Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

2012-nji ýylda ýewro zonasy saklanyp galarmy?


Hemmeler, şol sanda ýewropa liderleri-de, abanýan howpuň kiçi-girim däldigini bilýärler.
Hemmeler, şol sanda ýewropa liderleri-de, abanýan howpuň kiçi-girim däldigini bilýärler.

Öňümizdäki ýyl daryşganlyga düşen ýewro zonasynyň düzelen ýa dargan ýyly bolar. Ýakynda Germaniýa bilen Fransiýa tarapyndan ýewrony halas etmek üçin hödürlenen plan Ýewropanyň täze bileleşik ruhuna öwrülip, ýewro ýa ganat baglap uçar ýa-da milletçilikli dawa-jenjelleriň arasynda dargap gider.


Täze hökümetara şertnama diýilýän planyň şowly ýa şowsuzlygyna baglylykda Ýewropanyň iki ýola gönükmegi ähtimal. Ol Ikinji jahan urşundan soň has uly syýasy we ykdysady integrasiýa üçin başlanan ýoly ýa dowam etdirer ýa-da bäsdeş döwletleriň arasynda ozal däp bolup gelen uruşly, gowgaly geçmişine dolanar.

Muňa bir gorkunç baha berildigi diýip düşünilmegi mümkin. Ýöne hemmeler, şol sanda ýewropa liderleri-de, abanýan howpuň kiçi-girim däldigini bilýärler.

Täze plan 9-njy dekabrda ile ýetirileli bäri Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylary ony öňe ilerletmek üçin ýeke-täk ýol diýip suratlandyrmakda tagalla baryny edýärler. Bu plany ýeke ýewro zonasyna degişli 17 döwlet däl, Ýewropa Bileleşigine agza 27 döwlet hem biragyzdan diýen ýaly goldady.

Muny Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Žoze Manuel Barroso 13-nji dekabrda Ýewropa parlamentinde eden çykyşynda şeýle taryplady:

—Bu 17 plýusda bolan ylalaşyk däl, ol 27 minusda bolan ylalaşyk. Agza ýurtlaryň döwlet ýa hökümet baştutanlary ýewropa integrasiýasy bilen maliýe durnuklylyk bileleşigine tarap ilerlemäge özleriniň taýýardyklaryny görkezdiler. Olar Ýewropany azrak däl-de, köpräk isleýändiklerini görkezdiler.

Edilýän talaplar

Täze planda harjyly döwletlerden diňe sowajaňlygy goýmak talap edilenok. Onda maýa goýumçylaryň ynamyny gazanmak üçin, ilkinji gezek tygşytlylygy berjaý edip bilmedik ýurtlary jezalandyrmak hem göz öňünde tutulýar.

Ýöne bileleşikde durýan käbir ýurtlaryň, aýratyn-da bu plany goldamakdan boýun gaçyran Beýik Britaniýanyň teklip edilen täze pakta özara integrasiýa aşa ýykgyn edilmegi diýip garaýandygy gizlin syr däl. Bu plany Brýusselde goldan hökümetleriň bu barada öz graždanlarynyň razylygyny almagyny kynlaşdyrmagy mümkin ýagdaý hem şol.

Londonyň Legatum institutyndan ykdysadyýetçi Dalibor Rohak bu kynçylygy şeýle düşündirýär:

—Meniň pikirimçe, iň uly problema bileleşigiň özeni bolup durmaýan hökümetleriň bu düzgün bilen ylalaşmagy. Gresiýa, Italiýa ýe Portugaliýa ýaly ýurtlar öz maliýe ýagdaýlaryny kadalaşdyrmak üçin örän köp zähmet çekdiler. Bu iş köplenç sosial ýagdaýyň, köplenç hem ykydysady ösüşiň hasabyna boldy. Bu hökümetler indi bu ylalaşygyň üsti bilen öz ilatynyň üstüne mundan artyk tygşytlylyk ýüküni ýüklejek bolsalar, munuň halky gahar-gazaba ataryp, islenen netijäniň tersini bermegi mümkin. Biz bu yza tesmeleri şu wagtyň özünde-de Gresiýa ýaly ýerlerde görýäris.

Gahar-gazabyň milletçilikli äheňlere ýazma mümkinçiliginiň bir sebäbi-de – täze pakta kontinentiň problemalaryny çözmek üçin, Germaniýanyň beýlekileriň üstüne ýüklän strategiýasy diýip garalýandygy.

Germaniýanyň formulasy

Germaniýanyň formulasy boýunça, maliýe taýdan kynçylyk içindäki ýurtlar tygşytlylygy berk saklamaly, Ýewropa Bileleşiginiň ykdysady motory hasaplanýan Germaniýa hem öz eksport senagaty bilen ykdysady ösüşi güýçlendirip, ýewrony sagaltmaly. Ýöne bu iş ýol alarmay ýa-da ýok, ol belli däl.

—Özene degişli däl ýurtlar bäsleşigi elden berip barýarlar. Germaniýanyň eksport işini dowam etdirip bilmegi mümkin. Ýöne dünýä ykdysadyýeti we Ýewropanyň beýleki döwletleriniň ýagdaýy düzelmese, oňa öz harytlaryny eksport edere köp ýer galmaz. Şol sebäpden men bu ülňi ýol alar öýdemok—diýip, ykdysadyýetçi Dalibor Rohak aýdýar.

Germaniýanyň Merkezi bankynyň çaklamagyna görä, bergi krizisi zerarly ýurduň ykdysadyýeti geljek ýyl ep-esli gowşar. “Bandesbank” 9-njy dekabrda: “2012-nji ýylda ykdysady ösüş 0,6 prosent bolar” diýdi. 2011-nji ýylda bolsa ösüş 3 prosente barypdy.

Täze pakt ýewrony halas edip bilmese, Berliniň başga teklipler girizjekdigi ýa başga teklipleri goldajakdygy belli däl. Germaniýa bilen beýleki gurplurak ýewro ýurtlary maliýe ýagdaýy ýokary derejede koordinirlenen kiçeňräk umumy pul zonasyny döretmek barada oýlanýar diýen çaklamalar-da ýok däl.

Beýle bolsa, bu ýewro zonasynyň dargap, Ýewropanyň nebelli geljege tarap gönükmegi bolýar.
XS
SM
MD
LG