Nýu-Ýorkuň umuman "Met" diýlip tanalýan Metropolitan muzeýi amerikanlaryň yslam medeniýeti baradaky düşünjelerini artdyrmak maksady bilen özüniň yslam sungaty üçin göz öňünde tutulan täze bölümini açdy.
Muzeýiň 1-nji noýabrda açylan täze ganaty 15 galereýadan ybarat. Bular tutuş yslam dünýäsine degişli arap ýurtlarynyň, Türkiýäniň, Eýranyň, Orta Aziýanyň we Günorta Aziýanyň taryhy sungat eserlerini öz içine alýar.
Sergide goýlan bahasyna ýetip bolmajak zatlar adamlary diňe öz gözelligi, ussatlyk bilen öndürilendigi bilen aňk-taňk edenok. Olar şol bir wagtda yslam siwilizasiýasynyň 13 asyrlyk döwrüň dowamynda galdyran yzlaryny, onuň dünýäniň hemmelere degişli medeni mirasyna näme goşantlary goşandygyny-da görkezýär.
Muzeý öz maksadynyň amerikanlaryň yslam medeniýeti boýunça gözýetimini giňeltmekdigini aýdýar.
2001-nji ýylyň 11-nji sentýabr hüjümleri amerikanlaryň yslam dünýäsi baradaky düşünjesine oňaýsyz täsir etdi. Täze galereýalaryň açylmagy şol oňaýsyz täsirlere berilýän gaýtawul. "Met" yslam medeniýeti hem taryhy barada adamlara has çuň, has obýektiw düşünje bermegi umyt edýär.
"Adamlaryň garaýyşlaryny üýtgetmek üçin uly potensial bar. Munuň delili hem biz olary ummasyz maglumatlar bilen üpjün edýäris. Bularyň hemmesi taryhy maglumlatlar. Adamlar bir bitarap ýere gelip bilýärler. Bu ýerde syýasy garaýyş ýok" diýip, muzeýiň Yslam sungaty bölüminiň başlygy Şeýla Kanbi aýdýar.
Muňa garamazdan, ol maglumatyň prosesiň ýeke-täk bölegidigini belleýär. Kanbiniň pikiriçe, beýleki dünýäniň döredilijik güýjüniň, gözelliginiň täsirine uçramak – ýalňyş pikirleri ýeňip geçmek ugrundaky bir tejribe.
Galereýalar dünýäniň dürli künjeklerinden getirilen 12 müňden agdyk sungat eserlerini öz içine alýar. Bu Ispaniýa we Marokkodan başlap, günbatar Hindistan we Uzak Gündogara çenli uzap gidýän region.
Sergide goýlan zatlaryň biri – 14-nji asyrda Yspyhanda gurlan bir mährap. Kanbi: "Biziň uly arhitektura fragmentlerimiziň biri 1354-nji ýylda Yspyhanda mozaikadan ýasalan mährap. Orta Aziýalylar muny bilýändir. Aýratyn-da Özbegistanda timuridlerden galan ýadygärliklerde şu tehnika bar" diýýär.
Seýrek duş gelýän beýleki zatlaryň biri “Şanamanyň” bir nusgasy. Ol Eýran patyşasy Şah Tahmasba (1514-1576) hödürlenipdir.
Fotosýužet: Nýu-Ýorkuň Metropolitan muzeýinde
Sergide adamlaryň ünsüni özüne çekýän ýene bir zat – nepis halylar. Kanbiniň aýtmagyna görä, bularyň adamlaryň ünsüni özüne çekmeginiň sebäbi olaryň yslam dünýäsine degişli köşk durmuşynyň näderejede baý, näderejede rahat bolandygyny göni görkezmegi.
"Eksponatlaryň biri 16-njy asyryň başlarynda Müsüriň omanlylar tarapyndan boýun egdirilen döwürlerinde Kairde dokalan bir haly" diýip, Kanbi aýdýar.
Muzeý baýlygy, bolelinligi başga ýollar bilen hem görkezmäge synanyşypdyr. Eksponatlaryň biri bolan “Damask Otagynda” 1707-nji ýylda Siriýada gurlan bir osmanly öýüniň kabul ediş otagynyň içi görkezilýär.
Muzeýiň adamlarda galdyrýan täsirleri şol garaşylan täsirler. Bular ýaly gözelligi görüp, duýgulanyp tolgunmaýan adamlar az-az bolsa gerek.
69 ýaşly newrolog Frank Jonson bu sergiden özünde galan täsirleri şeýle düşündirýär: "Men beýle köp zatlary ozal görmändim. Metropolitan muzeýinde, dünýäniň beýleki uly muzeýlerinde yslam sungatynyň nusgalaryny gördüm. Ýöne bular ýaly ummasyz zatlary göremok".
Muzeýiň täze ganaty hem zerurlyk hem-de amatly pursatyň dörden zady. 2003-nji ýylda "Met" gadymy grek we rim galereýalaryny täzelemeli bolanda üstki gatda ýerleşýän yslam sungaty galereýalaryny ýapdy. Yslam sungaty bölümi hem bu pursatdan peýdalanyp, eksponatlaryny täze kontekstde, täze ýollar bilen hödürlemek üçin öz bölümini täzelemegi planlaşdyrdy.
Täze galereýalara Patti Kadbi Birç ýaly adamlar tarapyndan daşyndan hem kömek berildi. Oňa saldamly goşant goşanlaryň ýene biri Türkiýäniň Wehbi Koç fondy. Nýu-Ýorkly söwdagär maşgala, sungatyň howandarlary Bijan we Şarmin Mossawar-Rahmani, eýran-amerikan jemgyýeti hem oňa goşant goşdular.