Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-de terjimeçilik çylşyrymly iş


BMG-niň Terjimeçilik bölüminiň dilmajy Nadine Pokorski rusçadan fransuzça terjime edýär, mart, 1948-nji ýyl.
BMG-niň Terjimeçilik bölüminiň dilmajy Nadine Pokorski rusçadan fransuzça terjime edýär, mart, 1948-nji ýyl.

Liwiýanyň ýolbaşçysy Muammer Kaddafiniň öten güýz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assamleýasynda eden 96 minutlyk çykyşynda geçen minutlara onuň dilmajyndan başga hiç kim üns bermedik bolsa gerek.

Kaddafiniň özi bilen Liwiýadan alyp gelen şahsy terjimeçisi ýolbaşçynyň kä gaharly, kä kineli sözlerini arapçadan iňlis diline 75 minuta golaý terjime etdi, ýöne ondan artyk tap getirip bilmän, ysgyndan düşdi. Onsoň bu işi başga biri dowam etdirmeli boldy.

Müsürde doglan Hossam Fahr Birleşen Milletler Guramasynyň terjime gullugynyň başlygy. Ol: “Kaddafiniň terjimeçisi bir dilmaçdan garaşylýanyndan has ýokary iş bitirdi” diýýär.

“Bu bir adatdan daşary ýagdaý. Sebäbi agza döwletleriň ählisi öz dilmaçlaryny getirmäge hukukly. Olar öz işlerini edip otyrkalar, 75 minutdan soň, olaryň biri ysgyndan düşdi. Ol bir öwgä mynasyp adam. Şol ýagdaýda gaty gowy iş bitirdi” diýip, Fahr aýdýar.

Terjimeçilik işine adaty adamlar kän bir ähmiýet berip ýörenok welin, ýöne bu aýratyn-da Birleşen Milletler Guramasynda diýseň çylşyrymly, agyr iş bolup durýar.

Ýylda bir gezek geçýän Baş Assamleýa agza döwletleriň ählisi ýygnanýar. Onsuzam Guramanyň Geňeşleriniň, Komissiýalarynyň, neşirleriniň gündelik işleriniň özi 460-a golaý dilçiniň bu işler bilen dowamly meşgul bolmagy üçin ýeterlik.

“Öz işleriniň ussady”


Kaliforniýada ýerleşýän halkara barlaglary baradaky Montereý Institutynyň konferensiýa dilmaçlygy boýunça programmasynyň başlygy Barry Olseniň aýtmagyna görä, Birleşen Milletler Guramasynyň dil spesialistleri öz işleriniň ussady: “Birleşen Milletler Guramasyna işleýän terjimeçiler ýa dilmaçlar öz işlerinde ýokary derejä ýeten adamlar. Bu abraýly gurama. Dil işi hem ýokary düzgünde geçýär”.

Birleşen Milletler Guramasynda resmi iş dili iňlisçe we fransuzça. Ýöne onuň resmi dokumentleri, neşirleri bu iki dilden daşgary arap, hytaý, ors we ispan dillerine hem terjime edilýär.

Guramanyň dilmaçlary köplenç soň öwrenen dillerinden öz ene dillerine terjime edýärler. Ýöne arapça we hytaýçada bolşy ýaly, ökde terjimeçiler tapylmaýan dillerde olar hem soň öwrenen dillerine hem-de ene dillerine terjime edýärler.

Käte ýalňyşlyk hem bolman duranok.

“Biz dil işgärlerimizden gaty köp umumy bilime, ýokary derejedäki okuw we intellektual bilesigelijilige garaşýarys. Olar dowamly täze zatlar öwrenmeli. Bizi çynlakaý halkara krizisiniň bir gyrasyna getiren elhenç ýalňyşlyklaryň bolmanlygynyň sebäbi şu bolsa gerek” diýip, Birleşen Milletler Guramasynyň iňlisçe terjime gullugynyň öňki başlygy Stephen Sekel belleýär.
XS
SM
MD
LG