Eýse, wagtyň geçmegi bilen toplanýan tejribeler we ykdysady ösüşler bu meselede orta gatlagyň peýdasyna işleýär diýip bolarmy? Soňky ýyllar dünýäniň dürli regionlarynda göze ilýän tejribeler munuň hakykatdanam şeýledigini görkezýän ýaly.
Mysal üçin, soňky ýyllarda Hytaýda, Hindistanda we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynda, şeýle hem Günorta Amerikada we ozalky Sowet Soýuzyna degişli bolan ýurtlarda täze telekeçiler gatlagy belli bir derejede ösdi. Bu gatlak, ýerli standartlara görä, öz gazanýan girdejileriniň azyndan üçden bir bölegini gündelik zerurlyklaryň daşyndan tygşytlap bilýän adamlardan durýar.
«The Economist» žurnalynyň globalizasiýa meselesi boýunça eksperti Jon Parker bu regionlardaky orta gatlagyň statusyny şeýleräk düşündirdi: «Bu gürrüni edilýän adamlar günde 2 dollar bilen 10 dollar aralygynda girdeji alýarlar. Tutuş region boýunça alnanda, olaryň sany 2,5 milliardtöweregi, ýagny tutuş ösüp gelýän bazar ykdysadyýetindäki ilatyň ýarsyndan hem gowragy. Elbetde, Günbataryň standarty boýunça bu adamlar orta gatlaga degişli bolup bilmezler, emma olar bazarlary ösüp gelýän ýurtlaryň öz standartlary boýunça welin, özboluşly orta gatlagy emele getirýärler».
Jon Parker soňky birki ýylyň dowamynda bu täze orta gatlagyň dünýäniň ösüp gelýän bölegindäki ilatyň aglaba köplügine öwrülendigini aýdýar. Häzirki döwür bilen deňeşdirilende, 1990-njy ýylda bu orta gatlak bu regionlaryň ilatynyň bary-ýogy 33 prosentini düzýärdi.
Biri-birinden tapawutly
Elbetde, orta gatlagyň bu görkezijileriniň dürli ýurtlarda biri-birinden birneme tapawutlanýandygyny hem bellemeli. Mysal uçin, Hytaý bilen Hindistanda täze telekeçiler gatlagy görlüp-eşidilmedik derejede çalt depgin bilen ösýän bolsa, Orsýet we Gazagystan ýaly ýurtlarda ykdysadyýetiň energiýa resurslarynyň bahasyna garaşlydygyna görä, ösüşler daşgynlary we gaýtgynlary görkezýär.
Ýöne islendik ýagdaýda-da Ýewraziýa ýurtlaryndaky bu täze orta gatlagyň gerimi diňe giňemek bilen bolar diýlip garaşylýar. Bu orta gatlagyň kem-kem ösüp gidip oturmagy bilen bolsa, gelejekde bu gatlagyň ykbaly nähili bolar diýen sorag döreýär. Ýagny, başgaça aýdylanda, bu ýurtlarda orta gatlak demokratiýanyň ösmegine ýardam edermi ýa-da ol sosial durnuklylygy wada berýän awtoritar sistemalary goldarmy diýen sorag dikelýär.
Ynsanperwerlik tendensiýalarynyň ýetmezçiligi
Regiondaky köp synçylar Ýewraziýa regionyndaky täze telekeçiler gatlaklaryna Günbataryň orta gatlagyna mahsus ynsanperwerlik tendensiýalarynyň ýetmezçilik edýändigini belleýärler.
Mysal üçin, Günbatarda orta gatlaklaryň ynsanperwerligi graždan jemgyýetiniň köp möhüm çäreleriniň esasyny düzýär. Ýagny, bu gürrüňi edilýän ynsanperwerlik birgiden haýyr-sahawat fondlarynyň ýüze çykmagyna getirýär. Ol bolsa öz gezeginde ýeter-ýetmez gün görýänlere ýardam bermekden başlap, tebigaty goraýjy toparlary döretmek ýaly birgiden çäreleri öz içine alýar.
Emma mundan tapawutlylykda Ýewraziýa regionyndaky ösüp gelýän ýurtlarda aşa garyplar bilen aşa baýlaryň aralygyndaky orta gatlak üçin esasy maksat öz maliýe taýdan howpsuzlyklaryny berkitmekden ybarat.
Postsowet ýurtlarynyň köpüsinde şu günki esasy tendensiýa, ýene-de ozalkylary ýaly, haýyr-sahawata bagly işleri we sosial aladalary döwletiň garamagynda galdyrmak. Bu bolsa öz gezeginde jemgyýetiň ähli işine ýene-de döwletiň özüniň ýokardan berk kontrollyk etmegine hem-de orta gatlagyň jemgyýetdäki täsirlerini örän çäklendirilen ýagdaýda saklamagyna ýardam edýär.