Geçen asyryň 82-nji ýylynda, Mollanepes adyndaky drama teatrynyň oba-şäher söküp gastrolda gezen toparyna ýolbaşçylyk edip ýörkäm, Türkmengala topragyna ýolumyz düşüpdi. Şonda şabram şelpeleriň ussady, meşhur bagşy Gurt Ýakubyň hassa düşeginde ýatandygyny eşidip, halyny soramaga bardym. Halypanyň haly teňdi. Her niçigem bolsa, heniz dilden-agyzdan galman ekeni. Salam-helikden soň ýaşuly meniň näme pişeler bilen meşguldygymy sorady.
“Aý, goşgujykmy, hekaýajykmy, kämahal çyrşaşdyran bolýan. Belki, uzagyndan bir zatlar çykaýady-da” diýdim.
Gurt Ýakup esli wagt içini hümledip ýatdy-da, soňra asla garaşmaýan gepimi dile getirdi: “Eger gara çynyň bilen çyrşaşdyrmaýan bolsaň, başga bir döwletliräk, ile-güne ýaraýjak işe baş goşaýmaly ekeniň, ogul. Ölmejek adam ýokdur, irde-giçde başyň ýassyga ýetende ökünmejek bolgun. Ynha, meniň hal-ýagdaýym-a görüp otyrsyň, düşekden galmajagyma gözum ýetip dur. Dogrymy aýtsam, öljegime birjigem gynanamok, meni diri ýakyp oturan zat – kyrk dört dessany özüm bilen gabra alyp barýan... Eger senem edebiýatyň bir gyrasyndan jyklan bolsaň, Magtymguly atamyz, «Yşk mülküniň şasy» Mollanepes, molla Kemine, molla Gerkeziň ýegeni Zelili, Annagylyç Mätäji, golunda galamdyr gylyjy deň oýnadan Seýdi, Magrupy, Kätibi ýaly lähenleriň hatarynda Nurmuhammet Andalyp atly şahyryňam, üns beren bolsaň, ýeri garalyp durandyr. Onun döwet-galamyndan çykan dessanlaryň belli bahasy bolmaz. «Leýli – Mejnun» diýermiň, Ýusup – Züleýha», «Babaröwşen», «Melike – Mährinigär», «Zeýnelarap» diýermin, haýsyny bijebaşy etjegiňem bilmersiň...»
Ýeri gelende bellesek, «baky mizemez Soýuz» stoluň üstünden ýere gaçan hrustal kimin dyr-pytrak bolmazdan has öňräk, Sowetler zamanynda, ýagny 1980-nji ýyllaryň ikinji ýarymynda, Nurmuhammet Andalybyň doglan gününin 325 ýyllygyny bellemek barada köp aladalar edilipdi, emma “näbelli sebeplere görä” ol ýubileý dabarasy geçirilmän galdy.
Ömri gysga gelen “ömürlik prezidentiň” tagallasy bilen diňe Andalybyň däl-de, öňki-soňky ýazyjy-şahyrlaryň, sungat hem medeniýet işgärleriniň ählisiniň ýubileýleri golsuz perman arkaly ýatyrylypdy.
Gurt Ýakubyň welilik bilen aýdan sözleri «temeni haltada gizläp» bolmaýandygyny aňryýany bilen subut etdi. Türkmen aýtmyşlaýyn, o biriniň ýalňyşyny bu biri düzetmeli boldy. Täze prezidentiň kararyna laýyklykda, 2011-nji ýylyň 10-12-nji martynda «Oguznama», «Sagdy – Wakgas» ýaly uly poemalar bilen bir hatarda ajaýyp gazallar mirasyny galdyryp giden nusgaýy şahyr Nurmuhammet Andalybyň hormatyna Daşoguz topragynda «Nurmuhammet Andalyp we Gündogaryň edebi-medeni durmuşy» atly halkara ylmy maslahat geçiriler.
Men Magtymgulyny okap,
Köp sözüni etdim togap,
Kemi barmy – beriň jogap?
Şol şahyry gözledim men.
Bu setirleriň awtory, garagalpak şahyry Berdak: “Kitap gördüm Andalypdan” diýip, onuň beýik poeziýasyna sežde edipdi.
Bir dileg-arzuw bilen sözümi jemlesem, ol geçiriljek dabara uly iliň yhlasynyň hem ýerine düşdügi bolardy. Emelsiz gödeklik bilen güneşiň öňüne tutuljak bolnan gara perdäniň, hernä, ymykly syryldygy bolsun-da.
Şiraly Nurmyrat Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.