Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi Muammar Kaddafiniň režimine garşy sanksiýa girizmek barada rezolýusiýa kabul etdi. Bu rezolýusiýa ýarag embargosy, Kaddafiniň we onuň ýakyn garyndaşlarynyň we hökümetiniň ýokary derejeli agzalaryna bașga ýurtlara barmak gadagançylygy, olaryň mülkleriniň we baýlyklarynyň doňdurylmagy ýaly çäreleri öz içine alýar.
Taslamasy Amerikanyň Bileşen Ştatlary, Britaniýa, Fransiýa we Germaniýa tarapyndan taýýarlanan bu rezolýusiýada: “Protestçilere garşy ulanylan zorluk barada edilýän arza-şikaýatlara Gaagadaky Halkara jenýat sudy garamaly” diýilýär.
Diplomatlaryň aýtmagyna görä, 1970 nomerli bu rezolýusiýa dünýäniň iň ýokary ýerine ýetiriji organy üçin möhüm sepgit bolup durýar. Sebäbi muny, başga ýagdaýlarda o diýen ylalașyp durmaýan Hytaý bilen Orsýet hem goldady.
Möhüm ädim
BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Mun rezolýusiýany möhüm ädim diýip atlandyrdy: “Bu tekst adam hukuklarynyň gödek bozulmagyna çydamlylyk görkezilmejekdigini, agyr jenaýatlara jogapkärlerden hasap soraljakdygyny aňladýar. Men Liwiýa muňa düşüner we berk üns berer diýip, umyt edýärin. Şeýle hem bu şindi-de howp astyndaky adamlara umyt we ynjalyk berer diýip, umyt edýärin”.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili Sýuzan Raýs hem: “Bu agzybirlikli kabul edilen rezolýusiýa bigünä adamlary öldürmegi bes etmegi üçin Kaddafi režimine berilýän duýduryş” diýdi.
“1970 nomerli rezolýusiýa güýçli rezolýusiýa. Ol Liwiýanyň esasy ýolbaşçylary barada sapar gadaganlygyny, mülkleriniň we baýlyklarynyň doňdurylmagyny öz içine alýar. Munda Liwiýanyň hökümetiniň öz halkyna hüjüm etmek üçin hakynatutma adamlardan peýdalanmagyna garşy täze ädimler ädilýär. Howpsuzlyk Geňeşi ilkinji gezek biragyzdan adam hukuklarynyň ýaramaz ýagdaýyny Halkara jenaýat sudunyň garamagyna berdi” diýip, Raýs aýtdy.
Halkara jenýat sudunyň protestçilere edilen zulum-sütem barada derňew geçirmeginiň biragyzdan oňlanmagy rezolýusiýanyň bir möhüm tarapy boldy. Bu suduň agzasy bolmasa-da, muny ilkinji gezek Birleşen Ştatlar-da goldady, Orsýet bilen Hytaý-da şeýle.
Liwiýaly ilçi Kaddafini ýazgardy
Diplomatlaryň aýtmagyna görä, Hytaý, Orsýet we Birleşen Ştatlaryň muny goldamagynda uly rol oýnan Liwiýanyň BMG-däki ilçisiniň ýazan haty. Liwiýanyň BMG-däki ilçisi Abdurrahman Şalgam 25-nji fewralda gözünden ýaş akdyryp, Kaddafini ýazgardy. Ol ondan ozal ony hemişe “köne dost” diýip atlandyrýardy.
Ilçiniň orunbasary Ibrahim Dabbaşi bolsa, Kaddafiden 21-nji fewralda ýüz öwürdi. Bularyň ikisi-de indi özleriniň Liwiýa halkyna hyzmat edýändiklerini aýdýarlar. Dabbaşi: “Biz režimiň şu gün kabul edilen rezolýusiýa barada oýlanmagyna garaşýarys, režim bilen hyzmatdaşlyk edýänleriň hem pozisiýasyny düzedip, liwiýa halkynyň tarapyna geçmegine garaşýarys” diýdi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Ban Ki-mun Liwiýadaky ýaramaz işleriň togtadylmagy üçin BMG bilen Birleşen Ştatlar tarapyndan ýene nähili çäreleriň gerekdigi barada pikir alyşmak üçin üstümizdäki hepdede prezident Barak Obama bilen duşuşar.
Liwiýany BMG-niň Adam hukuklary geňeşinden çykarmak meselesini maslahatlaşmak üçin hem Baş Assambleýa şu hepde ýygnak geçirer. Liwiýany bu Geňeşden çykarmak üçin gurama agza 192 döwletiň üçden iki böleginiň sesi gerek.