Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama: “Biz uzak möhletli ösüş ugrunda göreşýäris”


Obama korrupsiýany adam hukuklarynyň düýpli bozulmagy diýip atlandyrdy.
Obama korrupsiýany adam hukuklarynyň düýpli bozulmagy diýip atlandyrdy.
ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Birleşen Milletler Guramasynyň forumynda eden çykyşynda “Müňýyllygyň ösüş maksatnamasy” dogruda edilen öňegidişlikler hakda durup geçdi. BMG tarapyndan 2000-nji ýylda kabul edilen bu strategik programmada 2015-nji ýyla çenli dünýädäki garyplygy ep-esli çäklendirmek göz öňünde tutulýar.

Obama ädilen ädimlere salgynayp, on millionlarça çaga üçin okuw ýagdaýynyň gowulanandygyny, ysytmanyň we inçekeseliň azalandygyny, arassa agyz suwunyň elýeterliliginiň artandygyny belledi. Prezident: “Dünýäde ýüz millionlarça adam gedaýlykdan çykdy, ýöne edilmeli işler entegem köp” diýdi.

“Ýöne göz öňünde tutulan beýleki maksatlar barada öňegidişlige beýle çalt ýetilmändigini hem bellemek gerek. Beýle öňegidişlik her ýyl ýaş üstünden gidýän ýüz müňlerçe zenana, iýmit ýetmezçiliginden ölýän millionlarça çaga, açlyk betbagtçylygyndan ejir çekýän bir milliarda golaý adama ýetdirenok” diýip, Obama aýtdy.

Amerikan prezidenti halkara kömek syýasatyny ýagdaýa uýgunlaşdyrmak üçin Birleşen Ştatlaryň öz ösüş programmasyny giňişleýin gözden geçirendigini bildirdi. Ilkinji özgeriş “ösüşiň” nähili kesgitlenişi hakda. Ösüş kömegi ozaldan gelýän metod boýunça iýmite we dermana pul çykdajy etmek bolsa, onda munuň kömek alýan ýurtlaryň garyplykdan bolelinlige çykmagyna peýdasy degenok.

Diplomatiýa we söwda

Prezident: “Diplomatiýa we söwda, maýa goýum syýasatynyň üýtgemegi bilen bu hem üýtgemeli” diýdi. Ol sözüni şeýle dowam etdi: “Ýöne ösüş maksady, edil şu wagt nämäniň has zerurlygy, haýsy ýere indi goldaw gerek däl diýen ýagdaýy döredýär. Şol sebäpden biz halkynyň aladasyny etmek üçin öz başarnygyny güýçlendirmek isleýän ýaranlary gözleýäris. Biz uzak möhletli ösüş ugrunda göreşýäris”.

BMG-niň gelen netijesi boýunça köp ýerlerde abadançylygyň öňüni gabap duran iň uly, ýeke-täk böwet korrupsiýa. Obama korrupsiýany adam hukuklarynyň düýpli bozulmagy diýip atlandyrdy: “Biziň indi nebit-gaz we dag-magdan kompaniýalaryndan daşary hökümetlere tölenýän tölegleriň üstüni açmak üçin maýany Birleşen Ştatlarda toplamagy talap etmegimiziň sebäbi şol. Meniň G-20 toparyndan korrupsiýany gün tertibinde goýmak bilen, öz halkynyň puluny ogurlaýan resmileriň işini kynlaşdyrmaga çagyrmagymyň sebäbi şol”.

Birleşen Ştatlar öten ýyl Birleşen Milletler Guramasyna 598 million dollar bölüp berdi. Ýöne ägirt güýç bolsaň-da, dünýäniň hemme problemasyny ýekelikde çözüp bolanok.

Obama: “Hemme ýerde hemme zady bir ýurt edip bilmez. Öz maksatlarymyzy amala aşyrmak üçin biz gowy ýaranlarymyzy, gowy täsir edip bilýän ýerlerimizi saýlap tutmaly. Hiç bir hökümetiň bu işi edip bilmeýşi ýaly, bu ýeke hökümetleriň işi bolmaly däl. Fondlar, hususy sektor we hökümete degişli däl guramalar taryhy borçlary öz üstlerine almak bilen nähili zatlaryň mümkindigini täzeden definirlediler” diýip nygtady.
XS
SM
MD
LG