Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýagşy niýet – ýarym döwlet


Adamlar geçmişde ýyllara at berip, olary dürli haýwanlara paýlap, soňra janly-jandaryň gylyk-häsiýetine görä üýtgeşiklige, aýratynlyga, sowgada garaşypdyrlar.
Adamlar geçmişde ýyllara at berip, olary dürli haýwanlara paýlap, soňra janly-jandaryň gylyk-häsiýetine görä üýtgeşiklige, aýratynlyga, sowgada garaşypdyrlar.
Köne ýyl soňlanyp, Täze ýyl golaý gelende, adamlaryň ruhy göterilip, birek-birege gowy zatlary arzuw edýärler. Täze ýylyň bosagasynda adamzat süýji arzuw-hyýala batýar. Bu her ýyl şeýle, her ýyl şol bir zat gaýtalanýar.

Edilen arzuwlar bitse-bitmese-de, adam Täze ýyly arzuwsyz garşylap bilenok. Onsoň Täze ýyl baýramy arzuwçyllygy döredipmi ýa-da arzuwçyllyk Täze ýyl baýramyny döredipmi – bilip bilseň bil-dä!

Arzuw etmek, görnüşine görä, ir döwürlerden bäri professional derejä baryp ýetirilipdir. Adamlar öňdäki ýyldan nämedir bir zada köre-kör garaşman, ýyllara at berip, olary dürli haýwanlara paýlap, soňra olardan adykdyrylan haýwanyň, janly-jandaryň gylyk-häsiýetine görä üýtgeşiklige, aýratynlyga, sowgada garaşypdyrlar.

Türkmenler At ýylyny gowy görýärler, “At – gaýrat” diýip, At ýylyndan gaýratly işlere garaşýarlar. Çünki taryhyň dowamynda at türkmeniň diňe bir aýagulagy däl, eýse iň wepaly ýoldaşy bolupdyr. Onsoň At ýylyndan türkmenler mydam ýagşy umytda. Kyn iş başyna düşende, türkmenler öňdäki ýyl at ýyly bolsa, onda atyň sagrysynda kynçylykdan aman-sag çykarys diýip ynanýarlar.

Goýun ýyly-da türkmenleriň hut saýlama gowy ýyllarynyň biri bolaýmaly ýaly. Sebäbi goýun maly ýuwaş, yrýa zady ýok: etem, süýdem, ýüňem, derisem gerek, özem arassa mal. Emma türkmenler Goýun ýylyndan hemişe az-owlak ýaýdanýarlar. Munuň sebäbi näme? Sebäbi goýun: “Ýylym toýnagym ýaly gaty bor” diýenmiş. Şonuň üçinem, goýun gowy mal bolsa-da, däp boýunça, Goýun ýylyndan uly tama edilenok.

Öňümizde duran 2013-nji ýyl Ýylan ýyly. Ýylan zäherli jandar. Göräýmäge, Ýylan ýylyndan oňňullyga garaşyp bolmajak ýaly. Emma bu beýle däl. Türkmenleriň düşünjesinde ýylan arassa, akylly hem paýhasly jandar hasap edilýär. Onsoň Ýylan ýylyndanam arassaçylyga, paýhasly işlere garaşylýar.

Diýmek, türkmenleriň ata-baba gelýän düşünjesine uýsaň, onda öňümizdäki ýyl şowly ýyl bolmaly. Iň bärkisi, birek-birege ýagşylyk arzuw etmegiň özem ullakan zat, “Ýagşy niýet – ýarym döwlet” diýlipdir.

Ak Welsapar Swesiýada ýaşaýan türkmen ýazyjysy we žurnalisti.

XS
SM
MD
LG