Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Ajal söwdagäri” Wiktor But günäli tapyldy


Birleşen Ştatlaryň sudy “ajal söwdagäri” diýlip at berlen Wiktor Buty oňa bildirilýän jenaýat aýyplamalarynyň dört kategoriýasynyň hemmesi boýunça-da günäli diýip tapdy.
Birleşen Ştatlaryň sudy “ajal söwdagäri” diýlip at berlen Wiktor Buty oňa bildirilýän jenaýat aýyplamalarynyň dört kategoriýasynyň hemmesi boýunça-da günäli diýip tapdy.
Orsýetiň raýaty Wiktor Buty amerikan resmileri we aktiwistleri dünýäde iň bir uly gerimde bikanun ýarag söwdasyny amala aşyran şahsyýet hökmünde suratlandyryp gelýärler.

Onuň köpsanly galp atlary we pasportlary ulanyp, dünýäniň dürli künjüne, şol sanda, “Talyban” söweşijilerinden başlap, Liberiýanyň ganojak lideri Çarlz Teýlora çenli ýarag satmak bilen meşgullanandygy aýdylýar.

Şu hepdäniň çarşenbe güni Birleşen Ştatlaryň sudy “ajal söwdagäri” diýlip at berlen Wiktor Buty oňa bildirilýän jenaýat aýyplamalarynyň dört kategoriýasynyň hemmesi boýunça-da günäli diýip tapdy.

Hususan-da, ol terrorçylara raketalary satmak dildüwşüginde, amerikan kompaniýalary üçin işleýän işgärleri öldürmek dildüwşüginde, amerikan raýatlaryny öldürmek baradaky dildüwşükde we terror guramasyna maliýe goldawyny bermek dildüwşüginde günäli tapyldy.

Indi oňa bildirilen bu aýyplamalar boýunça sud özüniň gutarnykly hökümini geljek ýylyň 8-nji fewralynda çykarmaklygy planlaşdyrýar. Bu jenaýat aýyplamalarynyň umumy jemi boýunça suduň oňa azyndan 25 ýyl türme tussaglygyny ýa-da ömürlik türme tussaglygyny bermegi mümkin diýlip garaşylýar.

Sudda bildirilen bu aýyplamalaryň yzy bilen eden çykyşynda Manhetteniň federal prokurory Priit Bharara “Sud seljerişindäki subutnamalaryň görkezişi ýaly, Wiktor But kiçiräk bir ýurduň gözi gider ýaly derejede ýarag arsenalyny satmaga-da ukyply bir adam bolup çykýar” diýdi.

Aklawçysy şikaýat etmekçi

Emma, şeýle-de bolsa, Wiktor Butuň aklawçylaryndan biri Albert Daýan habarçylara beren interwýusynda suduň bu bildiren aýyplamalaryna garşy şikaýat bilen ýokarky suda ýüz tutmakçydygyny aýtdy.

“Umuman men özumiziň bu günki çykarylan karardan orän lapykeçdigimizi aýdasym gelýär. Ýöne munun özi biziň üçin prosesiň soňy däl. Biz häzirki çykarylan kararyň berjek netijelerine görä şikaýat etmekligi göz öňünde tutýarys, ondan soň bolsa Birleşen Ştatlaryň şikaýat suduna ýüz tutmakçy» diýip, aklawçy Albert Daýan belledi.

44 ýaşly Wiktor But ençeme ýyllaryň dowamynda ele salynman, gizlin hereket etmekligi başarypdy. Ýöne ahyrsoňy ol Birleşen Ştatlaryň agentleriniň geçiren düýpli operasiýasynyň netijesinde, 2008-nji ýylda Taýlandda ele salnypdy.

Şol operasiýada gizlin agentler Kolumbiýanyň Rewolýusion ýaragly güýçleriniň wekilleri hökmünde, ýarag satyn alyjylaryň rolunda Wiktor Butuň ynamyna giripdiler. Kolumbiýanyň bu gürrüňi edilýän guramasyny Waşington terror guramasy hasaplaýar. Şol tussag edişlikden soň, 2010-njy ýylda Wiktor But Taýlanddan Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ekstradisiýa edilipdi.

Orsýet öz raýatynyň Birleşen Ştatlara ekstradisýa edilmegini halkara normalarynyň gödek bozulmasy hökmünde häsiýetlendirip, muňa protest bildiripdi. Bu waka Waşington bilen Moskwanyň gatnaşyklarynyň belli bir derejede dartgynlaşmagyna-da getirdi.
XS
SM
MD
LG