Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara atom energiýasy gullugynyň Eýranyň alyp baran işleri baradaky hasabatynda onuň atom ýaraglary programmasynyň bardygy aýdylmaýar. Ýöne aýdylýan zat şoňa golaý.
Halkara atom gullugynyň hasabatynda subutnama diýip suratlandyrylýan zat köplenç atom ýaraglaryny öňdürmek üçin edilýän işler. Bular ýokary derejedäki partlaýjy maddalaryň - munuň ýadro materiallary bilen baglanyşykly bolmagy hem mümkin - bir harby kompleksde ýörite gurlan desgalarda synagdan geçirilmegi ýaly işleri öz içine alýar.
HAEG bular ýaly barlaglaryň atom ýaraglaryndan başga zatlar üçin gerekdiginiň özüne näbellidigini aýdýar. Ol şeýle hem bu işleriň 2003-nji ýyldan ozal düzülen programmalar boýunça alnyp barlandygyny we ýadro ýaragyny öndürmäge degişli işleriň 2003-nji ýyldan soň hem dowam edendigini görkezýän alamatlaryň bardygyny belleýär. Bu işleriň şu wagt hem alnyp barylýan bolmagy mümkin.
Ýadro ekspertleri gelinýän bu netijeleriň HAEG-niň Eýran barada ozal neşir eden hasabatlarynyň çäginden has aňrylara geçýändigini aýdýarlar. Öňki hasabatlarda üns merkezinde duran zat Eýranyň ýadro ýaraglary programmasy üçin peýdalanylmagy mümkin goşa ulanyşly tehnologiýa bilen gyzyklanmagy baradaky subutnamady.
—Atom energiýasy boýunça halkara gullugy haýsydyr bir potensial harby programma barada şular ýaly doly maglumat berende 10-12 sahypalyk material taýynlanýar, birinjisi şu—diýip, Stokgolmyň Halkara parahatçylyk barlaglary baradaky institutynyň direktorynyň orunbasary Daniel Nord aýdýar.
Norduň aýtmagyna görä, ýokary derejeli partlaýjy maddalaryň synagdan geçirilmegi ýaragdan başga zat üçindir diýip, pikir etmek ýadro ekspertlerine aňsat däl, sebäbi parahatçylykly atom energiýa programmasy bilen baglanyşykly bular ýaly synaglaryň geregi ýok. Ýöne Eýranyň ýadro programmasy barada täzeden güýçli aladalara getirjek zat bu işleriň şu wagt hem dowam edýän bolmagynyň mümkindigi.
Halkara atom energiýasy gullugynyň getirýän delilleri Birleşen Ştatlaryň aňtaw gulluklary tarapyndan 2007-nji ýylda berlen baha ters gelýär. Onda Tähranyň ýadro programmasyny durzandygy aýdylýardy. Eýranyň ýadro krizisinde köplenç bitarap aktýor diýip tanalýan Atom gullugynyň beýle ýiti hasabat çykarmakdan maksadynyň Tährana öz ýadro işleriniň özenini aýan etmegi üçin görkezilýän täze gysyşdygy belli zat.
Diplomatik çözgüde ýer
Norduň pikiriçe, Birleşen Milletler Guramasynyň atom häkimiýetleri bu meseläniň gyssaglydygyny nygtap, şol bir wagtyň özünde-de gepleşikler ýa diplomatik ýollar bilen gelnen çözgüde ýer goýupdyr:
—Halkara atom gullugy bu maglumatlary ortada goýýar. Ýöne olar Eýranyň harby ýadro programmasy bar diýip ýazanoklar. Olar muňa az galanda durupdyrlar. Munuň bir sebäbi olaryň täze zerurlygyň dörändigini bildirmek, şol bir wagtyň özünde-de dowul turuzmak islemedik bolmagy mümkin, ýagny halkara jemgyýetçiligini siz ýadro güýjüne eýe Eýrany ýa kabul etmeli ýa-da beýle bolmaz ýaly ony bombalamaly diýen ýagdaýda goýmak islemänligi.
Birleşen Milletler Guramasynyň gullugy Eýranyň barlagçylara jedelli ýerleri baryp görmäge ýol bermegini, uran baýlaşdyrmagy bes etmegini isleýär. Bu gullugyň hyzmatdaşlyk baradaky çakylygyny güýçlendirmek üçin BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Eýranyň garşysyna dört gezek sanksiýa girizdi. Ýöne Eýranyň resmileri BMG-niň atom häkimiýetleriniň özleriniň ýadro programmalarynyň özenini sorag astyna alýan hasabatlaryny dowamly ret edip geldiler. Olar täze hasabaty hem “nätakyk, esassyz aýyplamalary öz içine alýar” diýip, çykmanka ret etdiler.
Çykarylýan hasabatlar ýitileşdigiçe olary ýalana çykarmak Tähran üçin kynlaşýar. Norduň pikiriçe, Atom gullugynyň subutnamalaryny ýalana çykarmagyň bir aňsat ýoly bar:
—Muny subut etmegiň görnüp duranja ýoly Halkara atom energiýasy gullugyna bu ýerlere baryp görmäge rugsat bermek. Goý, olar Eýranyň aýdýany çynmy ýa däl, baryp görsünler, degişli adamlar bilen duşuşsynlar, degişli dokumentleri görsünler. Subut etmegiň aňsat ýoly şu, maglumat ýalňyş bolsa, edilmeli iş şu.
Ýöne Eýran muny şu wagta çenli ret edip geldi. Gullugyň barlagçylary diňe Eýranyň öz yglan eden ýerlerine baryp bilýärler. Bular hem, soňky hasabatdan çen tutsaň, Eýranyň ýadro ambisiýalarynyň diňe bir ujypsyzja bölegi.