Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Žurnalistler söz azatlygy ugrunda göreşýärler


Dagystanda orsça çykýan “Çernowik” atly garaşsyz hepdeligiň habarçysy Nadira Isaýewa Nýu Ýorkda, 23-nji noýabr.
Dagystanda orsça çykýan “Çernowik” atly garaşsyz hepdeligiň habarçysy Nadira Isaýewa Nýu Ýorkda, 23-nji noýabr.
Düýbi Nýu Ýorkdaky Žurnalistleri goramak boýunça komitetiň (CPJ) metbugat azatlygy boýunça Halkara baýragyny 2010-njy ýylda dört žurnalist aldy. Olar hüjümler, haýbat atmalar ýa-da türme tussaglygy bilen ýüzbe-ýüz durandygyna garamazdan, metbugat azatlygyny goramakda batyrgaýlyk görkezendigi üçin Halkara baýraga mynasyp boldular.

Dogry söz üçin tussaglyk

Ony alanlaryň biri eýranly žurnalist Muhammet Dawari atly žurnalist "Kahrizak" wagtlaýyn tussaghanasynda 2008-nji ýylda bolan eýmenç wakalar barada wideoýazgy taýýarlandan soňra, häkimiýetleriň gazabyna duçar boldy. Dawariniň wideoýazgysynda wagtlaýyn tussaghanada oturanlar ol ýerde zorlanandygy we gynalandygy barada gürrüň berdiler. Dawari bulary “Sahem Nýus” atly internet sahypada çap etdi.

"Kahrizak" wagtlaýyn tussaghanasy 2009-njy ýylyň iýulynda ýapyldy. Muňa Dawariniň jemgyýetçilige ýaýradan maglumatlary hem täsir etdi. Emma žurnalist 2009-njy ýylyň sentýabrynda tussag edildi we “režime garşy pitnede” aýyplanyp, bäş ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. “36 ýaşly Dawari häzir Tähranyň golaýyndaky berk düzgünli Ewin türmesinde” diýip, žurnalitsleri goraýan komitet habar berýär.

Komitetiň Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika programmasynyň koordinatory Muhammet Abdel Daýem
Daweriniň baýragyny düýbi Nýu Ýorkdaky komitetiň Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika programmasynyň koordinatory Muhammet Abdel Daýem alar. Sebäbi Dawari türmede we geçen sekiz aýda onuň maşgalasy ýa-da aklawçysy bilen habarlaşmaga rugsat edilmedi. Žurnalistiň ejesi oglunyň türmede gynalandygy barada BMG-niň baş sekretary Ban Ki-muna hat ýazdy.

Daweri student wagty ýaşlykda Eýran-Yrak urşuna meýletinlikde gitdi we aýagyndan, gözünden ýaralandy. Türmede žurnalistiň saglygynyň has-da ýaramazlaşandygyny maşgalasy habar berdi.

Žurnalistleri goraýan komitetiň koordinatory Abdel Daýemiň sözlerine görä, Eýran režimi garaşsyz ýa-da oppozision žurnalistlere potensial diwersant hökmünde garaýar. Bu metbugaty bogmagyň örän ters netije berýän tilsimi we ol Eýranyň raýatlaryna zeper ýetirýär. Emma ol ahyrynda yslam respublikasynyň abraýyna hem zyýan edýär diýip, Abdel Daýem belleýär.

Zenan žurnalistiň batyrgaýlygy

Düýbi Nýu Ýorkdaky komitetiň baýragyny alan ikinji žurnalist orsýetli 31 ýaşly Nadira Isaýewa. Ol Dagystanda orsça çykýan “Çernowik” atly garaşsyz hepdeligiň habarçysy. Nadira terrorizme garşy döwlet edaralarynyň ulanýan metodlaryny tankytlaýan makalalary çap etmek bilen özüni juda agyr ýagdaýda goýdy diýip, žurnalistleri goraýan komitet belledi.

Nadira özüne berlen baýragy almak üçin geçen hepde Amerika bardy. Emma ol pasportynda wizasy bolsa-da, ABŞ-a girmegiň ýeňil düşmändigini we immigrasiýa gullugynyň başlygynyň tagallasy bilen Amerika girendigini aýtdy. Nadira Nýu Ýorkuň ilatynyň musulman milli eşigine öran çydamlydygyna haýran galandygyny sözüne goşdy. “Hatda Dagystanyň käbir regionynda hem bular ýaly däl” diýip, ol nygtaýar.

Ykdysatçy Nadira “Çernowik” hepdeligine 2004-nji ýylda işlemäge bardy. Hepdelik bary-ýogy bir ýyl mundan öň çap edilip başlanypdy. Onuň tiražy 12 müň çemesi bolsa-da, örän köp okalýan neşir. Nadira esasan howpsuzlyk edaralarynyň bidüzgünçiligi we regiondaky gozgalaňçylar barada makala ýazýar.

Isaýewa öňki gozgalaňçy Rappani Halilow bilen interwýusyny çap edenden soňra, ýerli häkimiýetler 2008-nji ýylda kabul edilen ekstremizme garşy kanun boýunça žurnalistiň garşysyna jenaýat işini açdylar. Halilow häkimiýetleri korrupsiýada we garyndaşparazlykda aýyplady. Eger günäli hasaplansa, onda žurnaliste sekiz ýyl türme tussaglygynyň berilmegi mümkin.

“Çernowik” oppozisiýanyň neşiri diýilse-de, Isaýewa bular ýaly ýarlygy halamaýandygyny we hepdeligiň “Wedomosti” ýaly deňagramly, garaşsyz bolmagyny isleýändigini aýdýar. Ol Moskwadan federal subsidiýalara garaşmagyň we şolaryň hasabyna ýaşamagyň ýerli ilatyň, ylaýtada ýaş nesiliň psihikasyna zyýanly täsir edýändigini sözüne goşdy.

“Bu dotasiýanyň hasabyna ýaşamaga endik eden regionyň problemasy. Hut şol sebäpli özbaşdak pikirlenmek, ilatyň bol-elin ýaşamagyny esasy wezipe hasaplaýan döwlet gullugy emele gelýär. Emma şol gulluk kadaly karýera basgançaklary däl-de, korrupsiýa arkaly emele gelýär” diýip, Nadira Isaýewa aýdýar.

Efiopiýaly we wenesuelaly žurnalistler hem düýbi Nýu Ýorkdaky komitetiň Halkara baýragyna mynasyp boldular.
XS
SM
MD
LG