Kosmos ýaryşyna seretseň, bu delilsiz hem däl. Kosmosa ilkinji bolup, 1961-njy ýylda adam çykaran Sowet Soýuzy boldy. Hytaýa bolsa bu iş ýaňy 2003-nji ýylda başartdy.
Ýöne bu iki ýurtda ýylda neşir edilýän ylmy makalalaryň sany barada ýaňy geçirilen barlagyň netijelerine seredeniňde, “Orsýet öňde, Hytaý yzda” diýen pikir indi esassyz görünýär.
“Thompson Reuters” habar agentliginiň düýn ýaýradan hasabatynda aýdylyşyna görä, dünýäniň ylmy žurnallarynda neşir edilýän makalalaryň 8,4 prosenti Hytaý alymlarynyň barlaglarynyň paýyna düşýär.
Geçen bäş ýyllyk döwri nazara alanyňda, dünýäde neşir edilen ylmy barlaglara Orsýetiň goşan goşandy diňe 2,6 prosent. Bu ugurdan 2,9 prosent orun alan Hindistan hem Orsýetden öňe düşdi.
“Orsýet global ylym sahnasynda öňküsi ýaly güýçli rol oýnamaýar” diýen şübhe alymlar arasynda ozal hem ýok däldi. Täze hasabat bolsa bu şübhäni has anyk tassyklady.
“Thompson Reutersiň” barlaglara baha beriş bölüminiň direktory Jonathan Adams: “Beýleki ýurtlar neşirlerini köpeldip ýörkä, Orsýet öz neşirlerini şol öňki möçberinde saklamak barada göreşdi” diýýär.
“Orsýetiň barlag bazasynyň bir kynçylygy bar. Munuň hem entek görnüp duran çözgüdi ýok. Ylmy institutlara hökümet tarapdan goýberilýän serişde ýetmezçilik edýär. Ikinjiden-de, ýokary bilimli ors alymlaryna beýleki ýurtlar uly mümkinçilikler berensoň, olar ýurtdan gidýär” diýip, Adams sözüniň üstüne goşýar.
Ylmy makalalaryň sany
Hytaýda ykdysadyýetiň ösmegi bilen birlikde neşir edilýän ylmy makalalaryň-da sany söňky ýyllarda artdy. Öten 10 ýyllykda ylmy barlaglaryň möçberi köpelip, Hytaý Birleşen Ştatlardan soň dünýäde ikinji orny eýeledi. 1998-nji ýylda onuň neşir eden ylmy makalalarynyň sany 20 müň bolan bosa, 2008-nji ýyla çenli bäş esseden hem aşyp, 112 müňe bardy.
Bu 10 ýylyň içinde Amerikan alymlary tarapyndan neşir edilen ylmy makalalaryň sany 1,4 esse artmak bilen 340 müňe ýetdi.
Alymlar: “Şu gidişine gitse, Hytaý üstümizdäki 10 ýyllykda Birleşen Ştatlardan öňe geçer” diýýärler.
Onsoň häzirkisi ýaly aşaklamagyny dowam etdirse, agzalan möhletde Orsýet nirä bararkan? Hasabatda bu barada öňe sürülýän pikir ýok. Ýöne ors alymlarynyň hökümeti ylmy barlag merkezlerini maliýe taýdan has berk goldamaga häli-şindi çagyrmagy bu ýagdaýyň olary eýýäm aladalandyryp ugranlygyny görkezýär.