Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

7 milliardynjy adam dünýä iner


Merkezi Aziýanyň bäş döwletinde çaga dogurmagyň görkezijisi her aýal üçin 2,5-e deň.
Merkezi Aziýanyň bäş döwletinde çaga dogurmagyň görkezijisi her aýal üçin 2,5-e deň.
Duşenbe güni 7 milliardynjy adamyň dünýä inmegine garaşylýar. Bu waka ýer ýüzündäki adamlaryň sany soňky 12 ýylyň içinde ýene-de bir milliard artdy diýmekdir.

Dünýäniň aglaba döwletlerinde çaga dogluşynyň derejesi gitdigiçe ýokarlanýan bolsa, bulardan tapawutlylykda Ukrainadaky ýagdaýlar başgaçarak. Kiýewdäki çaga dogrulýan merkezleriň birinde akuşer bölüminiň başlygy bolup işleýän Galina Marçenkonyň aýtmagyna görä, Ukrainada dünýä inýän çagalaryň derejesi ýurtdaky barha peselýän ilat sanynyň öwezini dolmakdan ejiz gelýär:

—Çernobyl wakalaryndan, ýagny 1986-njy ýyldan soň, çaga dogurmaklygyň derejesi göz-görtele peselip başlady. Bu wakalardan üç-dört ýyl geçensoň, adamlar çaga edinmekden hem howatyrlanyp başladylar. Häzir Kiýewde çaga dogurmaklygyň derejesi artýar, ýöne bu ýagdaý tutuş Ukraina degişli däl. Ukrainanyň obalarynda, regional merkezleri bilen deňeşdirilende, çaga dogurmaklygyň derejesi gözgyny ýagdaýda peçe gaçýar.

Ukraina dünýäde çaga dogurmaklygyň derjesiniň negatiw görkezijisi bolan onlarça ýurduň biridir. Eger-de bu ýurtlara has ýakyndan syn edilse, onda bärde bir täsin ýagdaý göze ilýär, bu-da: şol döwletleriň tas ählisi diýen ýaly ozal Sowet Soýuzynyň düzüminde bolan Ýewropa döwletleriniň bolmagydyr. Şol döwletleriň arasynda ozalky sowet respublikalary bolan Orsýet, Ukraina, Belarus, Latwiýa, Litwa, şeýle-de Sowet Soýuzynyň öňki ýaranlary Bolgariýa, Wengriýa we Rumyniýa hem bar.

BMG-niň golaýda ýaýradan “Dünýäde ilat sanynyň ýagdaýy 2011” atly hasabatyndan çen tutulsa, onda Orsýetde ortaça ömrüň derejesi erkekler üçin 63 ýaş, aýallar üçin bolsa 75 ýaşa deň.

Orsýetde, Ukrainada we Belarusda ýylda her müň adamdan ölýänleriň sany 14,3-e deň. Gürrüňi gidýän bu üç ýurtda adam ölüminiň esasy sebäpleriniň käbirleri: alkogolly içgileriň çakdanaşa sarp edilmegi, şeýle-de iýmitiň hiliniň pes bolmagydyr.

Ýaş wagty maşgala gurmak däp-dessurlary has berk berjaý edilýän jemgyýetlerde çaga dogurmagyň derejesi has ýokarydyr.
Ýaş wagty maşgala gurmak däp-dessurlary has berk berjaý edilýän jemgyýetlerde çaga dogurmagyň derejesi has ýokarydyr.


Merkezi Aziýanyň bäş döwletinde bolsa ýylda her müň adamdan ölýänleriň sany 6,6-a deň. Bu ýurtlarda ölümiň derejesiniň beýle pes bolmagyna sagdyn iýmit, maşgala agzalarynyň goldawy we alkogol içgileriniň az möçberde ulanylmagy ýaly faktorlar täsir edýär.

Sowet sistemasy döwründe aýal maşgalalaryň ählisi diýen ýaly deň derejede bilim alyp, doly iş güni zähmet çekýärdiler. Emma olar üçin wezipe basgançagyndan galmak belli bir derejede çäkli bolup galýardy. Munuň netijesinde-de, şol döwürlerde aýal maşgalalar has ýaş wagtlary durmuşa çykyp, çaga edinýärdiler.

Häzir ozalky Sowet Soýuzynyň düzüminde bolan ýewropa ýurtlarynda, umuman, edil beýleki günbatar döwletlerinde bolşy ýaly, aýal maşgalalar özleriniň göwreli bolmaklyk döwrüni ýigrimi ýaşlarynyň ahyryna, otuz ýaşlarynyň başyna çenli gaýra goýýarlar. Şeýlelikde bu aýallaryň has garaşsyz bolmagyna we maşgalalaryndaky maliýe kynçylyklary ýeňletmäge ýardam edýär.

Ýöne şol bir wagtda-da bu ilatyň sanynyň ösüşine hem öz oňaýsyz täsirini ýetirýär. Ýaş wagty maşgala gurmak däp-dessurlary has berk berjaý edilýän jemgyýetlerde bolsa, çaga dogurmagyň derejesi hem has ýokarydyr. Merkezi Aziýanyň bäş döwletinde çaga dogurmagyň görkezijisi her aýal üçin 2,5-e deň bolup, bu Orsýet ýa-da Ukraina bilen deňeşdirilende, iki esse ýokarydyr.

Ilat sanynyň kemelmegine başga faktorlar-da täsir edýär. Sowet Soýuzynyň dargamagy bilen, onuň düzümine giren respublikalaryň hemmesi bazar ykdysadyýetine birsydyrgyn geçip bilmediler. Munuň netijesinde şol ýurtlarda ilatyň uly bölegi iş gözleginde daşary ýurtlara gitmäge mejbur boldular. Bu hem öz gezeginde ilatyň artmagyna negatiw täsir etdi.

Redaktoryň goşmaçasy

Dünýäniň ilat sanynyň 7 milliarda ýetmegine garaşylýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat fondy (UNFPA) bu ugur boýunça mümkinçiliklere we öňde durýan meselelere ünsi çekmek maksady bilen täzelikçi global kampaniýa ýolbaşçylyk edýär. Saz proýekti “Playing for Change” BMG-niň Ilat fondy bilen hyzmatdaşlyk edip, şeýle möhüm pursadyň global gimni hökmünde "United" (Birleşen) ady bilen ýörite aýdym düzdi.

XS
SM
MD
LG