryň ekin we öri meýdanlaryny opuryp alşy barada tapgyrlaýyn gepleşik berdi.
Netijede, Türkmenistanyň ýolbaşçylary Owganystanyň halkyna edýän goňşuçylyk kömegini artdyryp, derýanyň kenaryndaky meseleleri öwrenmek üçin spesialistler toparyny ýollady.
Azatlyk Radiosy resmi Aşgabadyň iberen iş toparyny garşylan owgan resmileriniň biri, demirgazyk Owganystanyň Jowuzjan welaýatynyň welaýat geňeşiniň başlygynyň orunbasary, deputat Abdulkadyr Maliýa bilen söhbetdeş boldy.
Azatlyk Radiosy: Garkyn we Hamýap etraplaryna, Amyderýanyň kenaryny berkitmek boýunça derňew geçirmek üçin, Türkmenistandan hünärmenler gelipdir olar ýerli wekiller tarapyndan garşy alnypdyr. Şu täzelik barada giňräk maglumat berip bilmezmisiňiz?
Abdulkadyr Maliýa: Hawa, biz olary Hamýap etrabynyň Basaga diýen ýerinde, serhet geçelgesinde garşy aldyk. Aňyrdan olar geldi, bärden biz bardyk, etrap häkimimiz bardy, Hamýabyň häkimi bardy, serhet, polisiýa ýolbaşçylarymyz bardy. Hemmämiz oturyp, ýörite bir ylalaşyk taýýarlap, onuň aşagyndan hem iki tarapyň wekilleri bolup golumyzy çekdik.
Şol ylalaşykda Türkmenistan Garkyn we Hamýap etraplarynyň halkynyň ýerlerini derýanyň opurmagynyň öňüni almakda kömek etmek niýetini tassyklady. Biz Türkmenistanyň halkyndan, Türkmenistanyň prezidentinden, ilçisinden, konsulyndan, serhetçilerinden, hemmesinden aňry dereje hoş.
Şu «göş bilen dyrnak aýrylmaýar» diýýärler, bizler hemişe Türkmenistan bilen bile, Türkmenistan bize hiç ýamanlyk edenok, Türkmenistanyň edýäni hemişe ketde hyzmat. Bizem enşalla Türkmenistanyň bu edýän hyzmatyna elimizden gelinçä kömekleşeris, biziň elimizden geljek işem ýok, şonda-da serhet goragy boýunça elimizden gelenini ederis we biz Türkmenistanyň hyzmatynda.
Azatlyk Radiosy: Türkmenistandan kimler geldi? Siz ylalaşyga gol çekişdik diýdiňiz?
Abdulkadyr Maliýa: Aňyrdan gelen adamlaryň arasynda serhet komissary, Lebap welaýatynyň sud edarasynyň başlygy bar, olar bärde, Hamýapda derýanyň gyrasyna gelip gördüler. Olar gaty bärik gaýdyp bilmediler, serhede golaýrak ýerleri gördüler. Onsoň olar şol derýanyň gyrasyny berkitmek boýunça näme kömek edip biljeklerini kagyza ýazyp, şol ýazylan zatlaryň aşagyna olaram gol çekdi, bizem gol çekdik. Şeýlelikde bir ylalaşyk baglaşyldy, indi mundan beýläk hem aramyz ýagşy bolar diýip umyt edýäris.
Azatlyk Radiosy: Türkmenistan Amyderýanyň kenaryny berkitmek üçin anyk näme kömek edip biler? Siz Türkmenistandan nähili anyk işlere garaşýarsyňyz?
Abdulkadyr Maliýa: Türkmenistanyň edip biljek kömegi – olaryň 30 km Garkyn etrabyna, 16 km bolsa Hamýap etrabyna asyl plany bar eken. Biziň hasabymyzdan bu 30 kmden hem köpräk. Garkyn etrabynyň bazarynyň çatrygyndan Klip bendere, sowet döwründe gurlan geçelgä çenli 24 km ýol bar.
Derýanyň kenaryndan aýlanyp gitseň, 40 km golaý aralyk bolýar. Onsoň biz edip bilseňiz, derýanyň garasyny betonlap beriň diýdik. Eger bolmasa-da, her aralygy 50 metr, hem boýy 50 metr bolan diş, direg edip berseňiz diýdik, iki dişiň arasy 50 metr bolsun diýdik. Olar bu aýdylan zatlary kagyza geçirip, biz bu haýyşlaryňyzy ýolbaşçylarymyza ýetireris we olar nähili karara gelse, şo boýunça hem işe girişeris diýip, bizi ynandyrdylar.
Azatlyk Radiosy: Türkmenistan Owganystana iberýän elektrik togunyň möçberini artdyrjakdygyny aýtdy. Eger şol ýerden, serhetden siziň etraplaryňyza tok çekilse, bu ýeňil düşjek. Siz gelen myhmanlara özüňize elektrik toguny çekmekleri baradaky haýyş bilenem ýüz tutduňyzmy?
Abdulkadyr Maliýa: Hawa, şeýle haýyş bilenem ýüzlendik. Ýagny bu mesele ozal biziň wezirimiz baryp, karar edilen we bize hem Türkmenistandan gelýän tok çekilmeli. Türkmenistan hem bu işi etmäge, bize tok çekmäge taýýar.
Türkmen inženerleri 17 gün Hamýapda, 17 gün Garkynda işläp, näçe sütün gerek, näçe sim gerek, bularyň hemmesini hasaplap, ýazyp gitdiler. Bu barada ylalaşyk hem baglaşyldy we enşalla, ýakyn wagtda, şu ýyl Türkmenistan bize tok geçirer.
Bu meselede Owganystanyň hökümeti hem sähel gozgansa, bize basym tok hem geler, derýanyň gyrasy hem berkidiler. Türkmenistan bize uly kömek edip otyr.