Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermeni hökümeti oppozisiýa bilen dil tapyşýar


“Ermenistanyň Milli Kongresi” partiýasynyň müňlerçe tarapdarlary Ýerewanyň “Azatlyk” meýdançasynda, 31-nji maý.
“Ermenistanyň Milli Kongresi” partiýasynyň müňlerçe tarapdarlary Ýerewanyň “Azatlyk” meýdançasynda, 31-nji maý.

Şu günler Ermenistanda bolup geçýän wakalar öňki sowet respublikalarynyň köpüsinde oppozisiýanyň düýşünde-de gören zady däldir.


31-nji maýda ýurduň tanymal oppozision ýolbaşçysy Lewon Ter-Petrosýan Ýerewanyň esasy “Azatlyk” meýdançasyna ýygnanan 10 müňlerçe tarapdaryna oppozisiýanyň gepleşikler üçin goýan şertleri bilen hökümetiň ylalaşandygyny aýtdy.

Bu şertler ähli syýasy tussaglaryň boşadylmagy, raýatlaryň paýtagt Ýerewanyň merkezi meýdançasynda protest geçirmek hukugy ýaly talaplary öz içine alýar.

Ermenistanyň tanymal oppozision ýolbaşçysy Lewon Ter-Petrosýan tarapdarlaryna ýüzlenýär, Ýerewan, 28-nji aprel.
"Ermenistanyň Milli Kongresi" partiýasynyň başlygy Ter-Petrosýan bu şertleriň kabul edilmeginiň möhletinden öň saýlaw geçirmek ýaly beýleki iki esasy talap barada gepleşik geçirmäge ýol açandygyny belledi.

“Milli Kogresiň gün tertibi belli. Ol möhletinden öň prezidentlik we parlament saýlawlarynyň geçirilmegi. Ýöne bu häkimiýetleriň gün tertibine, olaryň muňa garşy getirjek delillerine üns bermeris diýildigi däl. Men kabul ederis diýemok, üns bereris diýýärin” diýip, Ter-Petrosýan aýtdy.

Köp wagtdan bäri tankytçylar tarapyndan 2008-nji ýylda geçen saýlawy ogurlanlykda aýyplanýan prezident Serž Sarkisýanyň hökümentiň gepleşiklere beýle garaşylmadyk ýagdaýda razylyk bermegine näme sebäp bolduka?

Ermenistanyň oppozisiýasynyň aýtmagyna görä, muňa sebäp bolan zat häzir Orta Gündogary sarsdyrýan protestler ýaly tolgunyşyklaryň ýüze çykmagyndan, başgaça aýdylanda, “ermeni baharynyň” gelmeginden edilýän gorky.

Ter-Petrosýan fewral aýyndan bäri bäş gezek köpçlikleýin üýşmeleň geçirdi. Ol hökümetden möhletinden öň saýlaw geçirmegi talap etdi ýa-da Mubarek ýaly halk tarapyndan agdarylmak barada duýduryş berdi.

1-nji martda geçen üýşmeleňde paýtagtyň “Azatlyk” meýdançasyna 10 müňlerçe adam ýygnandy.

Täzeçe çemeleşme

Ýöne bu protestleriň güýjemänligi, Ter-Petrosianyň özüniň hem üýşmeleňden soň halky “Tahrir” meýdançasyndaky ýaly goş basyp ýatmaga däl-de, öýlerine dolanmaga çagyrmagy ermeni syýasatyndaky täzeçe çemeleşmede başga faktorlaryň hem rol oýnaýandygyny çaklamaga esas döredýär.

Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisýan
28-nji maýda Sarkisýanyň özi: “Bu edilmeli dogry işdi” diýdi. “Adamlaryň bähbitleri we hukuklary kollektiwleýin milli bähbit ýaly mukaddes. Bir güýçli goşunyň bolmagy gowy zat. Ýöne güýçli, erkin we goragly raýatlaryň bolmagy ondan hem gowy. Erkin raýat hem daşarky duşmanlara hem-de içerki bikanunçylyklara garşy iň ynamdar galkan”.

Ýöne prezident Sarkisýanyň oppozision lider Ter-Petrosýan bilen gepleşik geçirmegine getiren başga sebäpler hem bar. Bularyň biri arada üçünji şahsyýetiň bar bolmagy. Ol 1998-nji ýyldan 2008-nji ýyla çenli Ermenistana prezidentlik eden Robert Koçarýan. Koçarýandan olaryň ikisi hem çekinýär.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton we Döwlet departamentiniň ýokary derejeli beýleki resmileri hem Sarkisýany oppozisiýa bilen gepleşik geçirmäge yzygiderli çagyryp geldiler. Bu çagyryşy Ýewropa Bileleşigi hem etdi.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Ermeni gullugynyň direktory Hrair Tamrazýan Ermenistandaky syýasy gatlaklarda täze optimistik duýgularyň göze ilýändigini belleýär: “Režimiň üýtgedilmegine çagyryp gelen oppozisiýanyň we oppozision şahsyýetleri türmä dykyp gelen hökümetiň dialogyň, erkin hem adalatly saýlawlaryň zerurdygy barada gürrüň etmegi syýasy medeniýetde ýetilen täze bir sepgit”.

Emma, Tamrazýanyň aýtmagyna görä, işiň iň kyn tapgyry entek öňde: “Bu özgerişlikleriň hemişelik bolmagy üçin bize demokratik organlar gerek, mysal üçin, garaşsyz sud sistemasy bolmaly. Saýlawlar golaýladygyça möhüm sorag peýda bolýar: partiýalaryň arasyndaky syýasy dawalary ýeňip geçmek üçin diňe optimizm ýeterlikmi? Ýöne häzir ermeni syýasatynyň derdine derman ýaly täsir edýän zat syýasy tussaglaryň türmeden boşadylmagy we taraplaryň dialoga ozal görlüp-eşidilmedik derejede meýil görkezmegi”.
XS
SM
MD
LG